Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary BAE-de ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler

01:1622.03.2017
0
5203

21-nji martda Birleşen Arap Emirliklerindäki türgenleşiklerini dowam edýän futbol boýunça milli ýygyndymyz Al-Hamriýa futbol topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew başlangyç düzümde derwezäni Nikita Gorbunowa ynandy. Milli ýygyndymyzyň gorag dörtlügini Döwran Orazalyýew, Gurbangeldi Batyrow, Akmyrat Jumanazarow we Zafar Babajanow düzdi. Ýarym goragda Ilýa Tamurkin, Guwanç Abylow, Ruslan Mingazow, Serdar Geldiýew dagylar çykyş etdi. Hüjüm bolsa Süleýman Muhadow bilen Wahyt Orazsähedowa ynanyldy. Bize duşuşygyň dowamyndaky oýunçy çalşyklary baradaky maglumatlar entek gelenok.

Al-Hamriýa Birleşen Arap Emirlikleriniň çempionatynyň Ikinji dwizionynda çykyş edýär. Yzda galan 16 tapgyrdan soň 16 utuk toplan topar ýaryş tertibiniň 9-njy basgançagynda.

Mälim bolşy ýaly, BAE-de geçirilýän türgenleşiklerden soň, futbolçylarymyz Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 26-njy martda Taýwanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Çeşme we surat: @jankoyer Line akkaunty.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň