Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda gazanylan ýeňiş «Ahaly» ikinji orna çykardy

18:1103.04.2017
0
2360

Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda Ýokary liganyň 5-nji tapgyrynyň çäklerinde «Ahal» — «Balkan» duşuşygy geçirildi. Duşuşyk «Ahalyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaş tälimçi Röwşen Meredowyň şägirtleri eýýäm 5-nji minutda hasaby açmagyň hötdesinden geldiler. Pökgini «Balkanyň» derwezesinden Gurbanguly Aşyrow geçirdi. Şondan soň, 71-nji minuda çenli hasap üýtgemedi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 19 minut galanda, Yhlas Saparmämmedow hasaby ýer eýeleriniň peýdasyna 2:0-a çykardy.

Senesi üýtgedilen «Merw» — «Altyn asyr» duşuşygyny hasaba almasaň, futbol boýunça XXV Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesi, garaşylyşy ýaly, ýaryş tertibine hem täsir etdi. 4 duşuşykda 9 utuk toplan «Ahal» tapgryda dynç alan «Energetigi» yzda galdyryp, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çykdy. Tapgyra bäşinji orunda giren «Balkan» bolsa bu utulyşdan soň, eýeleýän ornuny «Aşgabada» bermeli boldy.

Biz sizi Ýokary liganyň 5-nji tapgyrynyň ähli netijeleri hem-de ýaryş tertibi bilen tanyşdyrýarys:

 

1-nji aprel

 

«Aşgabat» — «Turan» — 2:0.

Gollar:

1:0, Azatberdi Tagandurdyýew 40’

2:0, Pirmyrat Gazakow 60’.

 

2-nji aprel

 

«Köpetdag» — «Şagadam» — 1:2.

Gollar:

1:0, Ilýa Salow 15’

1:1, Amir Gurbany 26’

1:2, Amir Gurbany 36’ (11 m.j.u.)

 

3-nji aprel

 

«Ahal» — «Balkan» — 2:0.

Gollar:

1:0, Gurbanguly Aşyrow 5’

2:0, Yhlas Saparmämmedow 71’.

 

Ýaryş tertibi:

 

1. «Şagadam» 5/12

2. «Ahal» 4/9

3. «Energetik» 3/7

4. «Merw» 4/6

5. «Aşgabat» 4/6

6. «Balkan» 4/4

7. «Altyn asyr» 1/3

8. «Köpetdag» 4/3

9. «Turan» 5/0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň