Soňky habarlar

Arhiw

TÝL — 2017: 2-nji TAPGYR — GYZYKLY HASAPLAMALAR

16:2209.03.2017
0
1155

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýene deňlik ýok: Edil geçen tapgyrda bolşy ýaly, bu tapgyrda hem ähli duşuşyklar bir toparyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýene bir 4:0: «Şagadam» — «Ahal» duşuşygy hem, häzirlikçe, möwsümiň iň uly aratapawut bilen ýeňiş gazanylan duşuşyklarynyň biri — 4:0.

11 gol: Tapgyrda derwezelere 11 pökgi geçirildi.

Ýene-de ýer eýeleri öňde: Duşuşyklaryň üçüsinde ýer eýeleri, birinde myhmanlar ýeňiş gazandy.

«Turan» — «Energetik» — 0:1

Gol:

0:1, Guwanç Abylow 83’.

Bellik: 73-nji minutda «Energetikden» Annageldi Weliýew 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip bilmedi.

Iki ýeňiş — liderlik: Tapgyrda geçen gezekki ýeňijiler «Balkanyň», «Ahalyň» utulmagy, «Aşgabadyň» bolsa dynç almagy «Energetigi» ýaryş sanawynyň başyna çykardy.

«Energetik» — ilkinji: «Energetik» şu möwsümde myhmançylykda ýeňiş gazanan ilkinji topardyr.

«Merw» — «Köpetdag» — 4:1

Gollar:

1:0, Begenç Alamow 4’

1:1, Ýazgylyç Gurbanow 26’

2:1, Amangeldi Saparow 70’

3:1, Guwanç Ýagmyrow 90+4’

4:1, Guwanç Ýagmyrow 90+4’.

Iki bombardir, ikisem «Merwden»: Yzda galan iki tapgyrdan soň, ligada 2 gezek tapawutlanyp bilen iki futbolçy bar. Olaryň ikisem — Rustam Mätryzaýew hem, Guwanç Ýagmyrow hem «Merwde» çykyş edýär.

Saparowdan ilkinji gol: Amangeldi Saparow Ýokary ligadaky ilkinji pökgüsini geçirdi.

Her näme-de bolsa ilkinji: Toparyny utulyşdan halas edip bilmese-de, Ýazgylyç Gurbanow «Köpetdagyň» şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Topa tutan ýaly: «Merw» yzda galan iki duşuşykda garşydaşlarynyň derwezesinden 6 pökgi geçirdi.

Topa tutan ýaly 2: Indi iki tapgyr bäri «Merwiň» gatnaşýan duşuşyklary tapgyryň iň kän gol geçirilen duşuşygy bolýar. Edil geçen gezek bolşy ýaly, topar bu gezek hem 5 golly duşuşygyň bir parçasy boldy. Tapawudy: geçen tapgyrda ýeňlen «Merw» bu gezek ýeňiji!

Her duşuşyga — 1 gol: Şu wagta çenli Ýokary ligada 38 duşuşyk geçiren «Köpetdag» şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 38 gol geçirdi.

«Şagadam» — «Ahal» — 4:0

Gollar:

1:0, Aleksandr Boliýan 11’

2:0, Amir Gurbany 13’

3:0, Myrat Hamraýew 25’

4:0, Hydyr Ýakubow 90+3’.

 

70-e bir gol: 28 ýaşly hüjümçi Aleksandr Boliýan 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 69-njy pökgüsini geçirdi.

 

Dogduk mekana golly dolanyş: Ady «Şagadam» bilen tanalan Aleksandr Boliýan birnäçe möwsümden soň ýene-de dogduk şäheriniň toparyna gaýdyp gelip, onuň täze möwsümdäki ilkinji golunyň awtory boldy.

«Altyn asyr» — «Balkan» — 1:0

Gol:

1:0, Myrat Ýagşyýew 85’.

Ine-de, 80: Myrat Ýagşyýew 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligadaky 80-nji goluny geçirdi.

Möwsüme-de Naýbaşy başlangyç: Naýbaşy kubok duşuşygyndaky 2 goly bilen toparynyň ýeňşine uly goşant goşan Myrat Ýagşyýew häzirlikçe soňky çempionyň düzüminde tapawutlanan ýeke-täk futbolçy.

Ýagşyýew toparyň taryhyna girýär: «Altyn asyryň» düzüminde Ýokary ligadaky 24-nji pökgüsini geçiren Myrat Ýagşyýew toparda 2013-nji ýyldan bäri çykyş edýän futbolçylaryň arasynda iň kän tapawutlanan üçünji futbolçy boldy. Sanawyň başyny 58 gol bilen Süleýman Muhadow çekýär, 2-nji orunda bolsa Didar Durdyýew. Karýerasynyň iň parlak möwsümlerini «aragatnaşykçylarda» geçiren hüjümçi toparyň düzüminde Ýokary ligada 41 gezek tapawutlanypdy. D.Durdyýewiň bu möwsüm «Energetikde» oýnaýandygyny nazarda tutsak, M.Ýagşyýewiň möwsümiň soňuna çenli ikinji basgançaga geçmäge mümkinçiligi bar.

«Aşgabat» — dynç güni

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň