Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2017: 5-nji tapgyra gysgaça syn

12:3001.04.2017
0
1265

«Ahal» — «Balkan»

10 günden gowrak arakesmeden soň, Ýokary liga ýene-de dowam edýär. Geçen tapgyrda dynç alan, ondan öňki tapgyrda bolsa «Turany» 3:0 hasaby bilen ýeňen «Ahal» bu gezek güýçli garşydaşy kabul edýär. Üstesine-de, topar möwsümde özünden garaşylýan oýny görkezýär diýip bolmaz. Ýöne kümüş medalçy «Balkan» hem myhmançylyklardan ýaýdanýan toparlaryň biri. Geçen tapgyrda Azat Garajaýewiň goly bilen soňky minutlarda utulyşdan halas bolan «nebitçiler» indi utuk ýitirse, ýaryş tertibindäki 5-nji ornuny hem elden gidirip biler.

«Aşgabat» — «Turan»

Paýtagtyň adybir topary üçin kyn oýun bolarmy? Ýok. Ýöne bu ýylky «Turanyň» geçen ýylkylara görä güýçlenendigini geçen tapgyrlar hem görkezdi. Keramatly topragyň — Daşoguzyň topary belki keramat hem görkezip biler. Ýok, beýle bolmasa, garaşylyşy ýaly, «Aşgabat» ýeňse, onda paýtagtyň adybir toparyna ýaryş tertibinde bolmanda birki basgançak ýokary çykmaga mümkinçilik bar.

«Köpetdag» — «Şagadam»

Üstün tarap — Şagadam diýjeksiňiz. Ýöne «Köpetdag» «Aşgabady» ýeňip, özüniň eýmenäýmeli topardygyny görkezdi. Şonuň üçin her hili hasaba garaşaýmaly. Ýeňiş «Şagadama» öňdebaryjylygyny dowam etdirmäge, «Köpetdaga» ýaryş tertibinde birnäçe basgançak ýokary galmaga mümkinçilik berer.

«Merw» — «Altyn asyr» (senesi üýtgedildi)

«Energetik» — dynç güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň