Long DEÇENG: «Aşgabatda ýene medal gazanmak isleýärin»

0
177
Long DEÇENG: «Aşgabatda ýene medal gazanmak isleýärin»

«Turkmenportalyň» söhbetdeşi hytaýly türgen, 56 kilograma çenli agram derejesinde altyn medalyň eýesi Long DEÇENG:

 — Men Türkmenistan döwletine ilkinji sapar geldim. Meni, ilki bilen, özüne çeken zatlaryň biri türkmen halkynyň myhmansöýerligi boldy. Aşgabadyň Halkara howa menziline gelenimde, jana şypaly bahar howasy meni özüne maýyl etdi.

Men Aşgabatda geçirilýän Aziýa çempionatyna 56 kg agramda gatnaşyp, altyn medala mynasyp boldum. Bu halkara ýaryşda öz ildeşim, şeýle-de Pakistandan, Wýetnamdan, Saud Arabystany Patyşalygyndan gelen türgenler bilen ýaryşdym. Ýaryş diýseň çekeleşikli boldy. Men ilkinji gezek ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda, şeýle-de bu günki gün Türkmenistanda dowam edýän nobatdaky çempionatda altyn medalyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Meni bu halkara ýaryşa taýýarlan tälimçim Jin Jaň Tao.

Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdiginden habarymyz bar. Bu owadan şähere ýene bir ýol gelip, medal gazanmak isleýärin. Bu gezekki ýaryşyň guramaçylygy üçin bolsa türkmenistanly doganlarymyza aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Hususan-da, meýletin ýardamçylaryň hyzmaty örän uly. Şeýle ýokary guramaçylygyň Aziýa oýunlarynda hem boljakdygyna ynanýaryn.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň