Последние новости

Архив новостей

Dünýäniň iň meşhur tebigy hadysa filmleri

0
11420

Çabga, tupan, tebigy hassalyklar... Kino sungatynda şu güne çenli biri birinden gyzykly birnäçe tebigy hadysalary esas edip alan filmlere tomaşa etdik. Şolaryň hatarynda size beýan edilýän wakanyň dowamynda dürli-dürli tebigy betbagtçylyklar barada söhbet açýan iň gowy filmleriň ilkinji onlugyny (TOP 10) hödürleýäris.

Tüweleý (Twister)

90-njy ýyllaryň meşhur rejissýory Jan de Bont tarapyndan surata düşürilen “Tüweleý” filmi, tomaşaçyny girdabyna ýuwdup biläýjek tebigy howplar bilen ýüzbe-ýüz edýär. Filmdäki wakalar tebigy hadysalary beýan etmek babatda hödürlenen köp dürli beýleki filmlerden düýpli tapawutlanýar. Ýagny, filmde ýagdaýyň tersine baş gahrymanlar Bill we Jo Hardingiň bu betbagtçylykdan gaçmak üçin hereket etmän, tersine onuň yzyndan kowalamagy “Tüweleý” filminiň tapawutly aýratynlygy hökmünde göze ilýär. Birnäçe wagtyň dowamynda howa maglumatyny çaklaýan tehnologiýany döretmek üçin iň howply tüweleýleriň yzyndan yzarlaýan jübütleriň gyzykly başdan geçirmesi täsirli sahnalaryň üsti bilen beýan edilýär.

 

 

Ýokançlyk (Contagion)

Belli rejissýor Stiwen Soderbergiň ajaýyp kadrlary bir ýere jemlemegi başarýan zehinli kino düşürijidigini bilmeýän kino muşdagy ýok bolsa gerek. Bütin dünýäni howpa düşüren bir wakanyň hekaýasyny beýan edýän “Ýokançlyk” filmi hem onuň ajaýyp işlerinden biridir. Rejissýor tarapyndan hödürlenen bu film gyzykly ssenariýasynyň saýasynda hem-de ýeňillik bilen düşünişip biljek derejämizde tebigy hassalyklaryň adamzat durmuşyna edýän negatiw täsirini açyp görkezýär. Biri birinden meşhur aktýordyr aktrisalaryň bilelikde surata düşen ajaýyp kadrlary mawy ekrana tomaşa edýän kino muşdaklaryna täsirini ýetirýär. Tebigy howp hakda söz açýan çeper filmiň dokumental filme meňzeş görnüşli bolanlygy sebäpli, oňa taý tapmak kyndygyny hem aýtmak mümkin.

 
 

 

Çuň täsir (Deep Impact)

1998-nji ýyl kinoteatrlarda misli “meteorit ýagyşynyň” aşagynda ýaşalan ýaly boldy. Şol ýyl teatrlaryň ekranynda “Çuň täsir” we “Armageddon” filmleriniň tomaşaçylara hödürlenmegi, haýsy filmiň has gowy bolandygy babatynda ýiti bäsdeşligiň başlamagyna esas bolupdy. Bu günki gün iki filmiň hem aýratynlyklaryna görä, iň ýokary derejä eýe bolandygyny aýtmak bolar. Ýene-de “Çuň täsir” filminiň “Armageddona” görä, çeper film hökmünde tomaşaça ýetirmekçi bolýan täsirini has gowy ýerine ýetirendigini aýdyp bileris. Ýagny, Älemdäki äpet meteoritiň Ýer şaryna, hakykatdan hem çaknyşmagynyň sahnasyny tomaşaça görkezmek ýaly ajaýyp başarnygy özünde jemleýär. Bilşimiz ýaly, “Armageddon” filminiň bolsa köp wakalary Älem giňişliginde geçýär hem-de soňunda gahryman astronawtlar öz ýerine ýetirmeli wezipelerini üstünlikli tamamlaýarlar.

 

Dante Ýanardagy (Dante's Peak)

1998-nji ýyl meteoritleriň ýyly hökmünde hakydamyzda galan bolsa, 1997-nji ýyl ýanardaglaryň ýyly bolupdy. Rojer Donaldsonyň rejissýorlygynda we ozalky Bond Pierce Brosnan baş rolda bolan “Dante Ýanardagy” filmi, tebigy gözellikleri bilen beýlekilerden düýpli saýlanýan bir obanyň eteginde ýerleşen wulkanyň birnäçe ýyllardan soňra işjeňleşmegi we munuň bilen birlikde getiren betbagtçylyklaryny tomaşaçylaryň öňünde açyp görkezýär. Şol ýylda ekrana çykan “Wulkan” filmi bilen deňeşdirilen film, adamlaryň betbagtçylyga garşy ugurtapyjylygy we daş-töweregiň birek-birege ýardamy bilen ünsi çekýär.

 

 

Armageddon (Armageddon)

1998-nji ýylyň başga bir meteoritler hakdaky filmi bolan “Armageddon” hakda söz açsak filmiň baş rejissýory bolan Mişel Baý barada hem aýtman geçip bilmeris. Birnäçe meşhur filmleriň surata düşürilişine ýolbaşçylyk eden bu adamyň çykaran tebigy betbagtçylyk filminiň köp tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy, onuň irginsiz zähmetiniň netijesidir. Şol bir wagtda, “Armageddon” filminiň içindäki käbir sahnalar hem-de Ben Afflekiň otrisatel rolda oýnamagy köpçüligiň ýiti tankydyna hem sezewar bolupdy. Bulara garamazdan, rejissýoryň täze filminiň örän täsirli bolandygyny hem-de onuň tebigy hadysalar ugrunda ajaýyp “harydyny” tomaşaçylara sowgat edendigini inkär edip bilmeris...

 


Soňky tupan (The Perfect Storm)

“Soňky tupan” filmi sanawdaky tebigy hadysalary beýan edýän filmler bilen deňeşdirilende bütin dünýäni ýa-da uly bir bölegini howpa salan bir betbagtçylyk wakasyny aňlatmaýar. Munuň tersine, mümkin boldugyça az sanly adamy öz içine alýan “kiçijik hekaýany” aňladýar. Filmde beýan edilýän wakalar balykçylaryň başdan geçirmesi bilen garşymyza çykýar. Ýagny, filmde “Andre Gail” atly bir gäminiň we ýolagçylarynyň ummanyň ortasynda galmagynyň we ýolagçylaryň diri galmak üçin edýän hereketleri dürli sahnalaryň üsti bilen beýan edilýär. “Gaýyk” (Das Boot) atly filmi bilen meşhurlyk gazanan Wolfgang Peterseniň surata düşüren bu filmi, güýçli tupan netijesinde döreýän äpet tolkuna garşy ýüzen gäminiň ýolagçylarynyň, ýagny balykçylaryň başdan geçirmesi bilen ýatdan çykmajak filmleriň hataryna girmegi başardy.

 


Wulkan (Volcano)

“Dante ýanardagy” filmi bilen ýanardag howpy tarapyndan ýakynlygy bolan “Wulkan” filmi, bu wakany has-da ulaldýar. Ýagny, tebigy howpy şäheriň merkezine geçirmegi, eýýäm wakalaryň gerimini giňeldýär. Baş gahrymanyň rolunda Tommy Lee Jonesiň hereket eden bu filmi, Los Anjeles şäheriniň aşagynda gaýnap duran bir wulkanyň hekaýasyny ajaýyp sahnalaryň üsti bilen aňladýar. Şäher içindäki käbir jemgyýetçilik ýerleriniň ýeriň düýbünden çogup çykýan lawalar bilen ýapylmagy filmiň täsirliligini has hem ýokarlandyrýar. Bu film, howpuň uzakda däl-de, hemişe gapymyzyň öňünde bolup biljekdigini tomaşaça ýatladýar...

 

 


Uçgun (Outbreak)

Edil “Ýokançlyk” filmindäki ýaly bir tebigy hassalygy aňladýan filmi bolan “Uçgun” hem ýeňil düşündirişi hem-de meşhur aktýor kadrlary bilen ünsi özüne çeken film hökmünde bellidir. Wakalaryň gidişinde dörän ýokanç wirusyň ylmy esasdaky düşündirişler arkaly hakykatdan hem howpludygyny tomaşaça has gowy şekilde düşündirmegi başaran örän az sanly filmlerden biri hökmünde hem mälimdir. “Uçgun” sanawdaky beýleki tebigy hadysa filmlerine seredende fiziki taýdan has hereketli we tomaşaçyny döreden sahnalary bilen täsirlendirip biljek wakalary bilen hem meşhurdyr.

 

 

Ertirden soňky gün (The Day After Tomorrow)

Ählumumy gyzgynlyk we howa ýagdaýynyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleri orta çykarmagyň zerurlygy bilen ünsi çeken bir film hem “Ertirden soňky gün” filmidir. Uly býujete eýe bolan filmleriň ýolbaşçysy Roland Emmeriçiň ady bilen baglanyşykly bu filmde birnäçe howa wakasynyň hem-de bu ugurda döreýän tebigy howpy bir wakanyň üsti bilen tomaşaça hödürlemegi başarmagy filmiň esasy üstünligi bolup durýar. Häzirkizaman dünýäsini buz eýýamyna tarap yza aýlan täsirli soňlanmasy bilen has-da täsirli bolan bu filmiň tomaşa etmek lezzetiniň hem beýlekilerden has ýokarydygyny aýtman geçmek bolmaz.

 


Ynsan çagalary (Children of Men)

P.D. Jamesiň adybir romany esasynda surata düşürilen bu filmiň häzirkizaman kino äleminde birnäçe ugurda döwrebap nusga hökmünde bilinmegi ýöne ýerden däl bolsa gerek. Adamzadyň indi ýaşap bilmejek bir dünýäsinde, misli bir hassalygyň hekaýasy ýaly başlaýan filmiň, anarhiýa, bidüzgünçiliklere we bular bilen bilelikde emele gelen distopik düzgüne degip geçmegi has-da täsirlendirýär. Hatda, belki şu güne çenli hiç bir filmde garşymyza çykmadyk bir dünýäni gurmagy bu filmiň hiç haçan unudylmajak bir aýratynlygy hökmünde ýüze çykýar. Bizi howplaryň iň ulusy bilen, ynsanlygyň hem bir gün ýaşaýşynyň soňlanjakdygy baradaky hekaýa bilen başa-baş goýýan bu film, hakykatdan hem ajaýyp wakalary bilen ýatdan çykmajak sungat eseri bolmagy başardy.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации