Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2017: 11-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

00:5530.04.2017
0
1127

Tapgyryň umumy aýratynlygy:

3 oýunda 5 gol: Biri golsuz tamamlanan 3 duşuşykda derwezelere 5 gol geçirildi.

52 futbolçy, 106 gol: Bu bolsa şu ýyl tapawutlanan futbolçylaryň her haýsyna 2 goldan hem kän düşýär.

Ýer eýeleri begendi: Bir duşuşygy ätiýaçda duran tapgyryň iki duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Eli boş gaýtdylar: Tapgyrda myhmançylykda çykyş eden toparlaryň hiç biri hem ýer eýeleriniň derwezesine pökgi geçirip bilmedi.

«Köpetdag» — «Merw» — 0:0.

Muny görmegem bar eken: Bu deňlik toparlaryň ikisiniň hem möwsümdäki ilkinji deňligidir.

«Ahal» — «Şagadam» — 1:0.

Gol:

1:0, Myrat Annaýew, 82’.

Bir gol we 20-nji utuk: Bu ýeňişden soň, «Ahal» möwsümde 20 utuk gazanan ilkinji toparlaryň biri boldy.

Dört tapgyrda-da: «Ahalyň» soňky dört duşuşygynda-da tapawutlanan Myrat Annaýew 6 gol bilen bombardirlik ýaryşynda «Altyn asyrdaky» atdaşy Myrat Ýagşyýew bilen birlikde ikinji orny paýlaşýar.

20-ledi: Şu tapgyrdan soň, «Ahalyň» umumy utugy hem, derwezelere geçiren gollarynyň sany hem 20-ä deňlendi.

Bir meýdanda 5 ýeňiş: Şu möwsümde öz meýdanynda 5-nji ýeňşini gazanan «Ahal» bu babatda öňdeligi tapgyrdaky garşydaşy «Şagadamyň» elinden aldy.

Ne döw çaldy: Soňky iki duşuşykda ýeňlen «Şagadam» üç tapgyr bäri garşydaşlaryny utup bilenok.

Annaýew «Ahalyň» taryhyna girmäge ýakyn: «Ahalyň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri 17 gol geçiren Myrat Annaýew sanawyň üçünji ornundaky Rahmet Şermetowdan bary-ýogy bir gol yzda. Diýmek, «Ahalyň» «ýediligi» ýene bir goldan soň, soňky dört ýylyň dowamynda toparyň ýeňşine iň kän goşan goşan futbolçylaryň üçlügine girýär.

«Energetik» — «Turan» — 4:0.

Gollar:

1:0, Didar Durdyýew, 72’

2:0, Guwanç Abylow 74’

3:0, Guwanç Abylow 76’

4:0, Didar Durdyýew 85’.

20 minutda 20 utuk: «Energetigiň» duşuşygyň soňky 20 minudynda geçiren 4 goly bilen gazanan ýeňşi toparyň Ýokary ligadaky 20-nji utugyny gazanmagyna getirdi.

Ýaryş gyzyşýar: 9-njy tapgyr baradaky hasaplamalarymyzda soňky 5 möwsümdäki gollaryň sany boýunça Myrat Ýagşyýew Didar Durdyýewden öňe geçip, ikinji orna çykdy diýipdik. Bu tapgyrdaky dubly bilen D.Durdyýew ýene öňki ornuna gaýdyp geldi. Indi onuň 5 ýylda Ýokary ligada 86 goly bar.

Abylowdan alty onluk: Guwanç Abylow şu duşuşykdaky dubly bilen soňky 5 ýylda Ýokary ligada 60 gol geçiren ýedinji futbolçy boldy.

«Asudalyga» bir ädim: «Energetik» Ýokary ligada toplan utuklarynyň sany boýunça ýene bir basgançak ýokary galmaga ýakyn. Häzir Ýokary liganyň taryhynda çykyş eden toparlaryň sanawynda 17-nji orny eýeleýän «Energetik» «Asudalyk» (2003 we 2004-nji ýyllaryň möwsümlerinde gatnaşan) bilen arany bir utuga çenli ýygyrdy.

«Balkan» — «Altyn asyr» (senesi üýtgedildi)

«Aşgabat» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň