Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2017: 9-njy tapgyr - gyzykly hasaplamalar

23:4729.04.2017
0
1031

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

12 gol: Edil geçen tapgyrda bolşy ýaly, bu gezek hem derwezelere 12 pökgi geçirildi.

48 futbolçy, 91 gol: 9 tapgyrdan soň, möwsümde jemi 48 futbolçy 91 gol geçirdi.

Deňlikleriň tapgyry: 9-njy tapgyr şu möwsümde iki duşuşygy deňlik bilen tamamlanan ilkinji tapgyrdyr. Tapgyryň galan oýunlarynyň birinde ýer eýeleri, beýlekisinde myhmanlar ýeňiş gazandy.

«Köpetdag» — «Energetik» — 1:0.

Gol:

1:0, Saidow Meýlis 34’.

Bir ýeňiş — iki basgançak: «Köpetdagyň» garaşylmadyk bu ýeňşi toparyň ýaryş tertibinde iki basgançak ýokary galmagyna sebäp boldy. Tapgyra 8-nji orunda giren Seýit Seýidowyň şägirtleri indi 6-njy orunda.

Möhüm ýeňiş — 800-nji utuk: «Köpetdag» bu ýeňiş bilen, Ýokary liga taryhyndaky 800-nji utugyny hem gazandy (ozalky «Köpetdagyň» utuklary bilen birlikde).

«Aşgabat» — «Ahal» — 1:1.

Gollar:

0:1, Myrat Annaýew 71’

1:1, Nurýagdy Muhammedow 85’.

Iki duşuşykda...: Myrat Annaýew soňky iki duşuşykda üç gezek tapawutlandy.

Ine, deňligem gördük: Bu duşuşyk «Aşgabadyň» möwsümde deňlik tamamlanan ilkinji duşuşygydyr.

70-nji deňlik: Bu duşuşygyň netijesi «Ahalyň» Ýokary ligadaky 70-nji deňligidir.

«Şagadam» — «Balkan» — 2:2.

Gollar:

0:1, Mämmedaly Karadanow 6’

0:2, Yhlas Magtymow 17’

1:2, Amir Gurbany 65’

2:2, Amir Gurbany 90+6’ (11 m.j.u.)

40-a ýekeje ädim galdy: Liganyň bombardiri Amir Gurbany 2012-nji ýyldan bäri 40-njy goluny geçirmäge bary-ýogy bir ädim ýakyn geldi. A.Gurbanynyň şu wagt 39 goly bar.

Ilkinji deňlik: «Şagadam» möwsümdäki ilkinji deňme-deňlik bilen ýüzbe-ýüz boldy.

1420: «Balkan» Ýokary ligadaky 1420-nji utugyny gazandy.

Bir derwezä 700 gol: Amir Gurbanynyň şu duşuşykdaky ilkinji goly Ýokary ligada garşydaş toparlaryň «Balkanyň» derwezesine girizen 700-nji goludyr.

«Turan» — «Altyn asyr» — 0:5.

Gollar:

0:1, Myrat Ýagşyýew 11’

0:2, Myrat Ýagşyýew 34’

0:3, Myrat Ýagşyýew 36’

0:4, Mihail Titow 72’

0:5, Mihail Titow 73’.

Ýagşyýew öz ýerine golaýlady: «Altyn asyryň» şu ýyl ligada geçiren dört duşuşygynda-da tapawutlanan Myrat Ýagşyýew bombardirlik ýaryşynda hem 6 gol bilen ikinji orna geldi.

Ilkinji het-trikçi: Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň 25-nji möwsüminde het-trik eden ilkinji futbolçydyr.

Titow goşalap başlady: Şu ýyl ilkinji gezek tapawutlanan Mihail Titow möwsümdäki gollaryna dubl bilen başlady.

Bu sanawda-da ikinji: Şu tapgyrdan soň, bombardirlik ýaryşynda ikinji orna çykan Myrat Ýagşyýew ligamyzda 2012-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren futbolçylaryň sanawynda hem ikinji orna çykdy. M.Ýagşyýewe öz ornuny beren Didar Durdyýew 84 gol bilen üçünji orna düşdi. Bu sanawyň başyny çekýän Süleýman Muhadowyň bolsa 5 ýylda 115 goly bar.

10 golly bäşinji topar: Şu duşuşykdan soň, «Altyn asyr» möwsümde 10 we ondan hem kän gol geçiren bäşinji topar boldy.

0:5: Şeýlelikde, «Altyn asyr» möwsümde 5 gol tapawudy bilen ýeňen ilkinji topar boldy.

Myhmançylykda iň gowusy: Şu duşuşykdan soň, «Altyn asyr» möwsümde myhmançylykda iň kän gol geçiren topar boldy.

270-nji duşuşykda 160-njy ýeňiş: Bölüm öz-özünden düşnükli. «Altyn asyr» Ýokary ligadaky 270-nji ýubileý duşuşygynda 160-njy ýeňşini gazandy.

«Merw» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň