Aşgabatda Aziada — 2017 nyşanly awtobuslar gatnawa çykdylar

04:5816.05.2017
0
12284

Aziada — 2017-niň nyşanlary bilen bezelen, Koreýa Respublikasynda öndürilen “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary hem-de şekili ýerleşdirilen häzirki zaman jemgyýetçilik ulagy paýtagtyň 8, 9, 34, 37 we 42-nji gatnaw ugurlary boýunça hereket eder.

Bu taslama Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oýunlary giňden wagyz etmek, olary uly baýramçylyk wakasy hökmünde mahabatlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda durmuşa geçirildi. Bu uly sport baýramçylygyna ak mermerli paýtagtymyz, ähli türkmenistanlylar hem-de halkara sport jemgyýetçiligi gyzyklanma bilen garaşýar.

Aziadanyň nyşanlaryny — ahalteke bedewiniň şekili, aýdyň öwüşginli tumar hem-de Wepaly atly alabaýyň suraty bilen bezelen awtobuslar ýolagçylarda baýramçylyk ruhubelentligini döreder hem-de şäheriň köçelerine özboluşly öwüşgin çaýar.

“Hyundai” kompaniýasynyň “Aero City” atly uly gabaraly şäher awtobusy şäher we şäherara gatnawlarynda giňden ýaýrandyr. Soňky ýyllarda Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan jemgyýetçilik ýolagçy ulag ulgamy üçin şeýle awtobuslaryň birnäçe ýüzüsi satyn alyndy. Ulanylýan awtobuslaryň sanynyň artdyrylmagy gatnawlaryň gerimini giňeltmäge hem-de olaryň gatnaw wagt aralygyny gysgaltmaga mümkinçilik berdi.

Giň hem amatly “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslarda oturylýan ýerler 23+1 mukdarynda we aýak üstünde durulýan orunlaryň sany 47-dir. Ýolagçylaryň awtobusa münmegi hem-de düşmegi üçin amatly bolar ýaly, awtobusyň öň tarapynda hem-de orta böleginde gapylary bardyr. Awtobusda ähli zerur zatlar: amatly howa şertini saklaýan kondisioner, erkin howa akymyny üpjün edýän enjam, ruly güýçlendiriji, manitola, güýçli sesli aragatnaşyk, içki yşyklandyryş, elektron sagat göz öňünde tutulandyr. “Aero City” awtobuslarynda oturdylan dizel hereketlendirijileri ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň