Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinden interwýu

09:5923.02.2017
0
1505

Emre Toklu,

Türkiýäniň «Ektam» kompaniýasynyň wekili:

— «Ektam» — gazly içginleriniň we miwe suwlarynyň tehnologiýasyny öndüriji kompaniýa. Dünýäniň 20 döwleti bbilen hyzmatdaşlyk saklaýan kompaniýamyz Türkmenistanda «Arçalyk» suw zawody bilen işleşýär. «Arçalyk» bilen hyzmatdaşlygymyz uzak ýyllara daýanýar. Biz bu zawody önümiçilige görnetin täsir etjek täze tehnologiýalar, enjamlar bilen ýygy-ýygydan üpjün edip durýarys. Hünärmenlerimiz bolsa enjamlara hemişelik gözegçiligi amala aşyrýar.

Biziň bu sergä gatnaşyşymyz ilkinji gezek däl. Her gezek gelenimizde, biziň önümlerimize uly isleg bildirilýär. Şu gezek hem täze geleşikleriň baglaşyljakdygyna bil baglaýarys. Ata Watanymyzda geçirilýän sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna, hususan-da, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallyk bildirýäris. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň