2016-njy ýylda uly gyzyklanma bilen garaşylýan filmleriň käbiri

0
2281

“Deadpool” filmi.

Ekrana çykjak senesi: 2016-njy ýylyň 12-nji fewraly.

“Marvel Comics” şereketi tarapyndan surata düşürilen bu başdan geçirme tomaşaçylaryň uly gyzyklanma bilen garaşýan filmleriniň biridir. Häzirkizamanyň meşhur gahrymanlaryndan biri bolan Deadpool bilen Aýratyn Güýçler Goşunynyň esgeri Wade Wilsonyň özara göreşi dürli sýužetleriň üsti bilen tomaşaçylaryň gyzyklanmasyny özüne çeker. Filmiň gahrymanlary gapma-garşylykly başdan geçirmeleriniň netijesinde kemala gelýän özüňi kämilleşdirmek güýjüniň hem-de özüňe bolan ynamyň ähli zatdan üstün çykýandygy açylyp görkezilýär. Täze başarnyklar esasynda kämilleşen, özüniň gara niýeti üçin hiç zatdan gaýtmaýan Deadpool, durmuşynda päsgel berjek ähli garşydaşlaryny ýok etmäge çalyşýar...

“Batman we Superman: Adalatyň Şapagy” filmi.

Ekrana çykjak senesi: 2016-njy ýylyň 25-nji marty

Dünýä ynsanlary hakykat ýüzünde nähili gahrymana zerurlyk bardygy barada kelle döwýärdi. Bu döwrüň dowamynda Supermanyň edýän eden-etdilikleridir, bidüzgün hereketlerinden döreýän alada muňa mynasyp garşydaşy ugratmaga mejbur edýär. Gotham şäheriniň ýaşaýjysy, güýçli hem-de rehimsiz Batman atly höwesjeň gorag wekilini Metropoluň häzirki döwrüň iň hormatlanýan goragçysy hökmünde orta çykarypdyr. Şeýlelikde Batman bilen Supermanyň arasyndaky söweşiň üsti bilen, täze bir howp ýokary galýar, ýagny ynsanlyk ýer ýüzünden ýitip gitmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar...

“Kapitan Amerika: Gahrymanlaryň söweşi” filmi

Ekrana çykjak senesi: 2016-njy ýylyň 6-njy maýy.

“Ýeňilmezler” topary tarapyndan alnyp barylan birnäçe özgertmeleriň şowsuz tamamlanmagy netijesinde, ýurtda täze düzgüne bolan isleg barha ýokary galýar. Ýurtdaky syýasy güýçler “Ýeňilmezleriň” bir awtoritar tarapyndan gözegçilik edilýän hem-de ugrukdyrylýan bir ulgamynyň gurulmagy üçin herekete girişýärler. Bu ýagdaý “Ýeňilmezleriň” özara düşünişmezlige gelmegine we iki topara bölünmegine sebäp bolýar. Olardan birinjisi Stiw Rojersiň ýolbaşçylygyndaky, hökümetiň täsiri bolmazdan, “Ýeňilmezleriň” erkin ýagdaýda ynsanlygy goramagyny goldaýan we muny dowam etmeginiň tarapyny tutýan topary bolupdyr. Beýleki topar bolsa Tony Starkyň hökümetiň gözegçiligini we iş alyp barmagyny goldaýan ikinji topardyr. Filmde bu iki toparyň özara bäsdeşligi we göreşi açylyp görkezilýär...

“X-Men: Apocalypse” filmi.

Ekrana çykjak senesi: 2016-njy ýylyň 19-njy maýy.

Medeniýetiň başlangyjyndan bäri oňa hudaý ýaly çokunanlar bolupdyr. X-Men ewolýusiýasynyň ilkinji we iň güýçli mutanty bolan Apocalypse, birnäçe mutantlaryň güýjüni özünde jemlemek bilen ölümsiz we ýeňilmez ýagdaýa gelipdir. Müň ýyllyk ukysyndan soňra oýanan hem-de garşylaşan dünýäsini halamadyk gahryman, aralarynda Magnetonyň hem ýer alan güýçli mutantlardan düzülen bir toparyny gurýar we ynsanlygy ýok edip, öz hökmürowanlygyny sürdürmegi maksat edinýän täze bir dünýäni gurmak isleýär...

“Kast ediş buýrugy (Suicide Squad)” filmi.

Ekrana çykjak senesi: 2016-njy ýylyň 12-nji awgusty.

  “Warner Bros” şereketiniň ýolbaşçylygynda we Dawid Aýeriň rejisýorlyk etmeginde şu ýyl efire girjek “Kast ediş buýrugy” filminde Jared Leto bilen iki gezek “Oskar” baýragyna dalaşgär Will Smithi “Deadshot”, Joel Kinnamany “Rick Flagg”, Margot Robbieni “Harley Quinn”, Jaý Kourtneýi “Captain Boomerang”, Sara Delewingneýi “Enchantress” we iki sany “Oskar” baýrakly Wiola Dawisi “Amanda Waller” rollarynda görüp bileris.

“Doctor Strange” filmi.

Ekrana çykjak senesi: 2016-njy ýylyň 4-nji noýabry.

Filmde howply ulag heläkçiligine duçar bolan hem-de bu wakadan soň täzeçe pikirleri orta çykarýan bir lukmanyň alyp baran täsin işleri açylyp görkezilýär.  Bu heläkçilikden soň gizlin, syrly dünýäni hem-de durmuş zerurlyklaryna alternatiw ölçegleri gezelenç eden beýni we damar hirurgy Doktor Stephen Strangeniň täsin başdan geçirmeleri barada gürrüň berilýär...

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru