Arhiw

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinden interwýu

09:5823.02.2017
0
1176

Ugur TURAN,

«Dekor» kompaniýasynyň wekili:

— Köpugurly sergä biziň kompaniýamyz boýag enjamlary bilen gatnaşýar. Enjamlarymyz binalaryň diwarlarynyň boýag işlerini alyp barmaga niýetlenendir. Kompaniýamyz 1966-njy ýylda Stambul şäherinde döredildi. Häzirki wagtda 350 töweregi işgärimiziň goldawy bilen önümlerimiziň görnüşleriniň sany 650-den hem geçdi. Hepdäniň ýedi gününde arakesmesiz işleýän kompaniýamyz eksport boýunça dünýäniň 42 döwleti bilen hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan hem biziň iň ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biri. Biz ata Watanymyzda dört ýyldan bäri iş alyp barýarys. Biziň Türkmenistandaky müşderilerimiz, esasan, gurluşyklaryň boýag işleri bilen meşgullanýan boýagçylar, hususy kärhanalar we beýlekiler.

Ykdysadyýeti barha ösýän Türkmenistanda geçirilýän sergä gatnaşmak biziň üçin uly tejribe mekdebi. Sergä gatnaşyjylaryň arasynda türkmenistanly kärdeşlerimiziň hem bolmagy tejribe alyşmaga gowy mümkinçilik boldy. Umuman, bu sergi türkmenistanly işewürleriň Türkiýäniň ykdysady gazananlary bilen has içgin tanamaga mümkinçilik berýär. Serginiň işine we türkmen-türk gatnaşyklaryna mundan beýläk hem rowaçlyk arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň