Soňky habarlar

Arhiw

Katarda Türkmenistanyň Medeniýet günlerine badalga berildi

15:3112.03.2017
0
1758

~~11-nji martda Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerine badalga berildi. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet minitriniň orunbasary Atageldi Şamyradow söz sözläp, bu dabaranyň iki dostlukly halkyň gatnaşyklarynyň röwşen geljegine goşant goşar diýip belledi. Şeýle hem ol bu dabaralary gurnamakda ýardam eden «Katara» Medeniýet merkeziniň müdiri Dr.Halid Bin Ibrahim Alsulaitini türkmen dony we telpegi bilen sylaglady.
Soňra türkmenistanly sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygyndaky «Dokmaçylar» folklor-tans topary, Kakadurdy Täjimow, Parahat Amandurdyýew, Akmuhammet Hanow, Suhan Orazberdiýew, Akjagül Annanowa, Zylyha Kakaýewa ýaly sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsertiň ahyrynda «Katara» Medeniýet merkeziniň müdiri türkmenistanly myhmanlara minnetdarlyk bildirdi.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň