Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 28-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
6526

Soňky gezek duşuşdylar: 28-nji tapgyr şol bir wagtyň özünde Milli çempionatymyzyň şu möwsüminiň iň soňky tapgyrydyr. Şonuň üçin hem toparlar birek-birek bilen şu ýyldaky iň soňky duşuşygy geçirdiler.

16 gol: Tapgyrda geçirilen duşuşyklarda derwezelere 16 pökgi girizildi. Ýöne «Altyn asyr» bilen «Hazynanyň» arasynda geçirilmeli ýene bir duşuşygyň bardygyny hem ýatladýarys.

Üstünlik ýer eýelerinde: Geçirilen 4 duşuşygyň diňe birinde myhmanlar ýeňdi, iki oýun ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Bir duşuşykda bolsa deňlik hasaba alyndy. Ýer eýeleriniň 10 goluna myhmançylykda çykyş eden toparlar 6 gol bilen jogap berip bildiler.

400-e 8 gol galdy: Şu tapgyrdan soň, 23-nji Milli çempionatymyzda derwezelere jemi 392 pökgi geçirildi. Geçen ýyl möwsümiň 579 gol bilen jemlenendigini ýene bir gezek ýatladýarys. Hany göreliň, bu ýylky hüjümçilerimiz geçen ýylky sepgide ýetip bilerlermikä?!

 

Aşgabat 3-0 Merw

Gollar:

1-0_Berdi Şamyradow 20' (pen.)

2-0_Rasim Gereýhanow 68' (öz derwezesine)

3-0_Rahymberdi Baltaýew 70'

Baltaýew soňky aýlawa şowly başlady: 4-nji aýlawyň ilkinji duşuşygynda «Aşgabatdan» Rahymberdi Baltaýew möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Şamyradowda 50 gol: Dogry, adyny türkmen futbolynyň taryhyna iň köp bombardir bolan futbolçy hökmünde ýazdyran Berdi Şamyradow üçin bu sepgit az. Ýöne bize Ýokary liganyň oýunlarynyň taryhyny dörüp, diňe 2012-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri kim näçe gol geçirendigini bilmek başardyk. Biziň ýöredýän sanawynymyz hem şol möwsümden başlaýar. Şu tapgyrda dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy Berdi Şamyradowyň 2012-nji ýyldan bäri geçiren 50-nji goly boldy. Ol şol möwsümden bäri 50 gol geçirenleriň sanawyna 6-njylyk bolup adyny ýazdyrmagy başardy. Bu sanawyň ilkinji 5 basgançagynda S.Muhadowyň, M.Karadanowyň, D.Durdyýewiň, A.Boliýanyň, H.Amanmämmedowyň atlary bar.

140-njy ýeňiş: Şu tapgyrda «Aşgabat» Ýokary ligadaky 140-njy ýeňşini gazandy.

Baltaýew ilkinji 10-lukda: Biz 2013-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri toparlaryň iň netijeli futbolçylarynyň sanawyny hem döretdik. Şu tapgyrda şol möwsümden bäri, «Aşgabadyň» düzüminde 6-njy pökgüsini derwezeden geçiren Rahymberdi Baltaýew toparyň bombardirleriniň sanawynda ilkinji onluga (9-njy orun) düşmegi başardy.

Şu ýyl «Aşgabat» — «Merw»: Şu möwsümde iki toparyň arasynda geçirilen 4 duşuşygyň 3-si «paýtagtlylaryň» ýeňşi, biri «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Aşgabat» 7 — 3 «Merw».

 

"Balkan" 1 - 1 HTTU 

Gollar:

1-0 Myrat Ýagşyýew 58'

1-1 Nurýagdy Muhammedow 70'

Deňlikler ýedi ony tegeledi: Şu tapgyrdan soň, HTTU-nyň Ýokary ligada geçiren duşuşyklarynyň 70-si deňlik bilen tamamlandy.

Myrat Ýagşyýew gollaryny köpeldýär: Birinji aýlawdan bäri iň netijeli hüjümçileriň sanawynda öňdeligi hiç kime bermän gelýän Myrat Ýagşyýew ýylyň iň kän gol geçiren futbolçysy bolmaga ýene bir ädim ýakynlaşdy.

Muhammedowyň 10-njy goly: HTTU-a arzyly deňligi getiren Nurýagdy Muhammedowy şu möwsümde 10-njy gezek tapawutlandy.

«Balkanam» 10 gol goýbertdi: Şu tapgyra çenli «Altyn asyr» bilen «Balkan» öz öýünde derwezesine geçirden gollarynyň sany 10-a çykmadyk 2 topardy. Indi bu sanawda «aragatnaşykçylaryň» bir özi galdy.

Ýeňişli tapgyryň soňy: «Balkanyň» ýeňişli tapgyryny HTTU jemledi. Mundan öňe 3 duşuşykda yzygider ýeňiş gazanan «Balkan» bu gezek talyplara çäre tapyp bilmedi.

Şu ýyl «Balkan» — HTTU: Şu möwsümde «Balkan» bilen HTTU-nyň arasyndaky duşuşyklarynyň 2-si «nebitçileriň», biri talyplaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Soňky aýlawdaky duşuşyk bolsa, siziňem bilşiňiz ýaly, deňlik bilen tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Balkan» 7 — 3 HTTU.

 

"Şagadam" 5 — 0 "Daşoguz"

Gollar:

1-0, Gahrymanberdi Çoňkaýew 11'

2-0 Gahrymanberdi Çoňkaýew 49'

3-0 Hemra Amanmämmedow 79'

4-0 Islam Muhadow 80'

5-0 Azat Garajaýew 83.

Çoňkaýew hem dublçy: «Şagadamyň» duşuşykdaky ilkinji iki golunyň awtory Gahrymanberdi Çoňkaýew täze toparyndaky ilkinji dublyny amala aşyrdy.

«Şagadamyň» Muhadowy: Duşuşykda tapawutlanmagy başaran ýaş zehin Islam Muhadow, bize belli bolan maglumatlara görä, entek 17 ýaşynda. Şeýle-de bolsa, ýaş zehin özüne bil baglansa, geljegiň ýyldyzlarynyň birine öwrülip biljekdigini görkezdi.

Bir derwezä 90 pökgi: «Şagadamyň» 5 golundan soň, «Daşoguzyň» möwsümde geçirden gollarynyň sany 90-na çykdy.

Ýene 5 gol: «Şagadam» «Daşoguz» bilen ikinji aýlawda öz meýdanynda geçirilen duşuşykda hem «demirgazyklylaryň» derwezesine  5 gol geçiripdi. Ýöne onda «Daşoguz» bu gollaryň 2-sine jogap berip bilipdi. Bu gezek welin...

Şu ýyl «Şagadam» — «Daşoguz»: Geçirilen 4 duşuşyk hem «Şagadamyň» peýdasyna tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Şagadam» 16 — 2 «Daşoguz».

 

«Energetik» 1-5 «Ahal»

Gollar:

0-1_Rahmet Şermetow 8'

0-2_Begmyrat Balakaýew 31'

0-3_Rahmet Şermetow 49'

0-4_Altymyrat Annadurdyýew 63'

1-4_Kerim Hojaberdiýew 76'

1-5_Altymyrat Annadurdyýew 77'

Annadurdyýew ikinjilige geçdi: Şu duşuşykda iki gezek tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew iň netijeli futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi.

Şermetowam dublçy: Möwsümdäki ilkinji dublyny amala aşyran Rahmet Şermetowam BIR OÝUNDA IKI PÖKGI GEÇIRENLERIŇ sanawyna goşuldy.

Altymyrat 4-nji gezek: Ýokarky netijeden hem görşüňiz ýaly, duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bilen diňe Rahmet Şermetow däl. Altymyrat Annadurdyýew indi şu möwsümde 4-nji gezek bir oýunda iki gezek tapawutlanyp bildi. Şeýlelikde, ol möwsümiň dublçylarynyň sanawynda ikinji orna çykdy. Bu sanawyň başyny 7 dubl bilen Süleýman Muhadow çekýär.

60-njy şowsuzlyk: Şu tapgyrdan soň, möwsümde «Energetigiň» derwezesinden geçirilen gollaryň sany 60-a çykdy.

Şowsuzlyk döwri tamamlandy: Şu tapgyra çenli «Ahal» bassyr 3 oýunda ýeňlipdi.

Şu ýyl «Energetik» — «Ahal»: Möwsümde geçirilen 4 duşuşygyň 3-si «Ahalyň» ýeňşi bilen, biri bolsa deňlik bilen tamamlandy. Gollaryň gatnaşygy: «Energetik» 2 — 14 «Ahal»

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации