TÝL — 2017: 1-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

12:1505.03.2017
0
1122

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýeňiji — öý eýeleri: Duşuşyklaryň dördüsinde hem ýer eýeleri ýeňiş gazandy.
12 gol 11 futbolçydan: Tapgyrda derwezelere 12 pökgi girizildi. Deňeşdirmeli bolsa, geçen ýyl birinji tapgyrda 9 gol geçirilipdi, özi-de 5 duşuşykda.
Diňe biri: Tapgyrda myhmançylykda çykyş eden toparlardan diňe biri («Merw») ýer eýeleriniň derwezesine pökgi girizip bildi.

«Balkan» 4:0 «Turan»
Gollar:
1:0, Nurtagan Mämmedalyýew 3’
2:0, Mekan Saparow 61’
3:0, Hemra Amanmämmedow 69’
4:0, Yhlas Magtymow 84’.

Häzirlikçe birinji: Edil geçen möwsümde bolşy ýaly, «Balkan» bu möwsüme hem birinji orunda girişdi. «Öňüm gelenden, soňum gelsin».

70-e bir ädim: Hemra Amanmämmedow 2012-nji ýyldan bäri ligadaky 69-njy goluny geçirdi.

Ilkinji oýunda ilkinji gollar: «Balkanyň» düzümine täze goşulan Hemra Amanmämmedow bilen Yhlas Magtymow möwsümiň ilkinji duşuşygynda tapawutlandy.

«Aşgabat» — «Merw» 3:2

Gollar:
0:1, Rustam Mätryzaýew 21’
1:1, Pirmyrat Gazakow 30’
2:1, Gahrymanberdi Çoňkaýew 33’
3:1, Nurýagdy Muhammedow 63’
3:2, Rustam Mätryzaýew 67’.
 

Iki gol ýeňşe däl, bombardirlige ýetdi: Rustam Mätryzaýewiň duşuşykda geçiren iki goly toparyna ýeňiş getirmese-de, özüne birinji tapgyrdan soňra, bombardirlik sanawynyň başyna geçmäge ýeterlik boldy.

«Üç onlugy arka atan»: Nurýagdy Muhammedow 2012-nji ýyldan bäri ligadaky 30-njy goluny geçirdi.

«Ahal» — «Köpetdag» 1:0
Gol:
1:0, Didar Hajyýew 90+’.

Kapitan «alyp çykdy»: Tapgyrdaky goşmaça wagtda geçirilen ýeke-täk gol «Ahala» 3 utuk getirdi.

«Ahalyň» bombardiri — goragçy: Didar Hajyýew «Ahalyň» düzüminde 2012-nji ýyldan bäri iň kän gol geçiren goragçy. Entek toparda çykyş edýän hiç bir futbolça onuň deňinden geçmek başardanok.

«Energetik» — «Şagadam» 2:0
 Gollar:
1:0, Tirkiş Muhammetberdiýew 3’
2:0, Selim Nurmyradow 5’.

Topara aýagy düşdi: «Energetigiň» täze transferi Selim Nurmyradow ilkinji duşuşygynda tapawutlanmagy başardy.

Bellik: Tapgyrda «Altyn asyr» futbol topary dynç aldy.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň