Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi

04:3916.05.2017
0
3688

Türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar.

Maslahatyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýanyň ulag kommunikasiýalar ulgamynda sebitiň ornunyň ýokarlanmagyna Hazarýaka ýurtlaryň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Yklym ugurlarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilen ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri strategik taýdan möhüm ulgamda goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegini, ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil, demir ýol we howa, şeýle hem netijeli logistika arkaly gatnatmak babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Halkara ähmiýetli döwrebap düzümi hem-de täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge, milli ulag operatorlarynyň gatnaşmagynda durnukly logistik halkalary döretmäge, ulag hyzmatlaryny artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder. Sebite maýa goýumlaryny çekmek, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, onuň täze ugurlaryny, şol sanda Hazar deňzi boýunça ýolagçy syýahatçylygyny guramak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Umuman, bularyň hemmesi Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine, olaryň halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň