TÝL — 2015: 25-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
504

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýene iki topar 30 utuk toplady: HTTU bilen «Merw» şu möwsümde 30 we ondan kän utuk alan 6-7-nji toparlar boldy. Toparlaryň 24 duşuşykdan soň 31 utugy bar

16 gol: Tapgyrda derwezelere jemi 16 pökgi geçirildi. Bu bolsa her duşuşyga ortaça 3,2 goluň düşýändigini görkezýär.

Ýer eýeleri — ýeňiji: Tapgyrda 3 duşuşykda ýer eýeleri, birinde myhmanlar ýeňiş gazandy. Bir duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

25-nji tapgyrdan soň: Şu tapgyryň duşuşyklaryndan soň, 23-nji milli çempionatymyzda derwezelere jemi 349 pökgi geçirildi.

 

«Merw» 4 — 1 «Hazyna»

Gollar:

1-0, Tirkiş Muhammetberdiýew 32’

1-1, Didar Durdyýew 34’

2-1, Tirkiş Muhammetberdiýew 38’

3-1, Toýly Goçnazarow 48’

4-1, Daýanç Durdyýew 51’.

Bir topar, bir çempionatda 1000 gol: Şu tapgyrdan soňra «Merw» Ýokary ligada garşydaş derwezelere jemi 1000 gol geçirdi.

«Hazyna» üçünjisi boldy: Şu tapgyrdan soňra derwezesine geçirden gollarynyň sany 41-e çykan Hazyna möwsümde 40 we ondan kän gol geçirden 3-nji topar boldy.

Üç aýlawdan soň: «Merw» 7 – 4 «Hazyna»

 

«Daşoguz» 1 — 1 «Energetik»

Gollar:

1-0, Aziz Abdullaýew 42’

1-1, Mekan Nasyrow 47’.

Hem duşuşykda, hem möwsümde: «Daşoguzdan» Aziz Abdullaýewiň geçiren goly diňe bir duşuşykda däl-de, futbolçynyň şu möwsümdäki hem ilkinji pökgüsidir.

Nasyrow Ýokary liga «girişdi»: Tejribeli futbolçy Mekan Nasyrow şu tapgyrda möwsümdäki ilkinji pökgüsini derwezeden geçirdi.

Altyna barabar bir utuk: «Daşoguz» çempionatda 9 tapgyrdan soň utuk gazandy.

Üç aýlawdan soň: «Daşoguz»  2 – 4 «Energetik».

 

«Aşgabat» 1 — 2 «Altyn asyr»

Gollar:

1-0, Pirmyrat Gazakow 26’

1-1, Selim Nurmyradow 58’

1-2, Umidjan Astanow 67’.

Aralyk 15 utuga çykdy: Tapgyrda «Ahalyň» «Balkandan» ýeňilmegi bilen «Altyn asyr» bilen ikinji orundaky toparyň utuklarynyň arasy has uzady. Indi öňdebaryjy bilen ikinji orundaky «Balkanyň» utuklarynyň arasynda 15 utuk tapawut bar. Eger «Altyn asyr» şu aralygy ýene-de 6-7 tapgyr saklap bilse, çempionatyň tamamlanmagyna, 4 hepde galanda çempion bolup biler.

«Aşgabat» 8-njisi boldy: Şu tapgyrda öz meýdanynda geçirilen duşuşyklarda derwezesine 11-nji pökgini geçirden «Aşgabat» möwsümde öz meýdanynda 10 we ondan kän gol geçirden 8-nji topar boldy.

Kerweniň hatary uzamak bilen: «Altyn asyr» bassyr 4-nji ýeňşini gazandy.

 

«Balkan» 3 — 2 «Ahal»

Gollar:

1-0, Aşyrgeldi Ylýasow 15’

1-1, Altymyrat Annadurdyýew 20’

1-2, Süleýman Orazow 53’

2-2, Mekan Saparow 76’

2-3, Amir Gurbany 90+1’.

Däp bozulmady: Şu ýyl «Balkan» bilen «Ahalyň» arasynda Balkanabatda geçirilen duşuşyklarda janköýerler azyndan 4 gola şaýatlyk edip bildiler. Bu däp şu gezekki duşuşykda hem bozulmady.

Goşa ýeňiş: Möhüm ýeňişden soň, ýaryş tertibiniň ikinji ornuna geçen «Balkan» şu möwsümde öz meýdanynda 10 ýeňiş gazanan ilkinji topar boldy.

Orazowyň ilkinji goly: «Ahalyň» tejribeli goragçysy Süleýman Orazow möwsümde birinji goluny geçirdi.

«Ahalyň» derwezesinde 30 pökgi: Şu tapgyrdan soň «Ahal» möwsümde derwezesine 30 we ondan kän gol geçirden 5-nji topar boldy.

Myhmançylykda üçünji orunda: Şu tapgyrda myhmançylykda geçiren duşuşyklaryndaky 21-nji pökgüsini geçiren «Ahal» möwsümde myhmançylykda 20 we ondan kän gol geçiren 3-nji topar boldy.

Paýyny alyb-a galýar: Duşuşyk deňlik bilen tamamlansa-da, ýeňilse-de, barybir, «Ahal» soňky iki tapgyryň her haýsynda garşydaşlarynyň derwezesine 2 gol geçirip galdy.

 

HTTU 1 — 0 «Şagadam»

Gol:

1-0, Orazberdi Myradow 71’.

HTTU ýene 6-njy: Möhüm synagdan üstünlikli geçen «talyplar» ýaryş tertibiniň 6-njy ornundaky ýerini saklap galmagy başardylar.

270-nji şowsuzlyk: Şu utulyş «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 270-nji gezek ýeňlişidir.

Üç aýlawdan soň: HTTU 4 – 3 «Şagadam».

Köne kada «eýerildi»: Şu ýyl HTTU bilen «Şagadamyň» arasyndaky duşuşyklarda ýeňiji bolan topar bir gol bilen öňe saýlanyp bildi. Arany has açyp, ýeňiji bolmak toparlaryň hiç birine-de başartmady.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru