Tapgyryň umumy aýratynlyklary:
3 TAPGYRDA 27 FUTBOLÇY: Yzda galan 3 tapgyrda jemi 27 futbolçy derwezelere pökgi geçirdi.
3 TAPGYRDA 31 GOL: 27 futbolçynyň gatnaşan «gol şou»-da derwezelere 31 pökgi girizildi.
3 OÝUNDA 8 GOL: Ýöne entek ätiýaçda ýene bir duşuşyk bar.
ÝENE DEŇLIK ÝOK: Ýokary liganyň 25-nji möwsüminde entek hiç bir duşuşyk deňme-deňlik bilen tamamlananok.
«ALTYN ASYR» ÝAGDAÝY ÜÝTGEDERMIKÄ?: Enteg-ä tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň üçüsem ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Ätiýaçdaky duşuşykda «Altyn asyr» güýçli garşydaşyny ýeňip, ýagdaýy üýtgedip bilermikä?!
ÜÇEM GOŞALAR: Täze möwsümiň yzda galan üç tapgyrynyň hersinde bir futbolçy bir oýunda iki gezek tapawutlandy.
«Ahal» — «Turan» — 3:0
Gollar:
1:0, Gurbanguly Aşyrow 3’
2:0, Wahyt Orazsähedow 17’
3:0, Myrat Annaýew 69’
ANNAÝEWDEN 20 GOL: «Ahalyň» 7-ligi Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri 20-nji pökgüsini geçirdi.
«Şagadam» — «Merw» — 2:1
Gollar:
1:0, Ruslan Gurbanow (pen) 15’
1:1, Amangeldi Saparow 21’
2:1, Ruslan Gurbanow 61’.
ÇEMPIONLYGA DALAŞGÄR DÜZÜM «AÇYLYŞÝAR»: Bassyr ikinji ýeňşini gazanan «Şagadam» çempionlyk ýaryşyna goşuljak esasy bäsdeşleriň biri boljakdygyny ýene-de görkezdi.
TÄZE MÖWSÜMDE ILKINJI: Amangeldi Saparow şu möwsümde bassyr iki duşuşykda tapawutlanan ilkinji futbolçydyr.
ÝENE MYHMANÇYLYK, ÝENE BIR GOL TAPAWUT: «Merw» şu möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynyň ikisinde-de bir gol tapawudy bilen ýeňildi.
«Köpetdag» — «Aşgabat» — 2:0
Gollar:
1:0, Ilýa Salow 71’
2:0, Berdi Hotdyýew 90+2’.
ILKINJI UTUKLAR ÜÇIN 3 TAPGYR GARAŞYLDY: täze möwsümiň 3-nji tapgyrynda «Köpetdag» ilkinji utuklaryny gazandy.
IKINJI ÖMRÜŇ 40-njy GOLY: Geçen möwsüm Ýokary liga gaýtadan gaýdyp gelen «Köpetdag» şu duşuşykda 40-njy goluny geçirdi.
«Energetik» — «Altyn asyr» (senesi üýtgedildi)
«Balkan» — dynç güni