TÝL - 2017: 8-nji tapgyr - gyzykly hasaplamalar

16:3517.04.2017
0
1830

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Her kim öz ornunda: 8-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň, ýaryş tertibinde üýtgeşme bolmady.

Ikisi-de 3 gol: Şu tapgyrda dubl eden futbolçylaryň ikisi hem — Myrat Annaýew hem, Didar Durdyýew hem möwsümdäki gollarynyň sanyny 3-e çykardy.

Iki dubla-da penalty sebäpkär: Tapgyrda iki gezek tapawutlanan futbolçylaryň ikisiniň hem soňky goly 11 metrlik jerime urgusy bilen baglanyşykly. Didar Durdyýew jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren bolsa, Myrat Annaýewiň penaltysyny «Merwiň» derwezewany bir bada gaýtardy, ýöne pökgi ýene Myrat Annaýewiň aýagyna geldi. Ikinji gezek welin...

12 gol, ýöne...: Tapgyrda derwezelere 12 gol geçirildi, ýöne ätiýaçda ýene bir duşuşyk bar.

3-si täzeje: Ýokary liganyň 25-nji möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sanawyna ýene-de 3 futbolçy goşuldy.

45 futbolçy, 79 gol: Ýokary ligada 8-nji tapgyrdan soň, 45 futbolçy jemi 79 gol geçirdi.

Her kime bir alma: Tapgyrda myhmançylykda çykyş eden toparlaryň hersi ýer eýelerine diňe bir gol geçirip bildiler.

Ýer eýeleri — ýeňiji: Tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň üçsinde-de ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

«Energetik» — «Aşgabat» — 2:1.

Gollar:

0:1, Pirmyrat Gazakow 17’

1:1, Didar Durdyýew 48’

2:1, Didar Durdyýew (11 m.j.u.) 75’.

Gazakowdan 20 gol: Pirmyrat Gazakow Ýokary ligada soňky 5 ýylyň dowamynda geçiren gollarynyň sanyny 20-ä çykardy.

Ikinjilik ýene Didarda: Geçen tapgyrdaky hasalpalamalrymyzda soňky 5 ýylda geçirilen gollaryň sany boýunça Myrat Ýagşyýewiň Didar Durdyýewiň yzyndan ýetendigini aýdypdyk. Ýöne Didar şu tapgyrdaky dubly bilen Myratdan ýene-de 2 gol öňe saýlandy. Indi soňky 5 ýyl boýunça D.Durdyýewde 84, M.Ýagşyýewde 82 gol bar.

«Galkan» bilen deňleşdi: Ýokary ligada jemi gazanan utuklarynyň sanyny 106-a çykaran «Energetik» 3 möwsüm çykyş eden «Galkan» bilen deňleşdi. Indiki menzil — 113 utukly «Asudalyk».

«Ahal» — «Merw» — 5:1.

Gollar:

1:0, Orazberdi Myradow 6’

2:0, Gurbanguly Aşyrow 30’

3:0, Merdan Gurbanow 41’

3:1, Ilýa Tamurkin 45+1’

4:1, Myrat Annaýew 70’

5:1, Myrat Annaýew 79’.

Ýene-de Aşyrow: 4 gol bilen bombardirlik ýaryşynyň 2-nji ornuna çykan goragçy (!) Gurbanguly Aşyrow şu möwsümde bassyr 3 duşuşykda tapawutlanan ikinji futbolçydyr. Ozal muny «Altyn asyrdan» Myrat Ýagşyýew başarypdy.

Bir onlugy arka atdy: Orazberdi Myradow Ýokary ligada soňky 5 möwsümiň dowamynda 10-njy goluny geçirdi.

Bu sanawda-da üçünji: Ýaryş tertibinde üçünji orunda barýan «Ahal» garşydaş derwezelere geçirilen gollaryň sany boýunça-da, «Şagadamdyr» «Balkandan» soň, üçünji orna çykdy — 12 gol.

«Merw» — 10 gol geçiren dördünji topar: Şu duşuşykdaky Ilýa Tamurkiniň golundan soň, «Merw» möwsümde 10 gol geçiren dördünji topar boldy.

Möwsümiň rekordy: Bu duşuşyk 6 gol bilen tamamlanan möwsümdäki ilkinji duşuşykdyr.

«Ýa demrinden...»: Möwsümde 6 gol bilen tamamlanan bir, 5 goly 3 duşuşyk bar. «Merw» şolaryň ählisiniň hem bir tarapy, gynandyryjy ýeri, «Merw» şolaryň üçüsinde ýeňlen tarap.

Täsinlik däl, hakykat: «Merw» iň köp golly duşuşyklaryň ýeňilýän tarapynyň baş gahrymany bolsa-da, şu wagta çenli myhmançylykda iň kän gol geçiren topardyr — 6 gol.

«Balkan» — «Köpetdag» — 2:1.

Gollar:

1:0, Hemra Amanmämmedow 1’

2:0, Yhlas Magtymow 2’

2:1, Döwlet Döwletmyradow 34’.

5 ýylda 70 gol geçiren 5-nji: Şeýlelikde, Hemra Amanmämmedow hem 2012-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri, 70 gol geçirip bilen futbolçylaryň sanawyna goşuldy. Indi Ýokary ligada muny başaran 5 futbolçy bar.

Salam, «Şagadam»!: «Balkan» şu möwsümde geçiren gollarynyň sany boýunça, birinji orundaky «Şagadam» bilen deňleşdi. Indi toparlaryň ikisinde-de 13 gol bar.

«Altyn asyr» — «Şagadam» (senesi üýtgdeldi)

«Turan» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň