Выберите категорию
Последние Новости
Опрос

Публикации

Futbol. Türkmenistanyň Kubogy. «Şagadam» — «Energetik» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

Futbol. Türkmenistanyň Kubogy. «Şagadam» — «Energetik» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
  • Indi iki möwsüm bäri Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky duşuşyklara öz meýdanynda başlaýan «Şagadam» geçen ýylky çärýek finala-da, bu ýylka-da ýeňiş bilen girişdi.
  • Soňky iki möwsüm bäri, «Şagadam» Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynda Mary şäheriniň toparlary bilen duşuşýar.
  • Şu duşuşyk ýer eýeleriniň Türkmenistanyň Kubogyndaky 73-nji duşuşygydyr.
  • Duşuşykda gazanylan ýeňiş «Şagadamyň» Türkmenistanyň Kubogyndaky 31-nji ýeňşi boldy.
  • «Şagadam» şu duşuşykda Hemra Amanmämmedowyň «Energetigiň» derwezesine...

«Astana» — bary-ýogy 6 ýaşly futbol kluby Ýewropanyň çempionlar ligasynda

«Astana» — bary-ýogy 6 ýaşly futbol kluby Ýewropanyň çempionlar ligasynda

Futbolyň täsinlikleriniň ýene birine şaýat bolduk. «Astana» atly futbol kluby Gazagystanda mundan bary-ýogy 6 ýyl öň — 2009-njy ýylda öňki «Alma-Ata» we «Megasport» futbol toparlarynyň birleşdirilmegi bilen emele geldi. Şol wagt klubyň ady «Lokomotiw Astanady».

Uly umyt bilen döredilen täze klubyň UEFA-nyň çägindäki duşuşyklara gatnaşyp bilmegi üçin ýörite rugsatnamany almagy gerekdi. Klup munuň üçin 3 ýyl...

Ýewropanyň öňdebaryjy ligalaryna gysgaça syn

Ýewropanyň öňdebaryjy ligalaryna gysgaça syn

Italiýadyr Ispaniýada hem çempionatyň täze möwsüme badalga almagyndan soň, yklymyň öňdebaryjy çempionatlaryndan başlamadygy galmady. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda geçen tapgyrda 0-0 hem-de 1-1 hasabynda deňlikde gutaran duşuşyklaryň köplügi aýratyn ünsi çekdi. Angliýada 3, Ispaniýada 4, Fransiýadyr Russiýada-da 1 oýunda hasap açylmady. Şol sanda Angliýada 3, Germaniýada 4, Russiýada 2 duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Italiýada ýurduň...

21-nji tapgyr: gyzykly maglumatlar

21-nji tapgyr: gyzykly maglumatlar

Tapgyryň umumy häsiýetnamasy:

Üstünlik ýer eýelerinde: Tapgyrda 3 duşuşykda ýer eýeleri, bir duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy. Bir duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

Her 10 tapgyrdan: Dogry, bir oýunçynyň bir duşuşykda 4 gol geçirip bilmegi aňsat däl. Ýokary ligada bu ýagdaý her 10 tapgyrdan bir gezek gabat geldi. Şu wagta çenli bir duşuşykda 4 gol geçirip bilen (gürrüň...

TÝL — 2015: 21-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN ÖŇ KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR

TÝL — 2015: 21-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN ÖŇ KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR

HTTU — «Daşoguz»

Üçünji tapgyrda enteg-ä diňe ýeňlip gelýän iki toparyň duşuşygynda köp sanly janköýerler ýaly, biz hem HTTU-nyň ýeňşine garaşýarys. Çünki möwsümiň netijelerine seredeniňde-de «Daşoguzyň» HTTU-a görä-de şowsuz çykyş edýändigini görmek kyn däl. Ýöne «talyplaryň» duşuşykda has köp gol geçirmegine (azyndan 3 gol) garaşyp bolarmy? Dogry, «Daşoguz» HTTU bilen 3-nji tapgyrda duşuşan «Daşoguz» däl. Şol...

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: «Energetik» — «Köpetdag» duşuşygyndan soň, gyzykly hasaplamalar

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: «Energetik» — «Köpetdag» duşuşygyndan soň, gyzykly hasaplamalar

Şol bir görkezijiler, ýöne netije başga: Kubok ýaryşynda «Energetik» hem, «Köpetdag» hem dört duşuşyk geçirdi. Toparlaryň ikisi hem şol duşuşyklaryň üçüsinde ýeňiş gazanyp, diňe birinde ýeňildiler. Ýöne, görşüňiz ýaly, netije «Energetigiň» peýdasyna. «Energetik» Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyndan geçiren gollarynyň sanynyň artykmaçlygy boýunça nobatdaky tapgyra çykmagy başardy.

Hojaberdiýew Kubok ýaryşynyň iň gowusy: Türkmenistanyň Ýokary ligasynda-da «Energetigiň» iň netijeli...

TÝL — 2015: 20-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN SOŇRA GYZYKLY HASAPLAMALAR

TÝL — 2015: 20-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN SOŇRA GYZYKLY HASAPLAMALAR

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

80 futbolçy tapawutlandy: Şu möwsümde gol geçiren oýunçylaryň sany 80-e çykdy.

Dört möwsüm boýunça: Şu tapgyrdan soňky soňky dört möwsümde (2012 — 2015, 20-nji tapgyrdan soň) Ýokary ligada 1 oýunçy 70 we ondan kän, 3 oýunçy 60 we ondan kän, 5 oýunçy 50 we ondan kän, 8 oýunçy 40 we ondan kän, 11 oýunçy 30 we...

«Türkmenistanyň Kubogy — 2015»: «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar:

«Türkmenistanyň Kubogy — 2015»: «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar:

«Energetigiň» 1-nji ýarymy: Şu duşuşykda ilkinji bolup hasaby açan «Energetik» topary Türkmenistanyň Kubogy ugrunda geçiren duşuşyklarynyň üçüsinde-de derwezelere diňe duşuşygyň birinji ýarymynda gol geçirip bildi. Bu gezek hem Kerim Hojaberdiýew 12-nji minutda myhmanlary öňe çykardy.

Hojalygurban Türkmenistanyň Kubogynyň iň gowusy: Şu duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, iki duşuşykda 3 gol geçiren Hojalygurban Öwezow («Köpetdag») Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iň...

«Türkmenistanyň Kubogy — 2015»: «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygyndan öň kabir sanlar, maglumatlar

«Türkmenistanyň Kubogy — 2015»: «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygyndan öň kabir sanlar, maglumatlar

Ýurdumyzdaky futbol duşuşyklary 12-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda geçiriljek «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygy bilen dowam eder. Mälim bolşy ýaly, 1-nji hem-de 4-nji awgustda geçirilen duşuşyklaryň netijesinde «Köpetdag» «Merwden», «Energetik» bolsa «Daşoguzdan» üstün çykyp, nobatdaky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.

Häzirki duşuşyklaryň esasy maksadynyň ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň dörtden bir finalynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» garşydaşyny ýüze çykarmakdan ybaratdygyny...

ÝOKARY LIGANYŇ 19-NJY TAPGYRYNDAN SOŇ, KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR

ÝOKARY LIGANYŇ 19-NJY TAPGYRYNDAN SOŇ, KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR

MUHADOW ÝAGŞYÝEWIŇ YZYNDAN ÝETDI ýa-da ÝOKARY LIGANYŇ 19-NJY TAPGYRYNDAN SOŇ, KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR:

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýeňiji — öňdebaryjylar: Tapgyrda geçirilen duşuşyklarda ýaryş tertibinde ilkinji 5 orunda barýan toparlar ýeňiş gazandy

Ýa ýeňiş, ýa utulyş: Tapgyrda deňlik bilen tamamlanan duşuşyk ýok.

5 oýunda 14 gol: Tapgyrda derwezelere 14 gol girizildi. Mundan öň 7-nji hem-de 13-nji tapgyrlar 14 gol bilen...

TÝL – 2015: 19-njy tapgyryň duşuşyklaryndan öň käbir çaklamalar, sanlar, maglumatlar

TÝL – 2015: 19-njy tapgyryň duşuşyklaryndan öň käbir çaklamalar, sanlar, maglumatlar

HTTU — «Balkan»

Ýokary liganyň 3-nji aýlawy 8-nji awgustda HTTU bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşyk bilen başlanar. Mundan iki ýyl öňki iň möhüm duşuşyk ähmiýetini biraz ýitiren HTTU — «Balkan» duşuşygynda kimiň has rüstemdigini çaklamak kyn. Ýöne soňky 2 ýyl bäri HTTU-nyň öz meýdanynda «Balkandan» asgyn gelmeýändigini aýdyp bileris.

Ýeňiş bolsa toparlaryň ikisi üçin hem möhüm. Şol sanda...

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: saýlama tapgyryň jogap duşuşygyndan soň käbir sanlar, maglumatlar

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: saýlama tapgyryň jogap duşuşygyndan soň käbir sanlar, maglumatlar

«Köpetdag» — «Merw» 2:0 (iki duşuşygyň jemi boýunça 3:0)

«Daşoguz» — «Energetik» 1:0 (iki duşuşygyň jemi boýunça 3:0)

Ýene 1:0, ýene 2:0: 4-nji awgustda geçirilen duşuşyklarda hem edil 1-nji awgustdaky duşuşyklara meňzeş hasaplar alyndy. Ýadyňyzda bolsa, 1-nji awgustda «Köpetdag» «Merwi» 1:0 hasabynda, «Energetik» bolsa «Daşoguzy» 2:0 hasabynda ýeňipdi. Bu gezek welin tersine boldy: «Köpetdag» — «Merw» 2:0,...

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: jogap duşuşyklary barada pikirler, sanlar, maglumatlar

Türkmenistanyň Kubogy — 2015:  jogap duşuşyklary barada pikirler, sanlar, maglumatlar

4-nji awgustda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji saýlama oýunlarynyň jogap duşuşyklary geçiriler. Paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda we Daşoguz şäherindäki sport toplumynda geçiriljek duşuşyklarda «Köpetdag» «Merwi», «Daşoguz» «Energetigi» kabul eder.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 1-nji awgustda bolan ilkinji duşuşyklarda Türkmenistanyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan toparlar «Köpetdag» bilen «Energetik» ýeňiş gazandy. Mary şäheriniň «Merw» topary bolsa...

Türkmenistanyň Kubogy — 2015: ilkinji duşuşyklar barada käbir pikirler, sanlar, maglumatlar

Türkmenistanyň Kubogy — 2015:  ilkinji duşuşyklar barada käbir pikirler, sanlar, maglumatlar

1-nji awgustda futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa badalga berler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp bolan toparyň AFK-nyň derejesindäki ýaryşa gatnaşdyrylmagy Kubogyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Bu bolsa Kubok ugrundaky ýaryşyň has-da çekeleşikli geçmegine sebäp bolýar.

Mälim bolşy ýaly, milli çempionatymyzyň ikinji aýlawyndan soňra, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Altyn asyr» topary iň ýakyn garşydaşyndan 10 utuk...

TÝL 2015: Iki aýlawyň soňundan sanlar we maglumatlar

TÝL 2015: Iki aýlawyň soňundan sanlar we maglumatlar

Iki aýlawdan soňra Ýokary liganyň iň netijeli hüjümçileri:

1. Myrat Ýagşyýew, «Balkan», 18 gol;

2. Süleýman Muhadow, «Altyn asyr», 16 gol;

3. Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal», 15 gol.

 

Iki aýlawdan soň:

— 6 futbolçy 10 we ondan kän gol geçirdi;

— 18 futbolçy 5 we ondan kän gol geçirdi.

— 5 futbolçynyň 4 goly bar;

— 10 futbolçynyň 3 goly bar;

— 12 futbolçynyň 2...

TÝL – 2015, 18-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

TÝL – 2015, 18-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

Meňzeş hasaplaryň tapgyry: Tapgyrda iki duşuşyk 1:1, iki duşuşyk hem 4:0 hasabynda tamamlandy

Ýene şol san: Tapgyrda 13 gol bar. Şeýlelikde Ýokary liganyň ikinji aýlawynyň soňky 3 duşuşygynyň 3-sinde-de derwezelere 13 gol girdi.

Ýer eýeleri rüstem: Iki duşuşygy deňlik bilen tamamlanan tapgyrda 3 oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.

Iki aýlawda-da: Şu tapgyrda iki duşuşyk 4:0 hasabynda tamamlandy. Täsin...

18-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY: MAGLUMATLAR, ÇAKLAMALAR

18-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY: MAGLUMATLAR, ÇAKLAMALAR

“Hazyna” – HTTU

Tapgyr Ýokary liga wekilçilik edýän iki sany ýokary okuw mekdebiniň futbol toparlarynyň duşuşygy bilen açylar. Taryhynda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan HTTU möwsümde ikinji gezek “ykdysadyýetçi” talyplaryň “Hazynasy” bilen duşuşýar. Toparlaryň arasynda birinji aýlwda bolan duşuşykda jogapsyz gollaryň 2-si bilen HTTU ýeňiş gazanypdy.

Bu gezek kim ýeňer? “Hazyna-da”, HTTU-da soňky tapgyrlarda şowly çykyş edýär....

Ýaryş tertibini özgerden tapgyr ýa-da ýokary liganyň 17-nji tapgyryndan soňra gyzykly hasaplamalar

Ýaryş tertibini özgerden tapgyr ýa-da ýokary liganyň 17-nji tapgyryndan soňra gyzykly hasaplamalar

Ýene bir 13 golly tapgyr: Tapgyrda geçirilen 5 duşuşykda derwezelere 13 pökgi girizildi. Indi bassyr iki tapgyr 13 gol bilen tamamlanýar. Ýatladýarys, 16-njy tapgyryň duşuşyklarynda hem derwezelere 13 gol geçirilipdi. 
Ýekeje penalty: Tapgyryň gollarynyň diňe birisi 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi.
Myhman hormaty: Tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň diňe birinde ýer eýeleri (HTTU) ýeňiş gazandy. Edil şonuň...

Woleýbolçy bolup bilmedik futbolçy ýa-da ýaş futbol ýyldyzy Serdar Azmun bilen soňlanmadyk söhbetdeşlikden parçalar

Woleýbolçy bolup bilmedik futbolçy ýa-da ýaş futbol ýyldyzy Serdar Azmun bilen soňlanmadyk söhbetdeşlikden parçalar

2015-nji ýylyň 15-nji iýuny. Dünýä çempionaty —2018-iň saýlama oýunlarynyň çäginde Türkmenistanyň ýygyndysynyň yklymyň reýtinginde öňdäki orny eýeleýän Eýran Yslam Respublikasynyň topary bilen geçiren duşuşygynyň öň ýanyndaky gün. Daşogzuň häzirki zamanyň ösen talaplaryny ödeýän adybir myhmanhanasy. Dogrusy, şol gün bize — belli futbol teswirleýjimiz Amanmuhammet Çaryýew bilen kärdeşimiz Aleksandr Werşinin üçümize ýaş futbol ýyldyzy, Russiýanyň premýer...

TÝL – 2015, 17-nji tapgyryň duşuşyklary: çaklamalar, maglumatlar

TÝL – 2015, 17-nji tapgyryň duşuşyklary: çaklamalar, maglumatlar

HTTU — «Merw»

17-nji tapgyryň duşuşyklary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbol meýdanynda geçiriljek HTTU — «Merw» duşuşygy bilen başlar. Häzirki wagtda deň utuk bilen 6-njy orny paýlaşýan bu toparlaryň güýji biri-biri bilen deňeçer. Hatda Maryda geçirilen duşuşyklarda «Merwiň», Aşgabatdaky oýunlarda bolsa HTTU-nyň rüstem gelýändigini birnäçe ýola gördük. Şu duşuşykda hem toparlaryň ikisine-de deňeçer baha berilýär. Hatda toparlaryň...

Рейтинг@Mail.ru