Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Ispaniýadaky ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi

10:2923.02.2017
0
1527

Düýn Ispaniýada okuw-ýygnanşygyny geçirýän futzal boýunça milli ýygyndymyz ýurduň birinji ligasynda çykyş edýän «Denie» futzal topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 6:5 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy. Türkmen türgenlerinden Allamyrat Gurbanow bilen Gurbanýaz Sähedowyň iki sany 10 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp bilmedik duşuşygynda, hasaby ilki bilen «Denie» toparynyň futzalçylary açdylar. Birinji ýarymy 3:1 hasabynda tamamlanan duşuşygyň galan böleklerinde ildeşlerimiz tijenip 4:4-lik deňlige baryp bilen-de bolsalar, arzyly ýeňiş kyn düşdi. Şeýlelikde, 6:5 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlanan duşuşykda Allamyrat Gurbanow 2, Maksat Soltanow, Öwezbaý Muhammetmyradow, Geldimuhammet Aşyrlyýew dagylar bir gezekden tapawutlandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň