Последние новости

Архив новостей

13-nji oktýabrdaky duşuşyklardan soň «D» toparçadaky umumy ýagdaýa gysgaça syn

0
6822

Ilkinji nobatda bellenilmeli ýagdaý, futbol boýunça dünýä we Aziýa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň 13-nji oktýabrdaky duşuşyklarynyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň çykyş edýän toparçasynda — «D» toparçada ýygyndylaryň ýerleşiş tertibini üýtgdendigidir. Biz bu duşuşyklary toparçanyň ikinji aýlawy diýip hem atlandyryp bileris. Çünki şol gün ähli milli ýygyndylar biri-biri bilen ikinji gezek duşuşdylar.

Ildeşlerimiziň Guamyň, Omanyň bolsa Hindistanyň milli ýygyndysyny  ýeňen tapgyrynda eýranly futbolçylar dynç aldy. Şeýlelikde, Oman toparçada birinji orna geçdi. Möhüm ýeňiş ildeşlerimiziň bolsa toparçada üçünji orna çykmagyna mümkinçilik berdi.

Toparçadaky beýleki aýratynlyklar:

— Guamyň hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň  diňe utuklary däl-de, beýleki görkezijilerinde hem meňzeşlikler bar. Iki ýygyndy hem bassyr iki oýunda ýeňiş gazanyp gördi. Şol ýeňişleriň ikisi hem milli ýygyndylaryň öz meýdançasynda gazanyldy. Iki topar hem Hindistany şol bir hasap bilen — 2:1 hasabynda ýeňdi. Olaryň özara duşuşyklary bolsa ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.

— Guamyň hem Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň görkezijileriniň arasynda käbir tapawutlar hem bar. Ilkinji nobatda, pökgi gatnaşyklary tapawutly. Ildeşlerimiz garşydaş derwezlere 5 gol geçirip, öz derwezesine 6 pökgi goýbertdiler. Guamyň milli ýygyndysy bolsa garşydaş derwezelere 3 pökgi geçirdi. Olaryň öz derwezesine goýberden gollarynyň sany bolsa 8-e çykdy. Şu artykmaçlyk hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň toparçada 3-nji orna çykmagyny üpjün etdi.

— Milli ýygyndymyzyň Guam bilen geçiren duşuşyklarynyň ikisinde-de, netijä garamazdan, gollary türkmen futbolçylary geçirdiler.

— Guamyň milli ýygyndysy soňky üç oýunda ýekeje gol hem geçirip görmedik ýeke-täk ýygyndydyr.

— Häzirlikçe Omanyň dünýä Kubogynyň üçünji tapgyryna we Aziýa çempionatyna göni çykmaga hukugy bar.

— Geçen tapgyrda dynç alan we häzirlikçe toparçada ikinji orna düşen Eýranyň milli ýygyndysynyň edil häzirki görkezijileri olara dünýä Kubogynyň üçünji tapgyryna we Aziýa çempionatyna göni çykmaga mmükinçilik berenok. Çünki toparçalarda ikinji orny eýelän 8 milli ýygyndynyň diňe dördüsi bu hukukdan peýdalanýar. Eýranyň milli ýygyndysy bolsa ikinji orny eýeleýän ýyygndylaryň arasynda häzirlikçe 5-nji orunda. Bu bolsa goňşularymyza diňe Aziýa birinjiliigniň üçünji tapgyryna göni çykmak üçin ýeterlik bolup biler.

— Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, ildeşlerimiz üçünji orna geçdiler. Diýmek, olar şu ornuny saklap bilseler, Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna göni çykmaga mümkinçilik gazanyp bilerler.

— Toparçada dördünji orna geçen Guamyň milli ýygydysy ähli «dördünjilikleriň» içinde iň gowy netijäni görkezýär. Bu bolsa geçen duşuşykdaky garşydaşlarymyza Aziýa çempionatynyň üçünji saýlama tapgyryna çykmak üçin ýeterlikdir.

— Yzda galan 5 tapgyryň duşuşygyndan soňra entek ýekeje utuk toplap bilmedik Hindistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatynyň indiki tapgyryna çykmak üçin hiç hili mümkinçiligi ýok. Olara Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyry hem uzak görünýär. Ýöne her zat bolup biler. Entek öňde 3 oýun bar ahyryn!

— 13-nji oktýabrdaky duşuşyklardan soň Hindistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Sunil Çetri bilen eýranly türkmen Serdar Azmun entek hem toparçanyň iň köp gol geçiren futbolçylary.

— Türkmenistan — Guam duşuşygynda milli ýygyndymyzyň «Messisi» Guwanç Abylow bassyr ikinji gezek tapawutlandy. Ol iki goluny hem duşuşyklaryň birinji ýarymynda geçirdi we iki duşuşykda-da ilkinji bolup tapawutlandy. Iki goluny hem Aşgabatda oýnalan duşuşyklarda geçirdi.

— Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi bassyr ikinji gezek angliýaly kärdeşlerinden üstün çykdy.

— Milli ýygyndymyzyň merkezi hüjümçisi Süleýman Muhadow ýygyndynyň hatarynda geçiren duşuşyklaryny tegelekledi. Guam bilen geçirilen duşuşygyň S.Muhadowyň milli ýygyndydaky 10-njy oýnudyr.

 — Milli ýygyndymyzyň häzirki düzüminiň iň tejribeli futbolçysy Bagtyýar Hojaahmedow Guam bilen bolan duşuşykda öz karýerasynda 31-nji gezek milli ýygyndymyzyň köýnekçesini geýdi.

— Guam bilen geçirilen duşuşykda milli ýygyndymyzyň düzüminde 21-nji gezek ýaşyl meýdana çykan Guwanç Abylow 4-nji goluny geçirdi.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации