Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi

21:5318.05.2017
0
22528

Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda milli senenamamyzyň iň şanly seneleriniň biri — Konstitusiýanyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilýär. Esasy Kanunyň kabul edilen gününi hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi birleşdirýän ählihalk baýramy türkmen halkynyň ruhy we demokratik ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär, milli bitewüligi hem-de agzybirligi dabaralandyrýar.

Asylly däbe görä, şanly sene mynasybetli dabaralar Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlandy. Bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy hem-de deputatlar, Aşgabat şäheriniň häkimi, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler ýygnandylar. Şeýle hem bu dabaralara jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň zähmetkeşler toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa binasynyň etegine demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezligini, türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, onuň eziz Watanymyzyň abraýyny we şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine beýik işlere taýýardygyny alamatlandyrýan ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, bu ýere ýygnanalaryň ählisi gül dessesini goýdular.

Ýurduň Esasy Kanuny özüniň esasy düzgünlerini saklap galmak bilen birlikde, amala aşyrylýan ägirt uly hem-de giň möçberli özgertmelere laýyklykda kämilleşdirilýän çeýe hukuk guraly bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşy babatda ýurdumyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini birleşdirdi. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti döretmäge hem-de raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek durmuş wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

Soňra aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi Magtymguly şaýolunyň ugrunda, beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň ýadygärliginiň öňünde geçirilen dabara gatnaşýarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyrynyň öçmez-ýitmez mirasyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenini goýýar. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, dabara gatnaşýan beýleki adamlar ýadygärligiň etegine ajaýyp bahar güllerini goýýarlar.

Şu gün adamlaryň müňlerçesi Aşgabadyň bu ajaýyp künjegine, beýik Pyragynyň ýadygärliginiň öňüne ruhubelentlik bilen geldi. Bu ýerde ýene-de garaşsyzlygyň, halkymyzyň agzybirliginiň, mähriban topragymyzda parahatçylygyň we asudalygyň belent senasy hökmünde beýik şahyryň öçmez-ýitmez şygyrlary ýaňlandy.

Ençeme asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgeleri, Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ýaşaýan ynsanlaryň ählisine ýakyndyr hem-de düşnüklidir. Çünki hakyky zehiniň çägi ýokdur we ol ähli adamlaryň kalplaryny mähremlik hem-de söýgi duýgusyndan doldurmaga ukyplydyr. Bu ajaýyp bahar baýramçylygynyň nury eziz Watanymyzyň durmuşyny has-da ýagtylandyryp, täze üstünliklere hem-de ýeňişlere ruhlandyrýar.

Şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary geçirildi.

Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertleri dabaralaryň esasy bölegine öwrüldi. Olara ussat ýerine ýetirijiler, aýdym-saz hem-de tans we folklor toparlary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlaryny türkmen halkynyň häzirki bagtyýar eýýamyna, eziz Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine hem-de okgunly ösüşine, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgula bagyşladylar. Onuň döredijilik mirasy türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleri üçin bahasyz ruhy-ahlak gymmatlygy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň