TÝL — 2015: 26-njy tapgyryň duşuşyklaryndan öň käbir sanlar, maglumatlar

0
661

“Hazyna” - “Energetik” (Duşuşyk 10-njy oktýabra geçirildi)

 

“Altyn Asyr” - “Daşoguz”

Çempionatyň öňdebaryjysy bilen ýaryş tertibiniň soňky ornundaky toparyň duşuşygy. Bir möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmak üçin  Süleýman Muhadowa ýene bir mümkinçilik. Bilşiňiz ýaly, iň netijelileriň sanawynda Süleýmanyň geçiren gollary Myrat Ýagşyýewiňkiden 2 gol az.

Duşuşykda artykmaçlyk, gürrüňsiz, «Altyn asyryň» tarapynda. Eger «Daşoguz» bir gudrat görkezmese, «Ahal» ýa-da «Balkanyňam» birinden biriniň utuk ýitirjekdigini çaklasak, «Altyn asyryň» ikinji orundaky topar bilen arany has uzaldaýmagy hem mümkin.

Ýeňiji kim bolanda-da, şu duşuşyk «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 220-nji duşuşygy bolar. Belki ýeňer, belki ýeňler, ol nämälim, ýöne «Daşoguz» şu duşuşykda «aragatnaşykçylaryň» derwezesine ýekeje pökgi geçirip bilse, bu gol olaryň çempionatdaky 10-njy goly bolar. «Demirgazyklylaryň» öz derwezesine girjek ýekeje pökgi bolsa olaryň myhmançylykda 50 gol geçirden ilkinji topar bolmagyna sebäp bolar. Janköýerleriňem garaşyşy ýaly, duşuşyk «Altyn asyryň» peýdasyna tamamlansa, bu toparyň bassyr 5-nji ýeňşi bolar.

Şu ýylky «Altyn asyr» — «Daşoguz» duşuşyklarynyň ikisi hem 4:0 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlandy. Süleýman Muhadow bilen Ahmet Ataýew bolsa iki gezek tapawutlanan futbolçylardyr.

 

“Merw”-HTTU

Tapgyryň garaşylýan esasy duşuşyklary bizi ýene bir gün garaşdyrar. 26-njy sentýabrdaky duşuşyklar ýaryş tertibiniň 6-njy orny ugrunda bolar — «Merw» HTTU-ny kabul eder.

Geçen tapgyrda toparlaryň ikisi hem ýeňiş gazandy. Ýeňiş bu gezek hem iki topara-da zerur. Ýöne ol kimiňki bolarka?!

Ýer eýesi hökmünde garasaň-a «Merw» ýeňşi elden bermejek ýaly görünýär, ýöne HTTU şu möwsümde «Merwden» ýeňlip görenok, hat-da öz meýdanynda üstün hem çykdy. Bu duşuşygyň deňlik bilen tamamlanaýmak ähtimallygy hem. Eger şeýle bolsa «Hazyna» ýene-de bu toparlar bilen arany ýygryp biler.

Duşuşykda «Merw» HTTU-nyň derwezesine ýekeje gol geçirip bilse, 30 gol geçiren toparlaryň sanawyna goşular. Eger ýekeje gol geçirtse, 30 gol geçirdenler «Merwi» öz kerwenine goşar. Galyberse-de «Merwiň» bu duşuşykda geçirip biljek ýekeje goly toparyň öz meýdanynda 20 we ondan kän gol geçirenleriň sanawyna 7-njilik bolup goşulmagyna ýardam eder.

 

Oýun 129. 26-njy sentýabr (şe.) “Ahal” - “Aşgabat”

Şu ýyl «Aşgabat» bilen geçirilen iki duşuşykda hem ýeňiş gazanan  «Ahal» üçin geçen tapgyrda «Balkana» aldyran ikinji ornuny gaýdyp almaga mümkinçilik bar. Ýöne «Altyn asyr» bilen bolan duşuşykda özüniň kän bir ejiz topar däldigini «Aşgabat» ýene bir ýola görkezdi. Şonuň üçin, duşuşykda artykmaçlyk «Ahalyň» tarapynda ýaly görünse-de, ýeňijini anyk çaklamak kyn. Ýöne bu duşuşyk «Ahalyň» ikinji, «Aşgabadyň» bolsa dördünji orun ugrundaky göreşine täsirini ýetirer diýip garaşýarys.

Eger duşuşyk «Aşgabadyň» peýdasyna tamamlansa, «paýtagtlylar» möwsümde  40 utuk toplan toparlaryň sanawyna goşular.

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, «Ahal» bilen «Aşgabadyň» şu ýylky özara duşuşyklarynda artykmaçlyk «Ahalyň» tarapynda. Yzda galan iki oýundan soň «Ahalyň» 4 goluna «Aşgabat» Ruslan Kurbanowyň ýekeje dürs penaltysy bilen jogap berip bildi. Altymyrat Annadurdyýew bolsa «Ahal» — «Aşgabat» duşuşyklarynyň hakyky lideridir. Ol şu möwsümde «Ahalyň» «paýtagtlylaryň» derwezesine girizen gollarynyň ählisini öz adyna ýazdyrdy.

 

Oýun 130. 26-njy sentýabr (şe.) “Şagadam” - “Balkan”

Balkan derbisi. Iki topar üçin hem ýeňil bolmadyk duşuşykda öňde duran wezipeler «Ahal» — «Aşgabat» duşuşygynyňka meňzeş. Ýene-de ikinji we dördünji orun ugrundaky göreş. Meseläniň dartgynly tarapy bolsa, «Şagadam» bilen «Balkanyň» şu möwsümde entek biri-birini ýeňip bilmeýänligidir.

Bu gezek nähili bolar. iki tapgyr bäri ýeňiş ýüzüni görmedik «Şagadam» ýeňermi ýa myhmançylyklaryň şowsuz toparlarynyň biri «Balkan»?! Bu sowala jogaby diňe duşuşygyň özi berip biler. Biz bolsa käbir zatlary aýdyp bileris:

— «Balkan» ýeňilse, ýene-de ikinji orny elinden gidirip biler;

— «Şagadam» ýeňiş gazansa, şu ýylky çempionatda 40 utuk toplan toparlaryň sanawyna goşular;

— «Balkan» ýeňläýse, bu ýeňliş toparyň Ýokary ligadaky 170-nji ýeňlişi bolar;

— «Balkan» duşuşykda ýekeje gol geçirtse, myhmançylykda 20 gol geçirden 4-nji topar bolar.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru