Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Alaýy» Myrat Ýagşyýewiň pokeri bilen ýeňdi

01:4018.05.2017
0
1374

17-nji maýda ýurdumyzyň häzirki çempiony — Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň kubogy ugrundaky ýaryşda Gyrgyzystanyň çempiony — Oş şäheriniň «Alaý» futbol toparyny kabul etdi. Ýadyňyzda bolsa, «aragatnaşykçylar» bu yklym ýaryşynyň şu möwsümdäki ilkinji duşuşygyny hem «Alaý» bilen geçiripdi. Şol duşuşyk türkmenistanly futbolçylaryň peýdasyna tamamlanypdy. Umuman, «Altyn asyryň» juda üstünlikli geçirýän möwsüminde «Alaýa» ýekeje utuk hem gazanmak nesip edenok.

Myrat Ýagşyýew — «Alaý» — 4:0.

«Altyn asyryň» hüjümçisi Myrat Ýagşyýew, gürrüňsiz, duşuşygyň gahrymany. Onuň duşuşygyň 33, 42, 82 we 84-nji minutlarda geçiren dört goly bilen «aragatnaşykçylar» uly hasaply ýeňiş gazandylar. Myhmanlar bolsa, bu gollara M.Ahmedowyň ýekeje goly bilen jogap berip bildiler. Şeýlelikde, Myrat Ýagşyýew şu ýyl yklym ýaryşynda 5 gezek tapawutlanyp, Altymyrat Annadurdyýewden hem gowy netije görkezdi. Şeýle hem ol AFK-nyň kubogynda poker eden sanaýmalyja futbolçylaryň biridir. Bu ýeňişden soň, «Altyn asyr» toparçadaky utuk sanyny 13-e çykardy we AFK-nyň kubogynda bir möwsümde iň kän utuk toplap bilen türkmenistanly topar boldy. Bu bolsa yklymyň üçünji derejeli ýaryşy bolan Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Prezidentiniň Kubogynyň iň soňky ýeňijileri bolan türkmen futbolçylarynyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşynda-da barha öňe ilerleýändigini görkezýär.

Çärýek finala çykjak topar altynjy tapgyrda belli bolar

Tapgyryň beýleki duşuşygynda «Dordoý» «Istikloly» kabul etdi. Bu duşuşyk 1:4 hasabynda täjik futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, gollaryň tapawudy bilen «Istiklol» toparçadaky liderligini dowam etdirýär. 31-nji maýda geçiriljek 6-njy tapgyrda «Altyn asyr» «Istiklolyň» myhmany bolar. Şol duşuşyk hem toparçanyň ykbalyny kesgitlär. Nobatdaky duşuşykda ildeşlerimizi diňe ýeňiş kanagatlandyrýar. Deňlik bolsa «Istiklolyň» peýdasyna bolar. Göreliň, ildeşlerimiz AFK-nyň kubogynda iň netijeli çykyş eden möwsüminde taryhda ilkinji gezek toparçadan çykyp bilermikäler?

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň