Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 34-nji tapgyryň öňünden käbir maglumatlar, pikirler

0
22529

«Hazyna» — «Merw»

34-nji tapgyr «Hazyna» — «Merw» duşuşygy bilen açylýar. Ýadyňyzda bolsa, «Merw» geçen aýlawda şu möwsümdäki iň uly hasaply ýeňşini gazanypdy. Ýok, garşydaş «Daşoguz» däldi, «Hazynady». Şonda «Merw» «ykdysadyýetçileri» 4:1 hasabynda ýeňipdi. Ýöne bu diýildigi «Şu tapgyrda-da «Merwiň» ýeňşine garaşybermeli» diýildigi däl. Çünki «Hazyna» öz öýünde islendik garşydaşy aljyradyp bilýän topar. «Merw» bolsa «Hazyna» bilen «Aşgabatda» geçiren duşuşyklarynyň ikisinde hem ýeňildi.

Duşuşygyň netijesi toparlaryň ýaryş tertibindäki ornuna-da täsir edip biler. Ýeňiş gazanan ýagdaýynda «Hazynanyň» 7-nji orna geçmegi mümkin. Çünki häzir ýedinji orunda barýan HTTU-nyň «Hazynadan» üç utugy kän. HTTU bolsa tapgyrda «Şagadam» bilen myhmançylykda duşuşýar. «Şagadam» öz meýdanynda ýeňiş gazanyp biler.

Şu möwsümdäki «Hazyna» — «Merw» duşuşyklarynyň netijeleri:

7-nji tapgyr (18.04.2015 ý.), «Merw» – «Hazyna» 2:1

16-njy tapgyr (30.06.2015 ý.), «Hazyna» — «Merw» 2:1

25-nji tapgyr (22-nji sentýabr), «Merw» — «Hazyna» 4:1

«Ahal» — «Balkan»

Kubok ýaryşyndan garaşylşyndan hem gowy oýun görkezip, «Ahaly» ýaryşdan çykaran hem bolsa, «Balkanyň» «myhmançylykdaky şowsuzlyk» diýen keseli bar. Ol bu «dertden» «Ahalyň» meýdanynda geçiren duşuşyklarynda hem halas bolup bilmedi. Şu ýyl «Ahalyň» meýdanynda myhmançylykda iki gezek çykyş eden «nebitçiler» şolaryň ikisinde hem (biri Ýokary ligada, biri Türkmenistanyň Kubogynda) şol bir hasap bilen (3:1) ýeňildiler. Kubok ýaryşynyň ýarym finalynda öz meýdanyndaky haýran galdyryjy utulyşdan soň baş tälimçisi bilen hoşlaşan topara bu gezek hem myhmançylykda oýnamak ýeňil düşmese gerek. Ýöne «Balkany» bu utulyş gorkuzanok. Çünki kümüş medalyň tagtynda ykjam ornaşan «Balkanyň» yzyndan iň ýakyn garşydaşyň ýetmegi üçin hem «nebitçileriň» üç gezek ýeňilmegi gerek. «Ahal» üçin bolsa diňe ýeňiş gerek. Çünki geçen tapgyrda ýitiren utuklary sebäpli, «Aşgabat» «Ahalyň» yzyndan ýetdi. Häzir toparlaryň ikisinde-de 49 utuk bar. Ýöne «Aşgabadyňam» tapgyrda «Altyn asyra» myhman bolýandygyny ýatdan çykarmaly däl. 

Iň netijeli hüjümçileriň kerwenbaşysy Myrat Ýagşyýewe Mämmedaly Karadanowyň geçen ýylky ýeten sepgidine — 28 pökgä ýetmek üçin ýekeje ädim gerek. Ýöne şojagaz ädim Myrat üçin juda agyr düşdi. Belki, arzyly sepgide şu tapgyrda ýetiler.

Şu möwsümdäki «Ahal» — «Balkan» duşuşyklarynyň netijeleri:

7-nji tapgyr (20. 06.2015 ý.), «Balkan» — «Ahal» 4:1

16-njy tapgyr (30.06.2015 ý.), «Ahal» — «Balkan» 3:1

25-nji tapgyr (23-nji sentýabr), «Balkan» — «Ahal» 3:2

«Altyn asyr» — «Aşgabat»

Çempionlyga has ýakyn gelen «Altyn asyryň» futbolçylary, belki eýýäm «Çempion — 2016» ýazgyly köýnekçelerini taýýarlap goýandyrlar. Belki şol köýnekçeler şu tapgyrda geýler. Çünki şu tapgyrda gazanylan ýeňiş «Altyn asyra» taryhyndaky ikinji çempionlygyny getirer.

Ýöne şu möwsümde «aragatnaşykçylara» «paýtagtlylary» utmak ýeňil-ä düşenok. Her gezek bary-ýogy bir pökgi tapawudy bilen kynlyk bilen ýeňiş gazanýarlar. Ýöne ýeňiş gazanýarlar, möwsümde entek bu iki toparyň arasynda deňlikde tamamlanan oýun ýok.

Duşuşyk bürünç medalyň gapysyndan gelen «Aşgabat» üçin hem möhüm. Çünki geçen tapgyrdaky ýeňişden soň, «Aşgabat» «Ahal» bilen utuklarynyň sanyny deňledi. Ýöne garşydaşyň «Altyn asyr» bolsa... Her niçigem bolsa, gyzykly duşuşyk bolsa gerek.

Şu möwsümdäki «Altyn asyr» — «Aşgabat» duşuşyklarynyň netijeleri:

7-nji tapgyr (17.04.2015 ý.), «Aşgabat» — «Altyn asyr» 0:1

16-njy tapgyr (30.06.2015 ý.), «Altyn asyr» — «Aşgabat» 1:0

25-nji tapgyr (23-nji sentýabr), «Aşgabat» — «Altyn asyr» 1:2

«Şagadam» — HTTU

Türkmenistanyň Kubogynyň finalyna çykyp, indiki ýyl AFK-nyň kubogynda çykyş etmäge ýakynlaşan «kenarlylar» bar ünsi Kuboga berip, Ýokary ligany gowşadana meňzeýär. Olar indi üç tapgyrdan bäri ýeňiş gazanyp bilenok. Geçen tapgyrda bolsa «Merwiň» 2 pökgüsine «marylylaryň» öz futbolçysy zordan bir jogaby bermegi başardylar. Bu gezek hem HTTU gelýär.

«Şagadam» — HTTU. «Şagadam» HTTU bilen oýun etmeli däldigine gowy düşünýändir. Çünki indiki iki aýlaw bäri «kenarlylar» «talyplardan» ýeňlip gelýärler. Şolaryň bir duşuşygy bolsa hut Türkmenbaşy şäherinde geçirilipdi.

Eger HTTU-nyň syryny çözüp, ýeňiş gazanyp bilse, «Şagadama» ýene-de üçünji orun üçin göreşmäge mümkinçilik bar. Sebäbi üçünji ornuň häzirki dalaşgärleri «Ahal» hem, «Aşgabat» hem ýaryş tertibiniň öňdebaryjylary bilen duşuşýar. Eger ozalky başarjaňlygyny dowam edip, ýene-de HTTU ýeňiş gazansa, «talyplar» iň bolmanda ýedinji orny saklap galyp bilerler. Utulmak welin howply. Yzdan «Hazyna» ýetip gelýär.

Şu möwsümdäki «Şagadam» — HTTU duşuşyklarynyň netijeleri:

7-nji tapgyr (17.04.2015 ý.), HTTU – «Şagadam» 1:2

16-njy tapgyr (30.06.2015 ý.), «Şagadam» — HTTU 1:2

25-nji tapgyr (23-nji sentýabr), HTTU — «Şagadam» 1:0

«Energetik» — «Daşoguz»

Duşuşyk 13-nji dekabra geçirildi.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации