Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 30-njy tapgyryň öňünden käbir hasaplamalar, maglumatlar

0
6673

«Aşgabat» — «Balkan»

Tapgyr «Aşgabadyň» «Balkany» kabul etmegi bilen başlanýar. Duşuşykda gazanyljak ýeňiş «Balkan» üçin hem möhüm welin, «Aşgabat» üçin has möhüm. Çünki yzygiderli ýeňişler «paýtagtlylara» möwsümi üçünji orunda tamamlamaga mümkinçilik berer. Ýeňilmegem howply, eliňde bar bolan dördünji orny almak üçin hem «Şagadam» synanşyk edýär.

«Aşgabat» «Balkany» ikinji aýlawda hem kabul edipdi, şonda jogapsyz gollaryň ikisi bilen «paýtagtlylar» ýeňiş gazanypdy. Balkanabatdaky duşuşyklar bolsa «nebitçileriň» ýeňşi bilen tamamlandy. Esasan hem, soňky oýun «Aşgabadyň» düzümine uly umyt bilen goşulan Wahyt Orazsähedowyň agyr şikes almagy bilen ýatda galdy.

Şu tapgyrda Ýokary ligadaky 680-nji duşuşygyny geçirjek «Balkan» myhmançylykdaky şowsuzlyklaryny dowam edip, «Aşgabatdan» ýene-de ýeňilse, bu ýeňliş «nebitçileriň» Ýokary ligadaky 170-nji ýeňlişi bolar. Eger ýeňiş, hakykatdan-da, «Aşgabadyň» tarapynda bolsa, onda «paýtagtlylar» şu möwsümde öz meýdanynda 10-njy ýeňşini gazanar.

 

«Hazyna» — «Ahal»

Üçünji aýlaw. «Ahal» — «Hazyna» duşuşygy. «Hazynanyň» 3:1 hasabynda öňe saýlanmagy, soň bolsa «Ahalyň» hasaby deňlemegi.  6 golly bu gyzykly oýun «Hazynanyň» we «Ahalyň» janköýerleriniň ýadyndan çykmadyk bolsa gerek. Ýene-de şol duşuşygyň ekiz taýy. Bir tapawutly tarapy, indi «Hazyna» «Ahaly» kabul edýär. Geçen tapgyrda «Hazyna» «Ahaldan» çekinmeýänligini görkezdi. Ýöne utulmak «Ahal» üçin howply. Geçen tapgyrda-da «Altyn asyrdan» ýeňlip utuk ýitiren «Ahala» indi mümkinçilik ýok diýen ýaly. Diňe ýeňmeli, deňlik hem howply. «Hazyna» bolsa arkaýyn. 6-njy orun ugrundaky ýaryşda bäsdeşlerinden yza galdy (ýöne ätiýaçda iki oýny bar). Özünde bir basgançak yzda gelýän «Energetikden» bolsa iki esse kän utugy bar. Diýmek, rahat oýun «Hazyna» ýeňiş getirip biler.

Şu ýylky «Hazyna» — «Ahal» duşuşyklarynyň ikisi hem gollara baý boldy. Ilkinji duşuşykda 5, ikinjisinde 6 gol geçirildi (Ikinji aýlawda «Hazyna» tehniki ýeňlişiň berlendigini ýatladýarys). Göreliň, bu gezek nähili bolarka?

 

«Energetik» — «Merw»

Mary derbisi. Ýöne Baýramalyda geçiriler. «Merwden» iki duşuşykda ýeňilmedik «Energetik» ahyr soňy üçünji aýlawda boýun egdi. Bu gezek ýene «Merwi» kabul edýär.

Indi birnäçe tapgyrdan bäri «Merw» bilen HTTU-nyň arasynda 6-njy orun ugrunda barlyşyksyz göreş dowam edýär. Bu tapgyr hem «Merw» üçin howply. Çünki özünden bir oýny az, ýöne bir utuk öňde barýan HTTU «Daşoguza» myhman bolýar. Eger işler tersine gitmese, HTTU-nyň ýeňiş gazanmak mümkinçiligi uly. Diýmek, ýaryşdan galmajak bolsa, «Merwe-de» ýeňilmek bolanok.

«Energetik» arkaýyn. Topar möwsümi 9-njy orunda tamamlady diýip arkaýyn aýdyp bileris. Şonuň üçin hem «Merwi» derletmek hem, olary 6-njy orun ugrundaky ýaryşda «goldamak» hem «Energetigiň» öz elinde.

Eger, köp sanly futbol janköýerleriniň garaşyşy ýaly, duşuşyk «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlansa, onda bu ýeňiş toparyň Ýokary ligadaky 300-nji ýeňşi bolar. «Energetik» deňe-deň oýnap bilse, onda şu möwsümde 10 oýnuny deňlik bilen tamamlan ilkinji topar bolar. «Energetigiň» «Merwiň» derwezesinden geçirip biljek ýekeje goly toparyň şuw möwsümdäki, asyl-ha, Ýokary ligadaky 20-nji goly bolar (Şolaryň 11-si Kerim Hojaberdiýewe degişli). Üstesine-de şol gol «Merwiň» şu möwsümde öz derwezesine geçirden 40-njy goly bolar.

Bu sanlar amala aşarmyka? Geliň, onda oýna garaşalyň!

 

«Daşoguz» — HTTU

Bu gezek HTTU üçünji aýlawdaky uly üstünligini gazanyp, ýer eýeleriniň derwezesine 10 pökgi geçirip biler diýmeris. Sebäbi, «Daşoguz» myhmançylykdaky oýunlara görä, öz ýerinde batyrgaý we netijeli çykyş edip bilýär. Üstesine, şu möwsümde gazanan ýeňişleriniň ikisini hem öz meýdanynda gazandy. Ýöne, şeýle-de bolsa, indi 5 tapgyr bäri ýeňilmän gelýän HTTU duşuşygyň üstün tarapy. Ýeňiş mümkinçiligi, biziň pikirimizçe 30% — 70%.

Eger HTTU şuny başarsa, onda bu ýeňliş «Daşoguzyň» öz meýdanyndaky 10-njy ýeňlişi bolar. «Daşoguz» ýeňse, hasap örän sada, topar 3-ni ýeňşini gazanar we toplan utuklarynyň sany 10-dan geçer.

Hany, göreliň! Netije nähili bolarka? «Daşoguz» enteg-ä HTTU-nyň 14 goluna ýekeje jogaby hem berip bilenok.

 

«Altyn asyr» — «Şagadam»

Mundan 18 tapgyr öň. «Altyn asyr» «Şagadamy» kabul edipdi we 11 tapgyr bäri ýeňilmän gelýän «aragatnaşykçylar» ilkinji gezek, onda-da öz meýdanynda ýeňlipdiler. Ýene şol duşuşygyň ekiztaýy. Aslynda «Altyn asyra» «Şagadamy» ýeňmegiň kyndygyny aýtmak gerek. Birinji oýun 0:0, ikinji oýun ýeňliş, üçünji oýunda-da «Şagadam» öz futbolçylarynyň ýalňyşlygy bilen (awtogol) ýeňildi.

Bize tapgyryň duşuşygynda indi nämeler garaşýar? Jogabyny 21-nji oktýabrda alarys. 

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации