Soňky habarlar

Arhiw

TÝL - 2017: 4-nji tapgyr - gyzykly hasaplamalar

00:1322.03.2017
0
1516

TAPGYRYŇ UMUMY AÝRATYNLYKLARY:

4 TAPGYRDA 30 FUTBOLÇY: Yzda galan dört tapgyrdan soň, şu möwsümde tapawutlanan futbolçylaryň sany 30-a deňleşdi.

30 FUTBOLÇY — 36 GOL: Şu güne çenli möwsümde derwezelere 36 pökgi geçirildi.

36-nyň 5-i 4-nji TAPGYRYŇKY: Ätiýaçda bir oýny galan tapgyrda 3 duşuşykda 5 gol bar.

ADALATLY PAÝLAŞYK: Tapgyrda geçirilen 3 duşuşygyň biri ýer eýeleriniň, biri myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlanan bolsa, bir duşuşykda utuklar paýlaşyldy — deňme-deňlik.

«DUBLLARYŇ MÖWSÜMINIŇ» 4-nji TAPGYRY HEM BOŞ GEÇMEDI: Her tapgyrda bir oýunçynyň iki gezek tapawutlanmagy, 25-nji möwsümiň esasy aýratynlyklarynyň biri. Bu gezek hem adat bozulmady — Aly Gurbany bir duşuşykda iki gezek tapawutlandy.

"Şagadam" – "Aşgabat" – 2:0 (0:0)

Gollar:

1:0, Amir Gurbani 56,

2:0, Amir Gurbany 85.

HABARYŇYZ BARMYDY?: Şu duşuşyk «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 700-nji ýubileý duşuşygydyr.

ÝENE BIR ÝUBILEÝ: «Kenarlylar» Ýokary ligadaky 270-nji ýeňşini gazandy.

4 TAPGYRDA GELEN LIDERLIK: «Aşgabady» Amir Gurbanynyň iki goly bilen ýeňen «Şagadam» ahyrsoňy ýaryş tertibiniň birinji ornuna geçdi. «Kenarlylaryň» bu orna mundan öň näçenji ýylda geçip görendigini takyklamak üçin ep-esli arhiw dörmeli bolsa gerek.

GURBANY — KERWENBAŞY: Duşuşkdaky dubly bilen gollarynyň sanyny 3-e çykaran Amir Gurbany häzirlikçe şu möwsümde iň kän pökgi geçiren futbolçy.

ÝENE MYHMANÇYLYK, ÝENE GUSSA: Amangylyç Koçumowyň şägirtleri myhmançylykda geçiren bassyr ikinji duşuşygynda ýeňilýärler.

IŇ ÝAKYN BÄSDEŞDEN 2 ESSE: Şu möwsümde öz meýdanynda 8 gol geçirip, birinji orunda barýan «Şagadam» bu netije babatda iň ýakyn bäsdeşleri bolan «Balkan», «Merw» we «Ahaldan» 4 gol öňde.

ÝENE BIRINJI: Ligada soňky 3 duşuşygynam öz meýdanynda geçiren «Şagadam» şolaryň üçüsinde-de ýeňiş gazanyp, häzirlikçe, öz meýdanynda iň kän ýeňiş gazanan topardyr.

"Turan" – "Merw" – 0:1 (0:1)

Gol:

0:1, Elzar Kurbanow 44.

OLAR SYRYNY BILÝÄR: Yzda galan 4 tapgyrdan soň, myhmançylykda çykyş edip, ýeňiş gazanyp gördi. Täsin tarapy, bu toparlaryň ikisi hem Mary welaýatyna degişli.

320-niň NESIBESI DAŞOGUZ EKEN: 320 näme? 320 — «Merwiň» Ýokary ligada gazanan ýeňişleriniň sany. Ýubileý ýeňşiň nesibesi Daşoguz şäheri eken.

"Energetik" – "Balkan" – 1:1 (1:0)

Gollar:

1:0, Didar Durdyýew (pen) 7

1:1, Azat Garajaýew 85.

ELDEN GIDEN DIŇE ÝEŇIŞ DÄL: Soňky minutlarda elden giden ýeňiş, «Energetigiň» elinden has uly bir üstünligi — ýaryş tertibiniň birinji basgançagyndaky ýerini aldy.

100-e 1 ÄDIM: «Energetik» ýene-de ýekeje utuk gazansa, Ýokary ligada gazanan utuklarynyň sanyny 100-e çykarýar.

MÖWSÜMDÄKI ILKINJI DEŇLIK: Şu duşuşyk Ýokary liganyň 25-nji möwsüminde deňme-deňlik bilen tamamlanan ilkinji oýundyr.

MYHMANÇYLYKDAKY «HEZZET»: Şeýlelikde, «Balkan» şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda ilkinji goluny geçirdi.

«Altyn asyr» — «Ahal» (senesi üýtgedildi)

«Köpetdag» — dynç güni

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň