Aly Gurbany «Energetikde» ikinji ýeňşini gazandy, «Ahal» «Merwe» gol bolup ýagdy, «Balkan» 2 minutda ýeňiş gazandy — 8-nji tapgyr

0
273
Aly Gurbany «Energetikde» ikinji ýeňşini gazandy, «Ahal» «Merwe» gol bolup ýagdy, «Balkan» 2 minutda ýeňiş gazandy — 8-nji tapgyr

Türkmenistanyň futbol boýunça Milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 8-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. «Turanyň» dynç alan, «Altyn asyr» bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşygyň bolsa senesi üýtgedilen tapgyrda «Energetik» «Aşgabady» 2:1, «Ahal» «Merwi» 5:1, «Balkan» bolsa «Köpetdagy» 2:1 hasabynda ýeňdi.

Mary şäherinde geçirilen duşuşykda hasaby, ilki bilen, «Aşgabat» açdy. Pirmyrat Gazakowyň 17-nji minutdaky goly paýtagtyň adybir toparyny myhmançylykda gazanyljak ýeňşe ruhlandyrdy. Ýöne garşydaşyň «Energetik» bolsa, «eşegiňi berk duşamasaň», näme boljagyny bilip bolanok. Ikinji ýarym başlandan 3 minut geçensoň, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri Didar Durdyýewiň dürs urgusy bilen hasaby deňlediler. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 15 minut galanda Didar Durdyýew «Aşgabadyň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny dürs geçirip, bu günki oýnuň we gazanylan ýeňşiň gahrymanyna öwrüldi.

«Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, şu möwsümdäki iň köp golly duşuşykdyr. Myhmançylykda oýnaýan «Merw» ýer eýeleriniň — «Ahalyň» 5 goluna Ilýa Tamurkiniň jerime urgusyndan örän owadan geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen jogap berip bildiler.
Balkanabatda ýerli «Balkan» «Köpetdagy» kabul etdi. Eýýäm ilkinji 2 minutda ýer eýeleri Hemra Amanmämmedowyň we Yhlas Magtymowyň gollary bilen 2:0 hasabynda öňe çykdylar. Ýöne Seýit Seýidowyň şägirtleri şondan soň, özlerini basym dürsediler. Hatda «Köpetdag» bir jogap pökgüsini hem geçirdi — 34-nji minutda Döwlet Döwletmyradow tapawutlandy. Ýöne şondan soň hasaby üýtgetmek garşydaşlaryň ikisine-de eýgertmedi.

 

Türkmenistanyň Ýokary ligasy — 2017

8-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

«Energetik» — «Aşgabat» — 2:1.
Gollar:

0:1, Pirmyrat Gazakow 17’
1:1, Didar Durdyýew 48’
2:1, Didar Durdyýew (11 m.j.u.) 75’.

«Ahal» — «Merw» — 5:1.
Gollar:

1:0, Orazberdi Myradow 6’
2:0, Gurbanguly Aşyrow 30’
3:0, Merdan Gurbanow 41’
3:1, Ilýa Tamurkin 45+1’
4:1, Myrat Annaýew 70’
5:1, Myrat Annaýew 79’.

Bellik: 79-njy minutda Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

«Balkan» — «Köpetdag» — 2:1.
Gollar:

1:0, Hemra Amanmämmedow 1’
2:0, Yhlas Magtymow 2’
2:1, Döwlet Döwletmyradow 34’.

 

8-nji tapgyrdan soň, ýaryş tablisasy:

1. «Şagadam» 6/15
2. «Energetik» 6/14
3. «Ahal» 6/13
4. «Balkan» 7/13
5. «Altyn asyr» 3/9
6. «Merw» 7/6
7. «Aşgabat» 7/6
8. «Köpetdag» 7/6
9. «Turan» 7/0.

 

9-njy tapgyryň duşuşyklary:

21.04.2017 ý.

«Köpetdag» — «Energetik»

22.04. 2017 ý.

«Aşgabat» — «Ahal»
«Şagadam» — «Balkan»

23.04. 2017 ý.

«Turan» — «Altyn asyr».

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň