Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2017: 7-nji tapgyra gysgaça syn

08:4711.04.2017
0
1119

11-nji aprel

«Merw» — «Energetik»

Ýokary liganyň Mary şäherinde geçirilýän duşuşyklary hemişe köp adamly bolýar. Eger şol duşuşyk Mary derbisi bolsa-ha, onda gürrüňem ýok. Şu gün ýene-de Mary derbisi bar. Ýokary liga garaşylyşy ýaly girişip bilmedik «Energetik» bary-ýogy 4 duşuşykdan soň, tälimçisini çalyşdy. Baýram Durdyýew bilen hoşlaşan MARY DES-iň topary onuň ornuna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanyny getirdi.
Tejribe her näçe ýetik bolsa-da, topary bir günde tanamak gaty kyn. Şeýle-de bolsa Aly Gurbanynyň elindäki düzüm duşuşykda ýeňiş gazanmak üçin ýeterlik bolup biler. Ýöne geçen tapgyrda «Balkandan» ýeňlen «Merwe-de» ýene ýeňilse, ýaryş tertibiniň 8-nji basgançagyna çenli aşak gaçmak howpy abanýar. Geçen ýyl-a «Merw» öz meýdanynda «Energetige» per bermändi. Bu ýyl, has takygy, bu gün nähili bolarka? Bu sowalyň jogabyny bilmek üçin bary-ýogy birnäçe sagat galdy.

«Köpetdag» — «Altyn asyr»

Toparlaryň ikisem geçen tapgyrda ýeňiş gazandy, ikisiniň hem 6 utugy bar. Elbetde, rüstem tarap «Altyn asyr» diýip bileris. Ýöne «Köpetdag» «Aşgabat» ýaly güýçli garşydaşy hem utup bilýändigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, garşydaşyň soňky üç ýylyň çempiony bolsa, işiň aňsat däl. Seýit Seýidowyň Ýokary liga ýaňy bir ýörjen-ýörjen bolan toparyna möhüm synag, janköýerlere bolsa gyzykly Aşgabat derbisi garaşýar.

«Şagadam» — «Turan»

Başgaça aýtsak, liganyň iň ýokarky we iň aşaky orunlarynyň duşuşygy. Çempionatynyň garaşylmadyk öňdebaryjysyna we garaşylmadyk bombardirine (Amir Gurbany) ýene-de netijeleri gowulandyrmaga mümkinçilik. Şeýle-de bolsa, «Turan» bu ýyl derwezesinden kän pökgi geçirdenok. Göreliň, demirgazyk topary kenarýakada nähili oýun oýnarka?

12-nji aprel

«Aşgabat» — «Balkan»

Tapgyryň esasy duşuşyklarynyň biri. Toparlarynyň haýsy biriniň garşydaşa garanyňda, has rüstemdigi barada belli bir pikir aýtmak kyn. «Aşgabadam», «Balkanam» garaşylanyndan pes netije görkezýär. Iki toparyň utuklarynyň arasynda bolsa bary-ýogy bir utuk tapawudy bar. Möwsümiň başynda janköýerler tarapyndan öňdäki orunlara mynasyp görlen toparlar şol orunlara geçjek bolsa, ýeňiş gazanmagyň syryny çözjek bolmaly. Şu duşuşykda gaznyljak ýeňiş ýaryş tertibine hem täsirini ýetirip biler.

«Ahal» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň