Soňky habarlar

Arhiw

Darýa SEMÝONOWA: “Janköýerleriň goldawy — iň uly sylag”

12:0028.04.2017
0
1390

“Turkmenportalyň” suwda ýüzmek boýunça Sebitleýin Halkara çempionatyndaky söhbetdeşi, kümüş medalyň eýesi Darýa Semýonowa: (Türkmenistan)

― 2015-nji ýylda Dubaýda geçirilen halkara  ýaryşynda maňa iki altyn we bir bürünç medala mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Ynha, bu gün hem altyn medal alaryn diýip, ýüzüşe ynamly çykdym. Ýöne garşydaşymdan sähelçe sekunt pellehana giç gelmegim meni ikinji orna düşürdi. Munuň üçin asla ruhdan düşemok. Şeýle iri ýaryşda, onda-da Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe bolmak meniň üçin uly zat. Meni tolgundyran zat bu ýere örän köp janköýer gelipdir. Ýaryşyň dowamynda olaryň bizi uly şowhun bilen goldamaklary ruhy itergi berdi. Çempionata Aziýanyň iň güýçli türgenleri ýygnanypdyr. Şol sebäpden ýaryş örän çekeleşikli dowam edýär. Bu bolsa biz ― türgenlere ussatlyk derejämizi artdyrmaga, ukyp-başarnyklarymyzy has-da kämilleşdirmäge ýardam berýär. Umuman,  şeýle ýaryşlar bize Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmekde uly ähmiýete eýe bolýar.  Indiden beýläk türgenleşik işlerini öňküden-de güýçlendirmegi, ýokary derejede taýýarlyk görmegi öňümde maksat edinýärin. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň