Последние новости

Архив новостей

2016-njy ýylda ekrana çykmagyna garaşylýan 10 ylmy-fantastiki film

0
14515

2016-njy ýyl ylmy-fantastiki filmler üçin ajaýyp wakalaryň beýan edilýän we täze taslamalaryň öňe çykýan bir ýyly hökmünde tapawutlanyp biler. Mümkin boldugyça dürli temalary bilen hemmesi biri-birinden akylly düzülen birnäçe filmleriň öňümüzdäki aýlarda ekrana çykyp, tomaşaçylary begendirmegine garaşylýar Biz size 2016-njy ýylda tomaşa etjek 10 sany ylmy-fantastiki filmleriňizi hödürleýäris.

 “5-nji tolkun” (The 5th Wave)

“Garaşsyzlyk güni” (Independence Day) filminiň Älem wakalaryny beýleki Älem wakaly film “Ynsan ruhuny ele geçiren” (Invasion of the Body Snatchers) bilen baglanyşdyran “5-nji tolkun” filminiň baş gahrymanynyň rolunda, soňky döwürde ýyldyzlaşan ýaş aktýor Kloýe Gras Mores çykyş edýär. Bu filmde özünden kiçi doganyny Älem söweşlerinden alyp çykmaga çalyşan Kassiniň başdan geçirmelerini beýan edýär. Kassiniň roluny ýerine ýetiren Mores üçin bu film ýanynda oňa ýoldaşlyk eden hiç bir tejribeli aktýor bolmazdan ýeke özüniň baş gahrymanyň roluny ýerine ýetiren ilkinji uly çykdajyly filmi bolmak aýratynlygyny özünde saklaýar.

 

 

“Ýarygije aýratynlygy” (Midnight Special)

“Ýarygije aýratynlygy” (Midnight Special) filmi ylmy-fantastiki ugra gyzyklanýanlar üçin ýylyň iň gyzyklandyryjy işlerinden biri bolar. “Gaçybatalga” (Take Shelter) we “Palçyk” (Mud) filmleri bilen tanalýan tejribeli rejissýor Jeff Nikolsyň elinden çykan filmde aýratyn güýçlere eýe bolan bir çaganyň, kakasy tarapyndan döwlet işgärlerinden goralyşy baradaky waka aňladylýar. Bu film, geçen aýlarda ýaýradylan mahabatlary arkaly bilnişine görä “garaňkylykda duran” bir ajaýyp gahrymanyň başdan geçirmeleri hökmünde aýdylyp bilner.

 

 

 

“Garaşsyzlyk güni: Diriliş” (Independence Day: Resurgence)

Birnäçe wagtdan bäri dowam edip gelýän wakalaryň yzygiderliligini aňladýan bu film, ilkinji filminiň yzyndan 20 ýyldan soň durmuşa geçirildi. “Garaşsyzlyk güni: Diriliş” (Independence Day: Resurgence) filmi üçin edip boljak iň gowy pikir: bu gezek başga saýýaralylaryň biziň dünýämize has uly gämiler bilen çozmakçy bolmaklary bolup biler. Bu köpmetražly filmde ajaýyp zatlaryň boljakdygy baradaky isleglerimiziň nähili derejede amala aşjakdygy barada hiç zat mälim bolmasa-da onuň tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekip biljekdigi ikuçsuzdyr.

 

 


“Hüjre” (Cell)

Meşhur ýazyjy Stiwen Kingiň ýene-de bir romany teatrlaryň ekranyny bezär. Bu gezek filmiň ssneraýasyny hem Kingiň özi ýazýar. Her näme-de bolsa “Hüjre” (Cell) filmine tomaşa etmek üçin mundan gowy sebäp bolup bilmez. Jübi telefony arkaly ýaradylan gizlin bir ses tolkunynyň dünýäni bidüzgünçiliklere eltendigi we tolkunyň täsir eden her bir adamynyň gana suwsan mahluga öwrülýän bir dünýäsinde bolup geçýän başdan geçirmeler beýan edilýär. Filmi tomaşa edýän wagtymyz, her niçik hem bolsa, hiç kim garaňky kinoteatrlarda telefonyny oýnamaga ýürek edip bilmez. Stiwen King, bu döwrebap tehnologiýa enjamlaryna näçe ýigrenç bilen bakdygyça bize hem okamak üçin ajaýyp romanlar we tomaşa etmäge filmler sowgat edýär.

 

 


“Biziň aramyzdaky Älem” (The Space Between Us)

Martin Skorseseniň rejissýorlyk eden “Hugo” (Hugo) filmi arkaly bize tanyş bolan Asa Butterfieldi we geçen ýyl ekrana çykan “Ertir meýdany” (Tomorrowland) filminiň ýaş ýyldyzy Britt Robertsony bir ýere getiren hem-de bilelikde surata düşen “Biziň aramyzdaky Älem” (The Space Between Us) filminde, alymlar tarapyndan Mars saýýarasynda ýetişdirilen bir ýaş adamyň bir gün biziň dünýämize yzyna gelip, kakasyny tapmak üçin eden işleriniň wakasy beýan edilýär. Bu film şol bir wagtda New Mexico welaýatynda ýer alan “Spaceport America” atly Älem stansiýasynda surata düşürilen ilkinji film bolmak aýratynlygyny hem elinde saklaýar.

 

 


“Halka” (The Circle)

        Harry Potteriň başdan geçirmeleri arkaly bize tanyş bolan ýaş aktýor Emma Watsonyň baş gahrymanyň rolunda ýer alan “Halka” (The Circle) filminde, bir uly tehnologiýa şereketinde işe başlaýan zenanyň, bu ýerde tanyşan syrly bir adam bilen arasynda bolup geçen başdan geçirmeleriň hekaýasy beýan edilýär. Wakalaryň gidişi hakda heniz başga hiç hili maglumat mälim edilmedik bu filmiň iň üns çekýän tarapy bolsa, ol syrly adamyň rolunda meşhur aktýor Tom Hanksyň oýnamak mümkinçiligi bolup durýar. Jeýms Pansolt rejissýorlyk eden, ylmy-fantastiki ugura kän bir galtaşmaýan bolsa-da, “Halka” (The Circle) filminiň köpçüligiň ünsüni özüne çekmegi başaran taslamadygyny aýtmak gerek.

 

 


“Ýolagçylar” (Passengers)

Geçen ýyl ady “Ýasama oýun” (The Imitation Game) filmi bilen meşhurlyk gazanan rejissýor Morten Tyldum, “Prometeý” (Prometheus) filmini ýazan Jon Speýt bilen bilelikde wakalaryň gidişi gulaga hoş ýakýan bir ylmy-fantastiki taslamasy bilen täze ýyla aýak basdylar. Bakna ýerleriň arasynda gatnawy ýerine ýetirýän uly ýolagçy gämisinde ýalňyşlyk bilen wagtyndan öň oýanan bir ýolagçynyň 60 ýyllyk syýahatynyň dowamynda ýalňyz galmazlyk üçin başga bir ýolagçyny hem ukudan oýarmagynyň hekaýasyny aňladýan filmiň oýunçy kadrlary hem meşhurlygy bilen tapawutlanýar. Ýolagçylardan birini Kris Pratt janlandyran bolsa, beýlekisiniň rolunda Jennifer Lawrens hereket edýär.

 


“Siziň durmuşyňyzyň hekaýasy” (Story of Your Life)

Denis Willeneýwe soňky ýyllaryň iň ajaýyp rejissýorlaryndan biri bolmagyny dowam etdirýär. “Tussaglar” (Prisoners), “Duşman” (Enemy) we “Sicario” (Sicario) ýaly yzygiderli gelen ajaýyp filmlerinden soňra täze taslamasynda ylmy-fantastiki ugrunda bir hekaýany beýan etmekçi bolan rejissýor, bu filminde başga saýýaralylaryň dünýä ýüzüne düşmekleri bilen, wakalaryň gidişinde şondan soňky ýagdaýlara göz aýlaýar. Bir dil öwrenijiniň başga saýýaralylar dostmy ýa-da duşmanmy bilmek üçin alyp barýan işlerini esas edinýän filmiň baş rollarynda Jeremy Renner we Amy Adams ýer alýarlar.

 

 

“Nusgalar” (Replicas)

Kenny Riwesiň meşhurlygy 2014-nji ýylda ekrana çykan filmi “Jon Wik” (John Wick) bilen birlikde täzeden artypdy. Meşhur aktýoryň baş gahrymanyň roluny ýerine ýetirýän “Nusgalar” (Replicas) filmi, bir ulag heläkçiliginde aýalynyň we çagasynyň ölümine sebäp bolan bir bilim adamynyň, maşgalasyny yzyna getirmek we ölümüň özi bilen söweşmek üçin alyp baran başdan geçirmesini beýan eder. Filmiň rejissýorlyk işini alyp barýan Tanýa Weksler we ssenaristi Çad St. Jon tejribesiz bolsalar-da Kenny Riwesiň bir üýtgeşmeleri ýerine ýetirmegi mümkin diýen umyt bilen “Nusgalar”-a (Replicas) garaşýarys.

 

 

 “Duşenbede näme boldy” (What Happened to Monday)

“Prometeý” (Prometheus) filminde janlandyran Şawyň roly bilen ylmy-fantastiki filmini söýüjileriň köňüllerinde tagt gurmagy başaran Numi Rapak täze taslamasy “Duşenbede näme boldy” (What Happened to Monday) filminde birnäçe roly ýerine ýetirer.  Şeýlelikde, aktýoryň täze we üýtgeşik ylmy-fantastiki filmi bilen tomaşaçylaryň öňüne çykjakdygyna hiç hili şübhe bolup bilmez. Ilatyň aşa köpelmegi meselesi sebäpli köpelmegiň döwlet rugsady arkaly alnyp barylýan ýerinde geçýän “Duşenbede näme boldy” (What Happened to Monday) filmi, wakalaryň gidişi arkaly ylmy-fantastiki film bolan “Ynsan çagalary” (Children of Men) filminiň ters ýüze öwrülen ýagdaýy ýaly görünse-de, hökmany suratda 2016-njy ýylyň iň gowy ylmy-fantastiki filmlerinden biri bolmagyna garaşylýar. Edil, şu sanawdaky beýleki filmler ýaly...

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации