Soňky habarlar

Arhiw

«Dordoý» — «Altyn asyr» duşuşygyndan soň metbugat maslahaty geçirildi

18:1119.04.2017
0
3387

«Dordoý» — «Altyn asyr» duşuşygyndan soň geçirilen metbugat maslahatynda iki toparyň baş tälimçileri we futbolçylary žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler. — Biz ýeňiş gazandyk — bu esasy zat — diýip, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew turuwbaşdan gazanylan netijeden hoşaldygyny ýaňzytdy. — Men futbolçylarymyň ählisine görkezen yhlasy üçin hoşallyk bildirýärin. Bu ýeňiş, tutuşlygyna, şolaryň zähmeti bilen gazanyldy. Biz duşuşygyň öň ýanynda oýnuň kyn geçjekdigini aýdypdyk. Hut şeýle hem boldy. Gol geçirýänçäk, göreş has ýiti gitdi. Biz hasaby açanymyzdan soňra-da, arkaýynlaşdyk diýip bolmaz. Oňat gorag, mümkinçilik dörände bolsa ýiti hüjüm arkaly, garşydaş toparyň derwezesinden ikinji pökgini hem geçirip bildik. Elbetde, 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedik, ýöne bu oglanlaryň sussuny basmady. Meýdanyň hili iki tarap üçin hem deň mümkinçilik berdi. Eger-de ýaramaz howa şertleri meýdanyň hilini gaçyran bolsa, bizde dörän kynçylyk garşydaş toparda hem döredi. Bu ýagdaý toparlardan duşuşyga has ünsli çemeleşmegi talap etdi. Biz gowy gorandyk we gowy hüjüm etdik. Toparyň goragçysy Zafar Babajanow baş tälimçiniň aýdanlaryny şeýle sözler bilen ýetirdi: — Duşuşyk ýeňil geçmedi, biz muny oýundan öň hem bilýärdik. Men myhman topara goýan sarpasy üçin gyrgyz janköýerlerine hem minnetdarlyk bildirýärin. «Dordoýyň» baş tälimçisi Murat Jumakeýew sözüni «Altyn asyry» gutlamak bilen başlady. — Olar mynasyp ýeňiş gazandy. Birinji ýarymda biz guramaçylykly we oýlanşykly geçirilen hüjümiň gurbany bolduk. Şägirtlerim, ilkinji nobatda, sazlaşykly oýnamakda kösendiler, ýiti hüjümleri geçirmän, garşydaşyň güýçli urgularyna sezewar boldular. Ilkinji goldan soň, garşydaşlarymyz gowy gorandy we arakesmä artykmaçlyk bilen çykdylar. Arakesmeden soň, biz zerur hasaplan oýunçy çalşygymyzy geçirdik. Ikinji ýarymda pökgä biz köp eýelik etdik, ýöne netije gazanmadyk. Meýdanyň hili hem oýnuň gidişine täsir etdi. Umuman, ýeňilsegem, toparyň adyna mynasyp oýny orta goýduk. Utulyş biziň bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmejekdigimizi aňlatmaýar. Öňde ýene üç oýun bar. Biz utuk gazanmak üçin göreşimizi dowam etdireris. Dogrusyny dogry aýtmaly, garşydaş toparyň oýunçylarynyň hili biziňkilerden biraz gowudy. Biz, esasan, hüjüme üns berdik, bu bolsa goragyň ýatdan çykarylmagyna getirdi. Dörän howply pursatlar hem netijesini bermedi.Üstesine-de, oýunçymyza berlen sary kart bilen hem ylalaşmak kyn. Bu oýun pursadyny gowy derňemek gerek — diýip, baş tälimçi sözüniň üstüni ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň