TÝL — 2015: 30-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
973

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

18 gol: 18 gol bilen tamamlanan tapgyr şu möwsümdäki 18 golly tapgyrlaryň üçünjisidir.

Deňliklere bereket berildi: Üç duşuşygy deňlik bilen tamamlanan tapgyrda bir oýunda ýer eýeleri, bir oýunda myhmanlar ýeňiş gazandy.

12 golly birinji gün: Tapgyryň birinji gününde iki duşuşykda derwezlere jemi 12 gol girdi. Şol 12 golda 8 futbolçynyň ady bar. Diýmek 4 futbolçy bir oýunda iki pökgi geçirdi.

Bereket azdamy, kände: Ýokary bölümde hem aýdyşymyz ýaly, tapgyryň birinji gününde geçirilen 2 duşuşykda janköýerler gollaryň 12-sine şaýat boldular. Ýöne ikinji günündäki 3 duşuşykda geçirilen gollaryň sany bolsa, 12-iň deň ýarysydyr — 6 gol.

«Energetigiň» yzyndan ýetdiler: Şu tapgyra çenli oýunlary deňlik bilen iň kän tamamlanan topar «Eneregtikdi». Şu tapgyrda «Ahal» bilen «Şagadam» hem «energetikçileriň» yzyndan ýetdi. Indi bu toparlaryň üçsiniň hem möwsümde 9 deňligi bar.

 

«Aşgabat» 3 — 3 «Balkan»

Gollar:

1-0, Ruslan Kurbanow 14’ (penalti);

2-0, Berdi Şamyradow 39’;

1-2, Rustam Mätrizaýew 54’;

2-2, Myrat Ýagşyýew 58’;

2-3, Myrat Ýagşyýew 67’;

3-3, Ruslan Kurbanow 68’.

 

Ýagşyýew bombardirlige barha ýakynlaşýar: Şu tapgyrdaky dubly bilen möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 27-ä çykaran Myrat Ýagşyýew iň ýakyn bäsdeşi Süleýman Muhadowdan 4 gol öňe saýlandy.

Ýene ýekeje goldan: Möwsümde geçiren gollarynyň sany bilen Myrat Ýagşyýew Ýokary liganyň bombardiriniň geçen ýylky görkezijisini täzelemäge ýakyn geldi. Geçen ýyl Mämmedaly Karadanow («Şagadamda») 28 gol bilen möwsümiň bombardiri bolupdy. M.Ýagşyýewde bolsa möwsümiň tamamlanmagyna 7 tapgyr galanda 27 gol bar.

7 tapgyrdan soň: Möwsümdäki ilkinji dublyny 23-nji tapgyrda amala aşyran Myrat Ýagşyýew 30-njy tapgyrda olaryň sanyny 2-ä çykardy.

Ruslanam 10-y yzda galdyrdy: Möwsümde «Aşgabadyň» esasy golçularynyň birine öwrülen Ruslan Kurbanow hem şu ýylky möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 10-dan geçirdi. Indi futbolçynyň 23-nji çempionatda jemi 11 goly bar.

Üçünji dubl: 29-njy tapgyra çenli Ruslan Kurbanowyň bary-ýogy ýekeje dubly bardy. 30-njy tapgyrdan soň bolsa, onuň möwsümdäki dubllarynyň sany 3-e çykdy. Berekella!

Aýagyna top ber, gola garaş: Şeýlelikde, Ruslan Kurbanow şu tapgyrda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen möwsümiň penaltistleriniň sanawynda ikinji orna ýerleşdi. Indi Ruslanyň möwsümde 4 sany dürs ýerine ýetiren jerime urgusy bar. Bu sanawyň başyny bolsa 6 penalti bilen «Şagadamdan» Hemra Amanmämmedow çekýär.

Mätryýazewiň ilkinji goly: Duşuşykda «Balkanyň» gollarynyň «çilesini açan» Rustam Mätryzaýew şu ýylky möwsümde ilkinji gezek tapawutlandy. Şu gol Rustamyň «Balkanyň» düzüminde oýnap başlanyndan bäri hem geçiren ilkinji goludyr.

Şamyradow «Aşgabadyň» bombardirleriniň üçlüginde: Biziň toparlaryň düzüminde 2013-nji ýyldan bäri gollary geçiren futbolçylardan düzen sanawymyzda «Aşgabat» futbol toparynyň bombardirleriniň arasynda Berdi Şamyradow üçünji orna geçmäge başardy. Biziň hasap ýöreden döwrümizden bäri (2013-nji ýyl) «Aşgabadyň» düzüminde diňe şu möwsümde çykyş edýän tejribeli hüjümçiniň bu toparda 18 goly bar. Ýöne B.Şamyradow üçünjligi karýerasynyň birnäçe ýylyny «Aşgabada» bagyşlan başga bir futbolçy bilen paýlaşýar. Ol hem Annaberdi Çaryýewdir. Annaberdi hem «Aşgabadyň» düzüminde 2013-nji ýyldan bäri 18 gol geçiripdir. Maglumat hökmünde aýtsak, 2013-nji ýyldan bäri oýnan oýunçylaryň arasynda iň kän gol geçireni Elman Tagaýewdir. Geçen möwsümde «Altyn asyryň» hataryna goşulan Elman «Aşgabatda» 29 gol geçiripdi.

Deňligem bolsa, ýubileý oýun: Deňlikde tamamlanan şu oýun «Balkanyň» Ýokary ligadaky 680-nji duşuşygydyr.

«Aşgabadam» 50-likçi: Şu tapgyrda «Balkanyň» derwezesine geçirilen 3 goldan soňra «Aşgabat» möwsümde 50 we ondan kän gol geçiren dördünji topar boldy. «Paýtagtlylaryň» 51 goly bar.

Dört aýlawdan soň: Dört aýlawdan soň «Aşgabat» bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşyklarda bir gezek «Aşgabat», iki gezek «Balkan» ýeňiş gazandy. Bir oýun deňlikde tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Aşgabat» 6 — 6 «Balkan».

 

«Hazyna» 3 — 3 «Ahal»

Gollar:

0-1, Rahmet Şermetow 8’;

1-1, Begenç Akmämmedow 45+1;

1-2, Myrat Hamraýew 48;

2-2, Didar Durdyýew 54’;

3-2, Didar Durdyýew 57’

3-3, Rahmet Şermetow 88’

 

Ýene şol hasap: «Hazyna» bilen «Ahalyň» arasynda üçünji aýlawda geçirilen duşuşyk hem 3:3 hasabynda tamamlanypdy.

Netijeler deňlendi: Şu tapgyra çenli «Hazynada» iň kän pökgi geçiren futbolçy Guwanç Abylowdy. Şy duşuşykdaky dubly bilen Didar Durdyýew hem indi gollarynyň sanyny G.Abylowyňka deňledi. Indi olaryň ikisinde hem 14 gol bar.

Didar Durdyýew soňky dört möwsümiň iň gowularynyň hatarynda: Şu tapgyrdaky 2 goly bilen Didar Durdyýew 2012-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri Ýokary ligada iň kän gol geçiren futbolçylaryň sanawynda ikinji orunda çykýar. Indi bu sanawyň başyny 78 gol bilen Süleýman Muhadow çekýär. Ikinji orundaky Didar Durdyýewiň 69, üçünji orundaky Mämmedaly Karadanowyň 68 goly bar.

Möwsümde ilkinji gezek: Didar Durdyýew şu möwsümdäki gollaryny çemşeläp ýygnanlaryň biri. 2 tapgyrda het-trigi bar diýäýmeseň, tä 30-njy tapgyra çenli Didara bir oýunda iki gezek tapawutlanmak nesip etmändi, bu gezek onam başardy.

Bir tapgyr geçirip: Möwsümdäki ilkinji dublyny 28-nji tapgyrda geçiren Rahmet Şermetow 29-njy tapgyry geçirip, şu duşuşykda ýene-de «goşalady».

«Ahal» — myhmançylykda 30 gol: Şu duşuşykdan soň «Ahal» myhmançylykda 30 gol geçirip bilen ikinji topar boldy.

Utuk ýitirilýär: Indi iki tapgyr bäri ýeňiş gazanyp bilmeýän «Ahal» iki oýunda 4 utuk ýitirdi, ýöne toparyň eýeleýän orny saklanyp galýar. Çünki utuk ýitirmek şu günler toparlaryň ählisiniň «keseli».

Ornuny «berkitdi»: Soňky iki tapgyrda ýeňiş gazanyp bilemýänleriň biri-de «Hazyna». «Merwdir» HTTU bilen 6-njy orundaky ýaryşdan örän uzakda galan «ykdysadyýetçiler» bolmanda 8-nji orny «berkitdiler».

Dört aýlawdan soň: Şu ýylky «Hazyna» — «Ahal» duşuşyklarynyň ikisi «Ahalyň» peýdasyna, ikisi deňlik bilen tamamlandy. Pökgi gatnaşygy: «Hazyna» 8 — 9 «Ahal».

 

«Daşoguz» 1 — 0 HTTU

Gol:

1-0, Elzar Kurbanow.

Ilkinji 10-luk dolduryldy: Ahyrsoňy «Daşoguz» hem möwsümde ýygnan utuklarynyň sanyny 10-dan geçirdi.

Üçünji ýeňiş: Şu möwsümde üç gezek ýeňiş gazanan «Daşoguz» şolaryň üçüsini hem öz meýdanynda gazandy.

Ýubileý duşuşygyň öňündäki umyt: «Daşoguzyň» janköýerlerini begendiren şu duşuşyk toparyň Ýokary ligadaky 599-njy duşuşygy boldy. Nobatdaky oýun «Daşoguz» üçin 600-nji ýubileý duşuşyk bolar.

«Daşoguz» 9-njy orunda: Elbetde, ýaryş tertibinde däl, ýöne başga bir tertipde «demirgazyklylar» 9-njy orna geçmegi başardylar. Olar ÖZ MEÝDANYNDA IŇ KÖP ÝEŇIŞ GAZANAN TOPARLAR sanawymyzda 9-njy orna geçdiler. Çünki şu ýeňiş «Daşoguzyň» möwsümdäki üçünji ýeňşidir. 9-njy ornuň öňki eýesi «Energetik» bolsa möwsümde bary-ýogy iki gezek ýeňiş bilen didarlaşyp gördi. Toparlaryň ikisi hem şu ýyl öz meýdanynda HTTU-ny ýeňdiler.

Dört aýlawdan soň: Yzda galan 4 duşuşygyň üçüsi HTTU-nyň, biri «Daşoguzyň» ýeňşi bilen tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Daşoguz» 1 — 14 HTTU.

 

«Altyn asyr» 1 — 1 «Şagadam»

Gollar:

0-1, Yhlas Magtymow 35’

1-1, Didar Hajyýew 53’

Tötänlik däldir-dä hernä: «Şagadamyň» soňky iki oýnunyň ikisinde hem goly Yhlas Magtymow geçirdi. Iki duşuşykda hem ol ilkinji bolup hasaby açdy, ýöne şol duşuşyklaryň ikisi hem 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Hajyýewiň täze sepgidi: Duşuşykda «Altyn asyryň» jogap goluny geçiren Didar Hajyýew soňky dört möwsümde (2012-nji ýyldan bäri) derwezlere geçiren gollarynyň sanyny 30-a çykardy.

Rekord gaýtalanmady: Şeýlelikde, «Altyn asyryň» 7 tapgyrlyk ýeňişli tapgyry tamam boldy. Şeýlelikde, möwsümiň iň uzyn ýeňişli tapgyry hökmünde «Altyn asyryň» öz elindäki rekord galar. Çünki mundan soň «aragatnaşykçylar» ähli oýunlarynda ýeňiş gazanaýan ýagdaýynda hem rekordy täzeläp bilmezler. Çünki toparyň öňünde 8 duşuşyk galdy.

Zyýanyny ýetirenok: Dogry, «Altyn asyr» duşuşykda 2 utuk ýitirdi. Ýöne bu deňlik toparyň ýaryş tertibindäki ornuna zyýanyny ýetirenok.

Dört aýlawdan soň: Yzda galan dört duşuşykdan soň, toparlaryň her haýsy bir gezek ýeňiş gazandy, iki oýun deňlik bilen tamamlandy. Pökgüleriň gatnaşygy: «Altyn asyr» 3 — 3 «Şagadam».

 

«Energetik» 1 — 2 «Merw»

Gollar:

1-0, Mekan Nasyrow 34 (penalti);

1-1, Begenç Alamow 45+2 (penalti)

1-2, Tirkiş Muhammetberdiýew 81’.

«Merwiň» ýubileý ýeňşi: Şeýlelikde, «Merw» Ýokary ligadaky 300-nji ýeňşini gazandy.

«Merw» bir basgançak ýokary galdy: Indi birnäçe tapgyr bäri HTTU bilen 6-njy orun ugrunda göreşýän «Merw» HTTU-nyň düýki şowsuzlygyndan soň 6-njy orna çykdy.

Alamowyň 30-njy goly: Şu duşuşykda dürs ýerine ýetiren jerime urgusyndan soň, Begenç Alamow soňky dört möwsümde derwezelere geçiren gollarynyň sanyny 30-a çykardy.

Ikisem «Merwiň» iň kän gol geçirenleri: Begenç Alamow bilen Tirkiş Muhammetberdiýew 2013-nji ýyldan bäri «Merwiň» düzüminde 27 gol geçirdiler. Olar bu netije bilen şol döwürden bäri «Merwiň» iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda 1-nji orny paýlaşýarlar.

Nasyrow tegelekledi: Mekan Nasyrowyň dürs ýerine ýetiren penaltisinden soň, «Energetigiň» şu möwsümde geçiren gollarynyň sany 20-ä çykdy.

Alamowyň 4-nji penaltisi: Ruslan Kurbanowyň 4 penaltilik netijesine Begenç Alamow hem şärik boldy.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru