Soňky habarlar

Arhiw

Naýbaşy Kubok: 3-nji kubokmy ýa 2-nji

23:4828.02.2017
0
4240

1-nji martda «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda futbol duşuşygy geçiriler. Ýylyň iň güýçli toparyny kesgitleýän bu duşuşyk indi 12-nji sapar geçirilýär. Bu gezek 2015-nji ýylyň futbol möwsüminiň çempiony «Altyn asyr» bilen Türkmenistanyň Kubogynyň finalçysy «Aşgabat»  topary duşuşar. Duşuşygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy bilen baglanyşykly käbir sanlara we maglumatlara ünsüňizi çekmek isledik:

— «Aşgabat» 9 ýyllyk arakesmeden soňra, ýene-de Naýbaşy kubok üçin göreşer. Toparyň muzeýinde ýekeje Naýbaşy kubok bar. Ol hem mundan 10 ýyl ozal gazanyldy;

— «Altyn asyr» Naýbaşy Kubok duşuşygyna taryhynda bäşinji gezek gatnaşýar. Mundan öň 2009, 2011, 2015, 2016-njy ýyllarda Naýbaşy Kubok üçin duşuşyklara gatnaşan «aragatnaşykçylar» iki duşuşykda ýeňlip, ikisinde kuboga mynasyp boldy;

— Eger şu duşuşyk «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlansa, topar taryhyndaky ikinji Naýbaşy Kubogyny gazanar. Ýeňiş «Altyn asyryň» tarapynda bolsa, onda topar bassyr üçünji gezek Naýbaşy Kubogy eýeläp, «Balkanyň» rekordyna şärikdeş bolar;

— Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyna iň kän mynasyp bolan topar HTTU bilen «Balkandyr». Olaryň her haýsy Naýbaşy Kubogy 3 gezek eýeledi. Şu gezekki ýeňiş «aragatnaşykçylary» rekordçylaryň sanawyna goşup biler.

— HTTU Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyklara iň kän gatnaşan topardyr. «Talyplar» yzda galan 12 duşuşygyň 6-syna gatnaşdylar. Ikinji orunda bolsa «Altyn asyryň» ady gelýär. «Aragatnaşykçylar» Naýbaşy Kubogyň 5 duşuşygyna (şu gezekki bilen bile) gatnaşdylar.

— Yzda galan 11 duşuşykdan soňra, Naýbaşy Kubok ugrunda biri-biri bilen iň kän duşuşan toparlar HTTU bilen «Balkandyr». Bu toparlaryň arasynda geçirilen 3 duşuşygyň ikisi «Balkanyň» ýeňşi bilen tamamlandy;

— Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrunda geçirilen 11 duşuşygyň 3-sinde ýeňiji 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi;

— Ýokary ligada 2005-nji ýyldan bäri çykyş eden toparlaryň 7-si Naýbaşy Kubok duşuşyklaryna gatnaşyp gördüler. Şolardan ikisi — «Şagadam» entek Naýbaşy Kuboga mynasyp bolup görenok.

— «Balkan» we «Altyn asyr» Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogynyň duşuşyklaryna bassyr 3 gezek gatnaşyp bilen toparlardyr.

 

Şu wagta çenli geçirilen Naýbaşy Kubok duşuşyklarynyň netijeleri:

 

2005: HTTU 4 — 1 «Merw» (Mämmedaly Karadanow 5, 67, Berdi Şamyradow 86, 90+3 — Oleg Ýüzbaşýan 3)

2006: «Balkan» 3 — 2 HTTU (Hojaahmet Arazow 7, Hemra Amanmämmedow 52, Rahmanguly Baýlyýew 80 (pen) — Berdi Şamyradow 13, Begli Nurmyradow 67)

2007: «Aşgabat» 1 — 1 «Şagadam» (11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 3 — 2)

2008: «Merw» 3 — 2 «Aşgabat» (Witaliý Alikperow 8, 85, Dawid Aýrumýan 20 — Parahat Annaberdiýew 43, Arif Mirzoýew 71)

2009: HTTU 3 — 0 «Altyn asyr» (Döwran Allanazarow, Berdi Şamyradow (pen), Begli Nurmyradow)

2010: Geçirilmedi

2011: «Balkan» 4 — 2 «Altyn asyr» (Ýewgeniý Tkaçenko 35, Witaliý Alikperow 48, 63, Guwançmuhammet Öwekow 84 — Begmyrat Balakaýew 45, Ýusup Orazmämmedow 83)

2012: «Balkan» 2 — 1 HTTU (Gahrymanberdi Çoňkaýew 10, Nurgylyç Diwanow 90+5 — Berdi Şamyradow 89)

2013: «Balkan» 1 — 1 HTTU (11 metrlik jerime urgularyndan 3 — 4. Gollar: Wladimr Baýramow 70 — Hemra Amanmämmedow 90)

2014: HTTU 2 — 4 «Ahal» (Nurýagdy Muhammedow 9, 41 — Serdaraly Ataýew 17, Ata Geldiýew 35, Gahrymanberdi Çoňkaýew 55, Amir Gurbany 84)

2015: “Altyn asyr” 3 — 0 «Ahal» (Begenç Annagurbanow 27, Süleýman Muhadow 34, 79)

2016: “Altyn asyr” 2 — 1 «Şagadam» (Myrat Ýagşyýew 68, 92 — Yslam Muhadow 79)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň