Ýer eýeleriniň ýeňşi bilen birinji tapgyr tamamlandy

12:1305.03.2017
0
3368

4-nji martda Türkmenistanyň XXV Milli futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň üç duşuşygy geçirildi. Üçüsi hem ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlanan duşuşyklarda «Aşgabat» «Merwi» 3:2, «Ahal» «Köpetdagy» 1:0, «Energetik» «Şagadamy» 2:0 hasabynda ýeňdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, tapgyryň 3-nji martda geçirilen ilkinji duşuşygynda «Balkan» ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna wekilçilik edýän «Turany» jogapsyz pökgüleriň 4-si bilen ýeňlişe sezewar edipdi. 4-nji martdaky netijeleri hem göz öňünde tutanymyzda, birinji tapgyrdan soň, ýaryş tertibiniň birinji orny hem «Balkanyňky» boldy.

«Türkmenportalyň» habarçylary 4-nji martda «Ahal» bilen «Köpetdagyň» arasynda geçirilen duşuşyga gatnaşdy. Ýaňy-ýakynda Türkiýe Respublikasyndan türgenleşikden gelen ýer eýelerniň («Ahalyň») ýeňşine garaşylan hem bolsa, «Köpetdag» täze möwsüme juda taýýarlykly gelendigini duşuşygyň ilkinji minutlaryndan görkezdi. «Köpetdagyň» berk goragyndan geçmäge «Ahalyň» hüjümçileriniň birem ýol tapyp bilmedi. 90 minutlap dartgynly duşuşyk giden-de bolsa, möwsümiň ilkinji duşuşygyyň esasy wagtynda hasaby açmak iki topara-da başartmady. Halkara derejeli emin Jumamyrat Jumamyradowyň oýna goşan 4 minudynyň ahyrky sekuntlarynda «Ahalyň» kapitany — tejribeli goragçy Didar Hajyýew toparyna arzyly ýeňşi geçirdi. Duşuşygyň agramly böleginde goragda çykyş eden, ikinji ýarymda Ata Geldiýewiň oýna girmegi bilen ýarym goraga geçen uzyn boýly kapitan garşydaş toparyň derwezesiniň agzynda döredilen howply pursatlara hem başdan-aýaga gatnaşdy. Goşmaça minutlarda guralan ýiti hüjümleriň birinde Myrat Annaýew pökgini meýdanyň sag gyrasy bilen orta tarap oklady. «Köpetdagyň» futbolçylary ilki pökgini yza serpikdiren hem bolsalar, kapitanyň urgusyna çäre tapyp bilmediler. Şeýlelikde, ahyrky sekuntlarda ykbaly çözülen duşuşykda «Ahal» möwsüme ýeňiş bilen girişdi.
«Aşgabat» bilen «Merwiň» arasynda «Aşgabat» stadionynda geçirilen duşuşyk gündiz sagat 12-de başlandy. «Merwden» Rustam Mätryzaýewiň iki gezek tapawutlanyp, häzirlikçe, bombardirlik sanawynda birinji orna geçen duşuşygynda ýer eýeleriniň — «Aşgabadyň» gollaryny Pirmyrat Gazakow, Gahrymanberdi Çoňkaýew we Nurýagdy Muhammedow geçirdi.

«Energetik» bilen «Şagadamyň» arasynda Baýramaly şäherinde geçirilen duşuşygyň ykbalyny ilkinji 5 minut çözdi. Tirkiş Muhammetberdiýewiň we Selim Nurmyradowyň gollary bilen 5 minutda hasaby 2:0-a çykaran «energetikler» şondan soň, tä duşuşyk gutarýança täze möwsüme täze güýç bilen giren garşydaşlaryna hasaby deňlemäge, bolmanda bir jogap pökgüsini geçirmäge mümkinçilik bermediler.
Ýene bir möwsümi üç Kubok bilen tamamlan «Altyn asyryň» dynç alan tapgyrynda duşuşyklaryň ählisi hem ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. 2-nji tapgyryň duşuşyklary 2-nji martda oýnalar.

Türkmenistanyň Ýokary ligasy — 2017
1-nji tapgyr
4-nji martda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

«Aşgabat» — «Merw» 3:2
Gollar:
0:1, Rustam Mätryzaýew 21’
1:1, Pirmyrat Gazakow 30’
2:1, Gahrymanberdi Çoňkaýew 33’
3:1, Nurýagdy Muhammedow 63’
3:2, Rustam Mätryzaýew 67’.
«Ahal» — «Köpetdag» 1:0
Gol:
1:0, Didar Hajyýew 90+’.

«Energetik» — «Şagadam» 2:0
 Gollar:
1:0, Tirkiş Muhammetberdiýew 3’
2:0, Selim Nurmyradow 5’.

1-nji tapgyrdan soň ýaryş tertibi:
1. «Balkan» 1/3
2. «Energetik» 1/3
3. «Aşgabat» 1/3
4. «Ahal» 1/3
5. «Altyn asyr» 0/0
6. «Merw» 1/0
7. «Köpetdag» 1/0
8. «Şagadam» 1/0
9. «Turan» 1/0
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň