Soňky habarlar

Arhiw

Doha şäherinde Türkmenistanyň ýörite sergisi geçirilýär

15:3212.03.2017
0
1556

~~Düýn Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde ýörite serginiň işine badalga berildi. Döwlet Medeniýet merkeziniň Mili muzeýiniň, Türkmenistanyň Çeperçilik muzeýiniň bilelikde gurnan sergisinde türkmen halkynyň milli lybaslary, at bezegleri, şaý-sepler, çeperçilik eserleri hem-de Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna bagyşlanan kitaplar, sözlükler, tanyşdyryş bukjalary görkezilýär. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Katar döwletindäki ilçihanasynyň wekilleri, «Katara» Medeniýet merkeziniň ýolbaşçylary hem-de ýurtdaky diplomatlar gatnaşdylar. Sergi 3 günläp dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň