Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» futbol topary bassyr üçünji gezek ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy

19:1301.03.2017
0
9390

Şu gün «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň ýanaşyk futbol meýdanynda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda duşuşyk geçirildi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony we Kubogynyň eýesi «Altyn asyr» bilen Kubok ýaryşynyň finalçysy «Aşgabat» futbol topary duşuşdy.

Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga bassyr üçünji gezek gatnaşýan (umumylykda bäşinji gezek) «aragatnaşykçylar» 2014, 2015-nji ýyllaryň netijeleri boýunça hem bu kuboga eýe bolupdy. «Aşgabat» bolsa milli çempionatymyzyň naýbaşy toparyny kesgitleýän duşuşyga iň soňky gezek mundan 9 ýyl öň gatnaşdy. «Aragatnaşykçylar» Naýbaşy kuboga iki gezek mynasyp bolan bolsa, paýtagtyň adybir topary bir gezek gazandy.

Halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanowyň jürlewüginde soň, duşuşyga badalga berildi. Gyşky arakesmede düzümini täze oýunçylar bilen güýçlendiren toparlar 42-nji minuda çenli deňeçer oýny alyp bardylar. Duşuşygyň brinji ýarymynyň tamamlanmagyna 3 minut galanda «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew dörän mümkinçilikden peýdalanyp, pökgini «Aşgabadyň» derwezesine gönükdirdi. Derwezeçi Döwletmuhammet Jallatow bu urgyny gaýtarmagy başaran hem bolsa, şol pursatda derwezäniň agzyna gelen «aragatnaşykçylaryň» başga bir hüjümçisi Myrat Ýagşyýewiň urgusyna çäre tapmady. Şeýlelikde, birinji ýarym «Altyn asyryň» peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtleri ikinji ýaryma has okgunly başladylar. «Altyn asyryň» derwezesiniň agzynda birnäçe howply pursatlary döreden «Aşgabat» ahyrsoňy 66-njy minutda hasaby deňledi. Paýtagtyň adybir toparyndan Nurýagdy Muhammedow tapawutlandy. Şondan bary-ýogy birki minut soňra, «Aşgabadyň» futbolçylaryna hasapda öňe geçmäge hem mümkinçilik boldy. «Altyn asyryň» goragçylarynyň biriniň jerime meýdançasynyň içinde hüjümçi Berdi Şamyradowy ýykmagy bilen, «aragatnaşykçylaryň» derwezesine 11 metrlik jerime urgusy bellenildi. Jerime urgusyny 35 ýaşly tejribeli hüjümçiniň özi ýerine ýetirdi. Derwezäniň sag burçuna tarap gönükdirilen güýçli urgyny «aragatnaşykçylaryň» derwezeçisi Mämmet Orazmuhammedow ussatlyk bilen gaýtarmagy başardy.

Şondan soň duşuşygyň ahyrky minutlaryna çenli hasap üýtgemedi. Her kim goşmaça ýarym sagatlyk wagta garaşyp otyrka, duşuşygyň esasyna wagtyna goşulan wagtyň 3-nji minudynda Myrat Ýagşyýew çep gyradan guralan owadan hüjüm bilen hasaby «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna 2:1-e ýetirdi. Şu pökgi hem duşuşygyň ykbalyny çözdi. Şeýlelikde, Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyklara jemi  gezek gatnaşan «Altyn asyr» soňky 3 ýylyň dowamynda bu kubogy garşydaşlarynyň hiç birine bermedi — ýene bir gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Şu ýerde «Altyn asyryň» düzüminde iki gezek tapawutlanan hüjümçi Myrat Ýagşyýew bilen baglanyşykly täsin bir maglumatyň ýüze çykýandygyny nygtamak gerek. Futbol oýnan ýyllarynda iki gezek Naýbaşy Kubok ugrundaky duşuşyklara gatnaşyp gören hüjümçi, jemi 4 gezek tapawutlandy. Has takygy, «aragatnaşykçylaryň» Naýbaşy kubok ugrunda geçen ýyl geçiren duşuşygy hem 2:1 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlanypdy we şol duşuşykda-da pökgüleriň ikisini hem Myrat Ýagşyýew geçirdi. Biz duşuşykdan soň, hüjümçi bilen söhbetdeş bolduk, ol şatlygyny şeýle beýan etdi:

— Hakykatdan-da, soňky iki ýylyň dowamynda Naýbaşy kubok duşuşyklarynda toparymyzyň adyndan ähli pökgüleri geçirmek mende çäksiz şatlyk döredýär. Men — hüjümçi, öz işimi ýerine ýetriýärin. Esasy üstünlik topardaşlarymyza degişli. Tälimçilerimizi, topardaşlarymyzy üçünji Naýbaşy kubok bilen gutlaýaryn. Höwri kän bolsun!

Naýbaşy kubok duşuşygy täze möwsümiň hem badalgasyna öwrüldi. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji möwsümine 3-nji martda badalga berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň