Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2017: 6-njy tapgyrdan soň hasaplamalar

15:2612.04.2017
0
1263

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

7 sany «täzeje»: Şu tapgyrdan soňra, möwsümiň bombardirler sanawyna 7 sany täze futbolçy gowşurdyldy.

40-a bir ädim galanda, netije 56: Möwsümde şu güne çenli 39 futbolçy 56 gol geçirdi.

Iň köp golly tapgyr: Tapgyrda derwezelere 13 pökgi girizildi. Bu bolsa 6-njy tapgyryň şu ýylky çempionatda, häzirlikçe, iň köp golly tapgyrdygyny habar berýär.

Goluň tagamyny hemmeler datdy: 6-njy tapgyrdan soňra, Ýokary ligada gol geçirip görmedik ýekeje topar hem galmady.

«Altyn asyr» — «Aşgabat» — 2:1.

Gollar:

0:1, Gahrymanberdi Çoňkaýew;

1:1, Myrat Ýagşyýew;

2:1, Arslanmyrat Amanow.

Bir ýeňiş — iki basgançak: Ýokary ligadaky ikinji duşuşygynda hem ýeňiş gazanan «Altyn asyr» tapgyryň başynda 7-nji orunda bolan bolsa, indi 5-nji basgançaga galdy.

Ýagşyýew ikinji oýunda-da gol geçirdi: Myrat Ýagşyýew «Altyn asyryň» şu ýyl Ýokary ligada geçiren iki duşuşygynda hem tapawutlandy.

Dört ýyldan soň: Arslanmyrat Amanow 4 ýyldan soňra, Ýokary ligada ilkinji goluny geçirdi. Höwri kän bolsun, kapitan!

Ýoly bar eken: Şu tapgyrda «Aşgabat» möwsüm boýunça myhmançylykdaky ilkinji goluny geçirdi.

«Energetik» — «Ahal» — 1:1.

Gollar:

0:1, Gurbanguly Aşyrow;

1:1, Begli Meredow.

Deňlik — öňkülik: «Ahal» hem-de «Energetik» ýaryş tertibinde ikinji we üçünji orunlarda. Tapgyrdan öň ýeňiş toparlaryň eýeleýän ornuna täsirini ýetirer diýipdir. Görnüşi ýaly, ýeňiş ýok-da, deňlik bar. Şonuň üçin hem bu duşuşyk toparlaryň ýaryş tertibindäki ornuna täsir etmedi.

2 oýunda 2 gol we bombardirligiň 2-njisi: Soňky iki duşuşykda hem tapawutlanan Gurbanguly Aşyrow bombardirlik ýaryşynda hem 3 gol bilen ikinji orna geçdi.

5 ýylda bir sepgit: Begli Meredow 2012-nji ýyldan bäri, Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi.

Bassyr ikinji deňlik: «Energetik» öz meýdanynda geçiren bassyr ikinji oýnunda utup bilenok.

Bir gola 6 tapgyr garaşyldy: «Ahal» şu möwsümde myhmançylykdaky ilkinji goluny geçirdi.

Hoş geldiň, 100-nji utuk: Bu günki deňlikden soň, «Energetik» Ýokary ligadaky 100-nji utugyny gazandy.

500: Şu duşuşyk «Ahalyň» Ýokary ligadaky 500-nji duşuşygydyr.

«Turan» — «Köpetdag» — 1:2.

Gollar:

1:0, Didar Haýydow;

1:1, Döwlet Döwletmyradow;

1:2, Berdi Hotdyýew.

Ýeňiş — ýokarky orunlara ynam: Indi dört toparda 6 utuk bar, şolaryň birem «Köpetdag». Diýmek, indiki tapgyrlarda hem utuk alyp bolsa, 8-nji orundan halas bolmaga mümkinçilik dörejek.

Haýydow — birinji: Didar Haýydow şu möwsümde «Turanyň» birinji goluny geçirdi.

Myhman «sarpasy»: «Köpetdag» şu möwsümde myhmançylykdaky ilkinji ýeňşini gazandy.

«Balkan» — «Merw» — 4:1.

Gollar:

1:0, Yhlas Magtymow;

2:0, Aşyrgeldi Ylýasow (11 m.j.u.);

2:1, Elhan Mämmedow;

3:1, Yhlas Magtymow;

4:1, Akmämmet Metdäýew.

Elden giden diňe ýeňiş däl: «Merw» «Balkana» ýeňişden zyýada ýaryş tertibinde eýeleýän ornuny — 4-nji basgançagy gidirdi.

Magtymow iň gowularyň üçlüginde: Tapgyrdaky goşa goly bilen möwsümde geçiren pökgüleriniň sanyny 3-e çykaran Yhlas Magtymow bombardirleriň ilkinji üçlügine girdi.

«Merw» barka, gola gytçylyk ýok: Şu ýyl ligada iň köp golly, ýagny her haýsy 5 gol bilen tamamlanan 3 duşuşyk bar. Täsin tarapy, «Merw» şol duşuşyklaryň üçüsiniňem gahrymany. Ýöne topar şol duşuşyklaryň ikisinde ýeňildi.

Däp dowam edýär: Ýokary liganyň 25-nji möwsüminiň dubllar däbini bu gezek Yhlas Magtymow dowam etdi. Indi yzda galan tapgyrlaryň her haýsynda bir dubl bar.

«Şagadam» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň