Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 33-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň käbir gyzykly hasaplamalar

0
16660

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýeke-ýekeden: Tapgyrda derwezelere geçirilen 9 pökginiň her haýsy aýratyn futbolça degişli. Bir duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bilen ýekeje-de futbolçy ýok.

30 tapgyrdan soň: Ýokary ligada 30 tapgyrdan soň, ýene-de bir tapgyrda bary ýogy 9 pökgi derwezä girdi. Mundan ozal şeýle pes netije 3-nji tapgyrda alnypdy. Şeýle bolsa 9 gol iň pes netije däl. 12-nji tapgyrda 5 oýunda 8 goluň geçirilendigini hem ýatdan çykarmalyň!

Adalatly paýlaşyk: Tapgyrda 2 oýunda ýer eýelreri, 2 oýunda myhmanlar ýeňiş gazandy. Bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.

452: Şu tapgyrdan soň möwsümde derwezelere geçirilen gollaryň sany 452-ä çykdy.

«Aşgabat» 1-0 «Energetik»

Gol:

1-0, Ruslan Kurbanow 54’

Ýeňişli ýubileý duşuşyk: «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlanan bu duşuşykda «paýtagtlylar» Ýokary ligada 280-nji gezek ýaşyl meýdana çykdylar.

Utulyşly ýubileý duşuşyk: Bu duşuşyk «Energetik» üçin hem ýubileý oýun boldy. «Energetikçiler» Ýokary ligadaky 30-njy duşuşygyny paýtagtda geçirdiler.

«Nirede sen, ýeňiş?»: «Energetik» indi 14 duşuşyk bäri hiç topary ýeňip bilenok.

Öz meýdanynda 30 gol: Şu duşuşykdan soňra «Aşgabat» möwsümde öz meýdanynda 30 we ondan kän gol geçiren toparlaryň sanawyna üçünjilik bolup goşuldy.

Öz meýdanyndaky 10-jy şatlyk: Şu duşuşykda «Aşgabat» öz meýdanynda möwsümdäki 10-njy ýeňşini gazandy. Ol bu derejä çykan ikinji topardyr. «Aşgabatdan» öňe diňe «Balkan» öz meýdanynda 12 ýeňiş gazandy.

Kurbanow 4 möwsümde 20 gol: Şu duşuşykdan soňra, Ruslan Kurbanowyň 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada geçiren geçiren gollarynyň sany 20-ä çykdy. Şolaryň hem 12-sini diňe şu ýylda geçirmegi 2015-nji ýylyň futbol möwsüminiň futbolçy üçin nähili düşümli bolandygyny görkezýär.

«Balkan» 0-2 «Altyn asyr»

Gollar:

0-1, Selim Nurmyradow 21’

0-2, Umidjan Astanow 51’

Ýeňlişsiz ýoluň soňy: «Balkan» 6 tapgyr bäri, ýagny mundan öň hem «Altyn asyr» bilen geçirilen duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýärdi. Ýöne ýeňlişsiz ýoly ýene-de «aragatnaşykçylar» böwetledi.

17 oýun bäri utulyşyň nämedigini bilenok: «Altyn asyr» 17 duşuşyk bäri hiç kimden ýeňilmän gelýär.

170-nji şowsuzlyk: Şu utulyş «Balkanyň» Ýokary ligadaky 170-nji utulyşy bolup taryha girdi.

«Altyn asyra» çäre ýok: «Balkan» şu möwsümde öz meýdanynda diňe 2 gezek ýeňlip gördi. Şolaryň ikisinde-de garşydaş «Altyn asyrdy».

Selim ilkinji onlugy doldurdy: Selim Nurmyradow «Balkanyň» derwezesinde geçiren pökgüsinden soňra, şu möwsümdäki gollarynyň sanyny 10-a çykardy.

HTTU 1-1 «Ahal»

Gollar:

0-1, Orazmuhammet Işangulyýew 72’

1-1, Okan Ersoý 90’.

Ýokary ligada 60-njy deňlik: «Ahal» futbol topary şu duşuşykda Ýokary ligadaky 60-njy deňligini gazandy.

«Ahalyň» ýene bir 60-lygy: Ýöne bu 60-lyk ýokarkydan gowy. Şu duşuşykdan soň «Ahal» möwsümde garşydaş derwezelere 60 pökgi geçirip bilen üçünji topar boldy.

«Ahal» — möwsümiň deňlikçisi: Şu duşuşykda «Ahal» möwsümdäki 10-njy deňlik bilen «didarlaşdy». Bu bolsa häzirlikçe iň ýokary görkezijidir.

Ikisi-de ikinji gezek: Şu duşuşykdaky gollaryň awtorlary Orazmuhammet Işangulyýew bilen Okan Ersoý möwsümde ikinji pökgülerini geçirdiler.

«Merw» 2-1 «Şagadam»

Gollar:

1-0, Rasim Gereýhanow 8 (11 m.jerime)

2-0, Arslan Ýusubow 54’

2-1, Döwlet Baýramow 71’.

Bassyr üçünji ýeňiş: Şeýlelikde, «Merw» şu möwsümde bassyr üçünji duşuşygynda ýeňiş gazandy. Mundan öň topar şu ýylda yzly-yzynda üç oýunda ýeňiş gazanyp görmändi.

Üç ýeňşiň üçüsi hem şol bir hasap: Täsin tarapy «Merwiň» ýeňişli tamamlanan soňky üç duşuşygynyň üçüsinde-de hasap 2:1 boldy.

33-nji tapgyrda ilkinji gol: «Merwiň» adyndan 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren Rasim Gereýhanow şol bir wagtyň özünde şu möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

«Daşoguz» 0-1 «Hazyna»

Gol:

0-1, Didar Durdyýew.

Bir aýdan soň: Göni bir aý mundan ozal öz meýdanynda HTTU-ny edil şu hasap bilen ýeňen «Daşoguzyň» bu gezek şol hasap bilen özi ýeňilmeli boldy.

Şowsuz hem bolsa ýubileý: 0:1 hasabynda «Hazynanyň» peýdasyna tamamlanan bu duşuşyk «Daşoguz» futbol toparynyň Ýokary ligadaky 600-nji duşuşygy boldy.

«Daşoguza» ýene bir «ýubileý»: Şu tapgyrdan soňra, «Daşoguz» möwsümde öz meýdanynda 10 gezek utulan ilkinji topar boldy.

Durdyýew «Hazynanyň» «hazynadary»: Şu duşuşyga çenli garşydaş derwezelere topardaşy Guwanç Abylow bilen deň mukdarda pökgi geçiren (14 pökgi) Didar Durdyýew indi möwsümdäki pökgüleriniň sanyny 15-e çykaryp, «Hazynanyň» iň netijeli futbolçysy boldy.

«Hazynadar» öz «hazynasyny» hem artdyrýar: Şu duşuşykda geçiren pökgüsinden soňra, Didar Durdyýew Ýokary ligada soňky 4 möwsümde geçiren gollarynyň sany 70-e çykdy.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации