Soňky habarlar

Arhiw

Ýokary liga — 2017: 12-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

00:5210.05.2017
0
1984

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Myhmanlaryň tapgyry: Tapgyryň iki duşuşygynda myhmanlar, bir duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

6 sany täzeje: Tapgyrda tapawutlanan futbolçylaryň 6-sy möwsümdäki ilkinji duşuşygyny geçirdi.

15 gol: Tapgyrda dört duşuşykda 15 gol (her oýunda 3,75) geçirildi, bu bolsa şu möwsümiň iň ýokary görkezijisidir.

58 futbolçy, 121 gol: 12-nji tapgyrdan soň, möwsümde 58 futbolçy 121 gol (her futbolça 2,08) geçirdi.

«Aşgabat» — «Köpetdag» — 1:1.

Gollar:

1:0, Ilýas Minhairow 74’

1:1, Baýram Nurlyýew 90+5’.

Birinji aýlawda: 0:2.

Ilkinjileriň duşuşygy: Şu duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň ikisi hem möwsümdäki ilkinji pökgüsini geçirdi.

11 utuk, 10 gol: Tapgyrdaky garşydaşlaryň ikisi hem bu deňlikden soň 11-nji utugyny gazandy we 10-njy goluny geçirdi.

«Turan» — «Ahal» — 0:4.

Gollar:

0:1, Myrat Annaýew 24’

0:2, Orazberdi Myradow 46’

0:3, Orazberdi Myradow 51’

0:4, Orazberdi Myradow 85’.

Birinji aýlawda: 0:3.

Ara açylýar: Bu ýeňişden we «Energetigiň» utuk ýitirmeginden soň, ýaryş tertibiniň lideri «Ahal» iň ýäkyn bäsdeşinden 3 utuk ara açyp, birinji orunda ymykly ornaşdy.

Bassyr 5 duşuşykda: Myrat Annaýew «Ahalyň» soňky geçiren 5 duşuşygynda hem tapawutlandy.

38 basgançak ýokary: Şu tapgyra çenli möwsümde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda 46-njy orunda ýerleşen Orazberdi Myradow tapgyrdaky het-triginden soň, 8-nji orna çenli ýokary galdy.

Ýene 0:4: «Turan» bassyr iki duşuşyk bäri 0:4 hasabynda ýeňilýär.

Diňe myhmançylykda...: Şu ýeňişden soň, «Ahal» möwsümde diňe myhmançylykda 10-dan kän gol geçiren ilkinji topar boldy — 12 gol.

«Merw» — «Şagadam» — 2:3.

Gollar:

1:0, Rustam Mätryzaýew 16’

1:1, Ýunus Orazmämmedow 31’

2:1, Rustam Mätryzaýew 42’

2:2, Amir Gurbany 65’

2:3, Serdaraly Ataýew 76’.

Birinji aýlawda: 1:2.

Gurbany öňdeligi elden berenok: Möwsümdäki 9-njy goluny geçiren Amir Gurbany bombardirleriň sanawyndaky birinjiligini enteg-ä hiç kime berenok.

Ýene goşa gol: Rustam Mätryzaýew mundan öň birinji tapgyrda tapawutlanypdy. «Aşgabat» bilen myhmançylykda geçirilen şol duşuşykda hem ol iki gol geçiripdi.

Ýeňşe ýaran ilkinji gollar: Ýunus Orazmämmedow bilen Serdaraly Ataýew şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdiler.

5 ýylda 40 gol: Amir Gurbany 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 40-njy goluny geçirdi.

«Altyn asyr» — «Energetik» — 3:1.

Gollar:

1:0, Süleýman Muhadow 4’

2:0, Myrat Ýagşyýew 67’

2:1, Annageldi Weliýew 86’

3:1, Altymyrat Annadurdyýew 90+4’.

Birinji aýlawdaky duşuşyk 17-nji iýuna geçirildi.

Oýun tapawudy bilen: 5 duşuşykda mümkin bolan 15 utukdan bir utuk hem ýitirmedik «Altyn asyr» başga bir 15 utukly bäsdeşi «Balkan» bilen deňleşdi. Ýöne oýunlaryň tapawudyna görä, «Altyn asyr» ýaryş tertibiniň dördünji basgançagyna geçdi.

Ýene Ýagşyýew: Myrat Ýagşyýew «Altyn asyryň» Ýokary ligada şu ýyl geçiren ähli duşuşyklarynda tapawutlanan ýeke-täk futbolçydyr.

AFK-da 4 gol, TÝL-da 1: Şu ýyl «Altyn asyryň» AFK-daky duşuşyklarynyň ählisinde tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky bäşinji duşuşygynda birinji goluny geçirdi.

Aram beren ilkinji gol: 86-njy minutda «Energetigi», iň bolmanda, deňlige umytlandyran gol Annageldi Weliýewiň şu möwsümdäki ilkinji goludyr.

Bir toparda, bir çempionatda 30 gol: Şu duşuşykda Myrat Ýagşyýew «Altyn asyryň» düzüminde Ýokary ligadaky 30-njy goluny geçirdi.

«Balkan» — dynç alyş.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň