Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

23:1118.05.2017
0
6609

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçy düzüminden goşa baýramçylyk — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi — diýip, Türkmen Döwlet habarlar Agentligi belleýär.

Milletiň Liderini Milli parlamentiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimizi nesilleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de olaryň belent parahatçylyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýan şanly sene bilen gutlap Döwlet Baştutanyna uzak ömür, berk jan saglyk we köptaraply döwlet we jemgyýetçilik işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň, Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň hem-de ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň adyndan iň gowy arzuwlar hem-de eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýaşamak we yhlasly zähmet çekmek bagty üçin çuňňur hoşallyk beýan edildi.

Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda — mundan çärýek asyr ozal Konstitusiýamyzyň kabul edilmeginiň özygtyýarly, hakyky demokratik, hukuk we dünýewi döwleti döretmek ýoluna düşen türkmen halkynyň iň täze taryhynda möhüm sepgidi alamatlandyrandygyny belledi. Hut şonuň üçin hem bu sene türkmenleriň öz garaşsyz, azat döwleti, milletimiziň agzybirligi we jebisligi baradaky hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Bu maksada türkmen edebiýatynyň beýik şahyry, Gündogaryň meşhur filosofy we ynsanperwer akyldary Magtymguly Pyragy öz eserlerini bagyşlady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Konstitusiýamyzyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ägirt uly ähmiýetli waka bolup, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň iri möçberli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmeleriň, döwlet garaşsyzlygynyň hem-de bitaraplygynyň binýatlaryny pugtalandyrmagyň, şeýle hem parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we tutuş adamzadyň bähbitlerine özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk ygrarly Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň hukuk binýadyny emele getirdi.

Esasy Kanunymyzyň täze rejelenen görnüşi ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň deňhukuklylygyny, kanunyň rüstemligini üpjün edýär, her bir raýatyň öz mertebesiniň we at-abraýynyň goraglylygyny kepillendirýär.

Konstitusiýamyzyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi adamlar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleri döredilen biziň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, adalatly jemgyýetiň kanunçylyk binýadynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir, onda syýasy köpdürlüligiň, köp partiýaly jemgyýetiň ykrar edilýändigi baradaky kadanyň berkidilmegi ýurdumyzda demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm sepgidi alamatlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň