OÝNUŇ SOŇY (Голодные игры: Сойка пересмешница. Часть II)

0
1129

Ýaş kino muşdaklarynyň uly söýgüsini gazanan “Açlyk oýunlary” filmler toplumynyň soňky bölümi ekranlara goýberildi. Amerikaly zenan ýazyjy Suzanna Kollinsiň adybir romanlar toplumy esasynda taýýarlanan filme bolan gyzyklanmanyň köplügi sebäpli 4 bölüme öwrülen üçleme täze film bilen jemlenýär. Başgaça aýdylanda, oýun tamamlanýar. Filme mundan öňki 2-sini ekranlaşdyran Fransis Lawrens režissýorlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, ol Will Smitiň baş keşpde surata düşen “Men rowaýaty” filmi bilen meşhurlyk gazanypdy. 1-nji kinony Geri Ross surata düşüripdi. Ýöne ol soň, filmiň prodýuserleri bilen käbir meselelerde ylalaşman galan 2 bölümini surata düşürmekden boýun towlapdy. Şol wagtlar jemi 3 bölüm bolmalydy. Emma 3-nji kitap 2-ä bölündi. Aslynda, soňky bölümi 2-ä bölmek “Garri Potter” filmleri bilen başlady diýse bolar. Munuň iň esasy 2 sebäbi bar. 1-njisi köp pul gazanmak. 2-njisi hem 1 bölümde köp zat gürrüň berip bolanok. Ýöne esasysy 1-nji sebäp, ýagny, 1 bölüm bilen mysal üçin, belki 500 million dollar gazanylýar. Emma ony 2 bölüm etseň, belki 800–900 million, hatda 1 milliard dollar pul gazanyp bolýar.

“Açlyk oýunlary: jokjoky – ikinji bölüm” filminiň ssenarisini 3-nji bölümiň-de ssenariçileri bolan Denni Strong bilen Piter Kreýg ýazdy. “Açlyk oýunlary: jokjoky – ikinji bölüm” filminiň sazy 8 sapar Oskara dalaşgär bolan belli kompozitor Jeýms Nýuton Howarda degişli. Ekran eseriniň esasy keşplerini Jennifer Lawrens, Joş Hatçerson, Liam Hemswort, Wudi Harrelson, Elizabet Benks, Donald Saterlend, Stenli Tuççi, Willow Şilds, Paula Malkomson, şol sanda 2014-nji ýylyň fewralynda aradan çykan oskarly aktýor Fillip Seýmur Hoffman, Jeffri Raýt, Sem Klaflin, Jena Maloun, soňky 2 bölümde goşulan Julianna Mur, Natali Dormer hem-de Maherşala Ali dagy janlandyrýar. Filmiň 1-nji bölümi 691, 2-njisi 864, 3-nji bölümi-de 752, jemi 2 milliard 307 million dollar girdeji gazanypdy. Jemleýji kinonyň 1 milliard dollara golaý girdeji gazanmagyna garaşýanlaryň sany az däl. ABŞ-nyň Jorjia ştatynyň Atlanta şäherinde, şol sanda Ýewropanyň Berlindir Pariž şäherlerinde surata alnan filmiň býujeti 160 million dollara deň. Seriýanyň iň gowusy diýlip görkezilýän film kinotankytçylardan ýokary baha aldy. “Açlyk oýunlary: jokjoky – ikinji bölüm” filminiň häzirki wagtda gözel paýtagtymyzdaky “BERKARAR” kinoteatrynda hem görkezilýändigini ýatladýarys.

 

Gysgaça mazmuny

Katniss Ewerdin we onuň ýoldaşlary Panem halkynyň asuda ýaşamagy üçin gyzgalaňly ýagdaýda Snowuň garşysyna söweş alyp barýar. Katnissiň ýoldaşlary Geýl, Finnik, Pita we ýene-de käbirleri 13-nji etrapdan gaýdýarlar. Olar Snowuň gahryman Katnissi öldürjekdigini eşidýärler. Şol sebäpli ondan öňürti hereket edip, Snowuň özüniň ýoguna ýanmagyň ugruna çykýarlar. Duşmanlar, duzaklar, şol sanda, beýleki tarapdanam içki duýgulary Katnissi mundan ozal beýle kyn ýagdaýa salmandy...

 

 

“Açlyk oýunlary: jokjoky – ikinji bölüm” (Голодные игры: Сойка пересмешница. Часть II)

Ady: “The Hunger Games: Mockingjay – Part 2”

Režissýory: Fransis Lawrens. Prodýuserleri: Nina Ýakobson, Jon Kilik

Senariçileri: Denni Strong, Piter Kreýg (Suzanna Kollinsiň “Mockingjay” atly eseri esasynda)

Keşplerde: Jennifer Lawrens, Joş Hatçerson, Liam Hemswort, Wudi Harrelson, Elizabet Benks, Julianna Mur, Filip Seýmur Hoffman, Jeffri Raýt, Stenli Tuççi, Natali Dormer, Sem Klaflin, Jena Maloun, Donald Saterlend, Willow Şilds

Kompozitory: Jeýmes Nýuton Howard. Operatory: Jo Willems. Montažçy: Alan Edward Bell, Mark Ýoşikawa

Öndüriji şereket: “Color Force”

Paýlaýjy şereket: “Lionsgate”

Dowamlylygy: 137 minut.  Görnüşi: ylmy-fantastik, uruşly. Ýurdy: ABŞ

Dili: iňlisçe

Býujeti: 125 million $

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru