Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2017: 10-njy tapgyr — gyzykly hasaplamalar

23:5029.04.2017
0
1374

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Salam, ikinji aýlaw: 10-njy tapgyr, şol bir wagtyň özünde Ýokary liganyň ikinji aýlawynyň ilkinji tapgyrydyr.

10-njy tapgyr — 10 gol: Tapgyrda derwezelere 10 pökgi girdi.

52 futbolçy, 101 gol: 10-njy tapgyrdan soň, ligada 52 futbolçy 101 gol geçirdi.

«Gel, myhman, gir derwezä»: Tapgyrdaky dört duşuşygyň üçüsinde myhmanlar ýeňiş gazandy, bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.

«Merw» — «Aşgabat» — 0:1.

Gol:

0:1, Azatberdi Tagandurdyýew 42’.

Ýene bir gol, ýene «Aşgabat»: Möwsümde toparlar ikinji gezek duşuşdy. Edil birinji aýlawda bolşy ýaly, bu gezek hem bir gol tapawudy bilen «Aşgabat» ýeňiş gazandy.

Bir ädim öňe: Myhmançylykdaky ajaýyp ýeňişden soň, «Aşgabat» ýaryş tertibinde 7-nji basgançaga galdy.

Ahyrsoňy: «Aşgabat» möwsümde myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini gazandy.

«Köpetdag» — «Ahal» — 0:6.

Gollar:

0:1, Myrat Annaýew 13’

0:2, Begenç Akmämmedow 33’

0:3, Wahyt Orazsähedow 56’

0:4, Begmyrat Baýow 63’

0:5, Begmyrat Baýow 66’

0:6, Merdan Gurbanow 84’ (11 m.j.u.)

Ýene ýeňiji — «Ahal»: Edil birinji aýlawda bolşy ýaly, toparlaryň möwsümde birek-birek bilen geçiren ikinji duşuşygy hem «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy.

6 gol we liderlik: Uly hasaply bu ýeňişden soň, «Ahal» ýaryş tertibiniň başyna geçdi.

Ýene Annaýew: Bombardirleriň sanawynda «Balkandan» Yhlas Magtymow bilen bilelikde üçünji orny paýlaşýan Myrat Annaýewiň «Ahalyň» soňky geçiren üç duşuşygynda-da tapawutlandy.

Bu sanawda-da lider: Şu tapgyrdan soň, «Ahal» möwsümd iň kän gol geçiren topar boldy — 19 gol.

Bir duşuşykda...: «Köpetdagyň» derwezesine girizilen 6 gol blen, bu duşuşyk şu ýylky çempionatyň iň kän golly duşuşygy boldy.

Ara açylýar: Geçen tapgyrda «Altyn asyryň» ýeňşini iň kän aratapawut bilen gazanylan ýeňiş diýdik. Bu tapgyrdaky «Köpetdag» — «Altyn asyr» duşuşygy ol oýny hem yzda galdyrdy.

Myhmançylykda däl-de, öýünde ýaly: Şu tapgyra çenli myhmançylykda bary-ýogy 2 goly bolan «Ahalyň» indi 8 goly bar.

Perde açyldy: «Ahal» şu möwsümde myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini gazandy.

600-nji utuk: Şu tapgyrdan soň, «Ahalyň» Ýokary ligada gazanan utuklarynyň jemi 600-den geçdi — 601 utuk.

«Şagadam» — «Energetik» — 0:1.

Gol:

0:1, Azat Orazmuhammedow 16’.

«Energetige» çäre ýok: Şu möwsümde iki gezek ýeňlen «Şagadamyň» iki ýeňlişiniň hem sebäpkäri «Energetik».

Bu utulyş agyr düşdi: Çünki birnäçe wagtdan bäri kerweniň başyny çekip gelýän «Şagadam» üçünji orna çenli aşak gaçdy.

10 tapgyr — 10 gol: Yzda galan 10 tapgyrdan soňra, «Energetigiň» garşydaş derwezelere geçiren gollarynyň sany hem 10-a deňlendi.

Ýeňşe beslenen 80: Şeýlelikde, «Energetik» Ýokary ligada 80-nji duşuşygyny geçirdi.

30-njy şatlyk: «Energetik» Ýokary ligada 30-njy ýeňşini gazandy.

«Turan» — «Balkan» — 1:1.

Gollar:

0:1, Mämmedaly Karadanow 25’

1;1, Yhlas Nepesow 43’ (11 m.j.u.)

Bu ýer Balkanabat däl: Birinji tapgyrda «Turany» 4:0 hasaby bilen ýeňen «Balkan» bu gezek deňlikden aňry geçip bilmedi.

Ine-de utuk: «Turan» möwsümdäki ilkinji utugyny gazandy.

Halypa görelde görkezýär: Tejribeli Mämmedaly Karadanow «Balkanyň» soňky iki duşuşygynda hem tapawutlandy.

Deňlikleriň topary: Soňky iki duşuşygy hem deňme-deňlik bilen tamamlanan «Balkan» jemi üç deňlik bilen şu möwsümde, häzirlikçe, iň köp duşuşygy deňlikde tamamlanan topardyr.

Üstünlik: «Turan» şu tapgyrda ýer eýesi hökmünde çykyş eden toparlaryň arasynda gol geçiren ýeke-täk topardyr.

«Altyn asyr» — dynç güni

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň