Soňky habarlar

Arhiw

Altymyrat ANNADURDYÝEW: «Üstünligi topar gazanýar»

03:0516.05.2017
0
5282

Geçen möwsümde Diýarymyzyň çempiony bolan, Kubogyny hem-de Naýbaşy kubogyny gazanan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn Asyr» futbol toparynyň, şeýle hem, ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew — häzirki wagtda «aragatnaşykçylaryň» düzüminde AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda şowly çykyş edýän oýunçylaryň biri. Toparyň geçiren dört oýnunyň ählisinde-de tapawutlanan bu ezber hüjümçi bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirmegi makul bildik.

– Altymyrat, ilki bilen futbol älemine aralaşyşyň barada gürrüň beräýseň.

– Çagalykdan futbola bolan söýgi meni bu jadyly dünýä alyp geldi. Şunda kakamyň hem aýratyn goşandynyň bardygyny aýtmak isleýän. Ol tanymal futbolçy bolmasa-da, belki, oglunyň atly oýunçy bolup ýetişmegini isländir. Şol sebäpli hem futbola düýrmegim bilen berilmegi ýüregime düwdüm. Bu höwes meni on bir ýaşymda, 2004-nji ýylda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň Geljekki olimpiýaçylaryň futbol boýunça ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň «Dostluk» toparyna alyp geldi. Bu ýerde futbolda ilkinji ädimleri ädip başladym. Annasähet Annasähedow, Azat Şamyradow ýaly oýunçylar bilen kiçilikden bile türgenleşip, uly futbola geldik.

– Janköýerler sizi futzalçy hökmünde-de hormatlaýarlar.

– Aýagyma alan şikesim sebäpli köp wagtlap futbol oýnap bilmedim. Ýöne deň-duşlarym bilen häli-şindi kiçeňräk türgenleşikleri alyp barýardym. Şol wagtlar hem 2010-njy ýylda meni Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» futzal topary öz düzümine çagyrdy. Soňra «Arwanada-da» çykyş etdim. Şu ýerde hem toparyň tälimçisi Mergen Orazowdan futzalyň inçe tilsimlerini öwrendim.

– Futzaldan ýene futbola dolanmagyňa näme sebäp boldy?

– 2015-nji ýylda ýokary ligada çykyş edýän toparlaryň birnäçesinden teklipler gelip gowuşdy.Ýöne şol döwürde «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahalynyň» baş tälimçisi wezipesinde işlän, häzirki wagtda bu toparyň ýolbaşçysy Guwançmuhammet Öwekowyň teklibi maňa has täsirli bolup göründi.

Ilkinji resmi duşuşyga AFK-nyň Kubogynyň saýlama tapgyr oýnunda çykdym, Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» toparynyň garşysyna bolan bu duşuşykda ýeňiş getiren goly geçirmek miýesser etdi. Şol hem häzire çenli geçiren gollarymyň iň arzylysy bolup galdy. «Ahal» bilen şowly möwsüm geçirip, şol ýyl 22 goly derwezä salyp, netijeli oýunçylaryň sanawyna goşuldym.

– Bu, megerem, «Altyn Asyrdan» çakylygyň gelip gowuşmagyna getiren sebäpleriň biri bolsa gerek.

– Belki, şeýledir. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň tälimçilik edýän topary köpleriň üns merkezindedi. Zehinli oýunçylaryň ýygnanan toparyna goşulmak – her bir futbolçynyň arzuwy. Menem «Altyn Asyryň» çakylygyny kabul etdim. Garaşylyşy ýaly, geçen möwsümde topar öz öňünde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelip, çempionlygy, mümkin bolan Kuboklaryň ählisini gazandy.

– Indi AFK-nyň Kubogyndaky şowly çykyşlaryňyz barada belläp geçseňiz. Toparyň geçiren 4 oýnunyň ählisinde-de tapawytlanmagyňyz daşary ýurtly hünärmenleriňem ünsüni özüne çeken bolsa gerek. Beýle şowlulygyň sebäbi nämede?

– Men ähli babatda topardaşlaryma bil baglaýan. Geçirilýän gollar hem diňe meniň azabym däl, eýsem, tutuş toparyň: tälimçilerimiziň, oýunçylarymyzyň we ähli işgärlerimiziň bilelikdäki tagallasy. Stadiona gelip, bizi goldaýan janköýerleriň ýardamyny hem aýratyn bellemek gerek. Şu ýerde bir mysal getireýin: geçen tapgyryň duşuşygynda «Dordoýyň» garşysynda turuwbaşdan ajaýyp mümkinçiligi elden giderdim: derwezeçi bilen ýekeme-ýekä çykyp, dürs peýdalanyp bilmedim. Şonda-da , oglanlar meni goldady we ruhlandyrdy, görşüňiz ýaly, bu netije-de berdi. Agzybirlik – toparymyzyň üstünliginiň açary.

– Sözüň agzyňda, Altymyrat, Gyrgyz Respublikasynyň wise-çempiony Bişkek şäheriniň «Dordoý» toparynyň garşysynda tapawutlanmak siz üçin adata öwrülip barýar diýsegem boljak. Sebäbi «Ahalda» hem, «Altyn Asyryň» iki duşuşygynda-da bu topara gol geçirmek miýesser etdi.

– Muňa futbol diýilýär. Öňünden hasaplama ýöretmändim.Beýle netijä özümem garaşmadym. Bu peşgeşi maňa däl, toparyma ýapylan serpaý hasaplaýan.Toparyň esasy maksady AFK-nyň Kubogynda çykyş edýän toparçasynda birinji orny eýeläp, ýaryşy dowam etdirmek.

– Gysga wagtda gazanylan şeýle netijeler siziň milli ýygyndyň hataryna goşulmagyňyza sebäp bolandyr diýip pikir edýäs. Şeýle hem, milli ýygyndyda ilkinji resmi goluňyz barada durup geçseňiz.

– 2015-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady Amangylyç Goçumow milli ýygynda çagyrdy. Ýöne ilkinji resmi goly häzirki halypam Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda ýaňy-ýakynda Hytaý Taýpeýine garşy duşuşykda geçirdim. Garaz, şu möwsüm halkara derejeli ýaryşlarda görkeziljek netije – biziň üçin has möhüm. Milli ýygyndymyzyň Aziýa çempionatyna çykmagy üçin elmizden gelen kömegimizi gaýgyrmajakdygymyza köp sanly futbol janköýerlerini ynandyrasymyz gelýär.

– Altymyrat, ähli maksadyňyz myrat tapsyn! Size hem toparyňyza, şeýle-de, milli ýygyndymyza üstünlik arzuw edýäris. Gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

– Sizem sag boluň! Sözümiň ahyrynda ýurdumyzyň sport ulgamyny görlüp-eşidilmedik derejede ösdürýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň