Последние новости

Архив новостей

Super ýyldyzyň soňky çempiona kömegi degmez

0
5761

Hawa, futbol muşdaklarynyň söýgüli bäsleşiginiň eýýäm, 2-nji hepdesiniň duşuşyklaryna şu gün badalga berler. Şu gije “E”, “F”, “G”, “H” toparçalarynyň duşuşyklary oýnalar. Oýunlaryň ählisi-de Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanar. Bu gijeki 8 oýnuň arasyndan iň esasylary hökmünde, “Porto”–“Çelsi” hem-de “Barselona”–“Baýer” oýunlaryny görkezmek bolar.

 

Messisiz “Barselona” nähili netije gazanarka? (“Barselona” – “Baýer”; 23:45)

“Ýeri doldurylyp bolmajak oýunçy” diýip, esasy ýyldyzy Lionel Messiniň şikesi (2 aýa golaý wagtlap meýdança çykyp bilmez) bilen baglanyşykly beýanat beren Luiz Enrikäniň onuň ornuna Muniri oýnatmagyna garaşylýar. 2 ýyl ozal, “Kamp Nouda” “Baýeri” 7–1 (Messi 5 gol geçiripdi) hasabynda ýeňen “Barselona” “Baýer” bilen 8 gezek duşuşdy. Şolaryň 5-sinde ýeňiş gazanan “katalonlar” 17 pökgi geçirdi. “Barselonany” 2 gezek ýeňen (1988-nji we 2001-nji ýyllarda) “Baýeriň” janköýerleri Hakan Çalhanoglu, Mehmedi, Kampl, Çiçarito ýaly oýunçylaryndan iň bolmanda deňlige garaşýar. Oýunda angliýaly Martin Atkinson jürlewük çalar.

 

Rudi Garsianyň 100-nji oýny (BATE –“Roma”; 23:45)

“Romanyň” tälimçisi Rudi Garsia üçin bu günki oýnuň özboluşly statistiki aýratynlygy bar. Ol “Romanyň” tälimçisi hökmünde 100-nji oýnuny geçirer. Ilkinji gezek duşuşýan iki toparyň arasyndaky oýna başga bir iňlis emini Mark Klatenburg eminlik eder. Belarus kluby häzire çenli italýan toparlary bilen 8 gezek duşuşyp, ýeke sapar hem ýeňiş gazanyp görmedi (4 deňlik, 4 ýeňliş). Ýöne BATE öz meýdançasynda italýan klublary bilen geçiren soňky 2 oýnunda deňme-deň oýnamagy başardy (“Ýuwentus” bilen 0-0, “Milan” bilenem 1-1). “Roma” iň soňky sapar 2010-njy ýylda bu ýaryşyň çäklerinde myhmançylykda ýeňiş gazanypdy.

 

“Dinamo Z.” 45 oýundan bäri ýeňilmän gelýär, ýöne... (“Bawariýa” – “Dinamo Zagreb”; 23:45)

Duşuşygyň 100 göterim faworiti “Bawariýanyň” tälimçisi Pep Guardiolany howatyrlandyrýan iň esasy zat garşydaşy “Dinamo Zagrebiň” 45 oýundan bäri ýeňilmän gelýändigidir. Köpleriň pikirine görä, bu gün horwat toparynyň bu statistikasy bozular. Geçen hepdäniň dowamynda 2 duşuşykda 7 gol geçiren (birinde 5 gol salyp, ona golaý rekordy öz adyna ýazdyrypdy) Lewandowskiden janköýerler şol gollarynyň dowamyny isleýär. Iki topar ilkinji gezek özara güýç synanyşsa, “Dinamo Zagreb” 11-nji sapar nemes toparlary bilen duşuşar. Öňki 10 oýunda ýeke gezek hem ýeňip görmedik zagrebliler 1-nji duşuşykda “Arsenaly” ýeňip, liganyň taryhyndaky az sanly ýeňişleriniň birini gazanypdy. Duşuşygyň emini belarusly Alekseý Kulbakow bolar.

 

Iki toparam öz öýünde ýeňýär (“Arsenal” – “Olimpiakos”; 23:45)

1-nji oýunlarynda utulan 2 toparyň – “Arsenal” bilen “Olimpiakosyň” arasyndaky duşuşygyň baş emini gollandiýaly Bas Niýhuis bolar. Soňky 7 möwsümde 4-nji sapar bir toparça düşen iki klub hem ýeňiş gazanmak isleýär. Aýratynam, “Arsenal”. Sebäbi “Arsenal” toparçadaky mundan soňky 2 oýnunda “Bawariýa” bilen duşuşar we bu oýunlaryň ikisi-de olar üçin o diýen ýeňil geçmejekdigi hemmä mälim bolşy ýaly, iňlis klubuna-da äşgär. “Arsenal” bilen “Olimpiakos” mundan öň 6 duşuşyk geçirip, hersi 3 gezek ýeňiş gazandy. Başgaça aýdylanda, iki klubam öz meýdançasyndaky oýunlarda bir-birinden üstün çykmagy başardy. Gol gatnaşygynda “Arsenal” 9–8 öňde. 1-nji oýunda gyzyl petek alan Žirunyň ornuna “Premier ligada” soňky oýunda “het-trik” eden Aleksis Sançesiň esasy düzümde meýdança çykmagyna garaşylýar. Bilermenleriň çaklamasyna görä, “Arsenalyň” ýeňiş gazanmagynyň mümkinçiligi has ýokary.

 

11 ýyldan soň (“Makkabi Tel Awiw” – “Dinamo Kiýew”; 23:45)

11 ýyldan soň, öz meýdançasynda Çempionlar ligasy duşuşygyny geçirjek “Makkabi Tel Awiw” toparynyň tälimçisi Slawişa Ýokanowiç “Dinamo Kiýewi” ýeňmek üçin ellerinden geleni gaýgyrmajakdyklaryny aýtdy. Iki topar hem öz milli çempionatlaryndaky soňky oýunlarynda 2–0 hasabynda ýeňiş gazandy. Iki klub 2011-nji ýylda UEFA Ýewropa ligasynda duşuşypdy. Tel Awiwdäki oýun 1–1, Kiýewdäki duşuşyk 3–3 hasabynda gutarypdy. Duşuşykda ispaniýaly emin Dawid Fernandes Borbalan jürlewük çalar.

 

“Özboluşly” (Special One) tälimçiniň özboluşly duşuşygy (“Porto” – “Çelsi”; 23:45)

Başga bir ispaniýaly emin – Antonio Mateu Lahozyň eminlik etjek duşuşygynda “Porto” bilen “Çelsi” özara güýç synanyşar. Bu oýnuň özboluşly ähmiýeti bolup, “Çelsiniň” tälimçisi Žoze Mourinio ozalky klubunyň garşysyna göreş alyp barar. Çempionatda şowly oýun görkezip bilmeýän “Çelsiniň” tälimçisiniň wezipesini saklamagy üçin iň esasy tutawaç Çempionlar ligasy bolup durýar. Şonuň üçin bar güýji bilen duşuşyga ymtylýan “Çelsiniň” tälimçisi “Porto” bilen uly ýeňiş gazanandygyny, indi hem onuň garşysyna çykýandygyny hem-de düýn klubuň muzeýini gezip görendigini aýtdy. Iki klub hem çempionatdaky soňky duşuşygyny öz garşydaşlary bilen 2-2 deňlikde oýnady. Žoze Mourinionyň “Real Madriddekä” o diýen oňuşmadyk şägirdi Iker Kasilýasyň “Portonyň” derwezeçisidigini ýatladyp, eger oýnan ýagdaýynda “Çelsiniň” hüjümçisi Radamel Falkao hem öňki toparynyň garşysyna meýdança çykar. Kasilýas oýnasa, onda ol Çempionlar ligasynda iň köp çykyş eden oýunçy diýen ugurda rekordyň ýeke-täk eýesi bolar (häzirlikçe). Düýn döredilenine 122 ýyl dolan “Porto” 12 oýunda bäri ýeňilmän gelýär (ähli ýaryşlary hasaba alanyňda). “Porto” bilen “Çelsi” 6 gezek duşuşyp, 4 oýunda iňlisler, 1-inde hem portugallar ýeňiş gazandy.

 

Oýnuň faworiti “Zenit” (“Zenit” – “Gent”; 23:45)

12 oýundan bäri, ýeňlişsiz gelýän “Gent” myhmançylykda “Zenit” bilen duşuşyp, sýurpriz etmegiň aladasynda. Öz meýdançasynda o diýen aňsat ýeňilmeýän “Zenitiň” tälimçisi Andre Willaş-Boaş oýunçylaryna uly ynam bildirýändigini aýtdy. Sloweniýaly Matež Ýuguň eminlik etjek bu oýnunda iki klub ilkinji sapar duşuşar. Öz meýdançasynda belgiýa toparlaryny 5 oýunda-da ýeňen “Zenit” bu duşuşyklarda 12 gol geçirip, toruna 1 pökgi goýberdi. Ýewropa arenasyndaky soňky 8 oýnuň 5-sinde ýeňiş gazanan Sankt-peterburglylar duşuşygyň faworiti diýlip görkezilýär. Liganyň debýutanty “Gent” 1-nji oýnunda “Lion” bilen deňme-deň oýnan bolsa, “Zenit” myhmançylykda “Walensiýany” 3–2 hasabynda ýeňipdi.

 

“Biz hökman ýeňiş gazanaýmaly” (“Lion” – “Walensiýa”; 23:45)

Bu sözler “Walensiýanyň” tälimçisi Nuno Espirito Santonyň oýundan öňki beren beýanatlaryndan. 1-nji oýunlarda garaşan netijelerini gazanyp bilmedik 2 klubuň – “Lion” bilen “Walensiýanyň” arasyndaky duşuşygyň emini serbiýaly Milorad Maziç bolar. Ispan toparlaryny aňsat ýeňip bilmeýän “Lion” 2000-nji ýylda-da “Walensiýa” bilen duşuşypdy. Şonda iki oýun hem ispan klubunyň ýeňşi bilen gutarypdy (Fransiýada 1-2, Ispaniýada 1-0). Fransuz klublaryny aglaba ýeňýän “Walensiýa” 1-nji tapgyrda garaşylmadyk ýagdaýdaky ýeňlişiň öwezini dolmakçy. Olar pleý-off tapgyrynda-da başga bir fransuz kluby – “Monakony” utupdylar. 

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации