Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek final duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
851

«Balkan» 4 — 0 «Ahal» (Iki duşuşygyň netijesi boýunça 5:3)

Gollar:

1:0, Aleksandr Boliýan

2:, Myrat Ýagşyýew

3:0, Myrat Ýagşyýew

4:0, Amir Gurbany

 

Garaşylan oýnuň garaşylmadyk netijesi: Dogrusy, «Balkanyň» öz meýdanynda «Ahaly» 4:0 hasabynda ýeňip bilýändigine janköýerler Ýokary ligadaky duşuşykda hem şaýat boldy. Ýöne Türkmenistanyň Kubogynda 3:1 hasapdaky ýeňlişden soň, ýarym finala çykmaga hukuk gazanmak Kubok ýaryşymyzyň taryhynda öň bolan hem bolsa, juda seýrek hadysadyr.

Finalyň çärýek finaldaky jogaby: «Ahal» bilen «Balkan» geçen ýyl Kubok ýaryşynda finalda duşuşypdylar we siziňem bilşiňiz ýaly, «Ahal» ýurdumyzyň futbol Kubogynyň eýesi bolupdy. Bu gezek bolsa ýoly «Balkan» dowam etdirýär.

Kubogyň eýesi Kubok bilen ir hoşlaşdy: Şeýlelikde, Türkmenistanyň Kubogynyň soňky iki ýyldaky eýesi bu gezek Kubok ýaryşyndan çärýek finalda aýryldy.

«Balkanyň» BAÝ-y bar: «BAÝ» diýýänimizi «Boliýan, Ataýew, Ýagşyýew» diýip hem okap bilerisiňiz. Toparyň ýarym finala çykmagynda bu üçlügiň uly paýy bar.

42 duşuşygyň käbir hasabatlary: Şu duşuşyk «Ahalyň» Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçiren 42-nji oýny boldy. Topar 42 duşuşygyň 13-sinde ýeňiş gazandy, 21-sinde ýeňildi. 8 duşuşyk deňlik bilen tamamlandy. Pökgi gatnaşyklary 50 — 68 — «Ahalyň» garşydaşlarynyň peýdasyna.

Ýagşyýewiň ikinji, «Balkanyň» 200-nji goly: «Balkan» şu güne çenli Kubok ýaryşlarynda jemi 102 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 58-inde ýeňiş gazanan «nebitçiler» 31 duşuşykda garşydaşlaryndan asgyn geldiler. 13 duşuşykda bolsa hiç tarap hem ýeňiji bolup bilmedi. Şu duşuşykda Myrat Ýagşyýewiň «Ahalyň» derwezesine ikinji geçiren pökgüsi «Balkanyň» Kubok ýaryşlaryndaky 200-nji goly boldy. Pökgi gatnaşyklary bolsa 201 — 116 — «Balkanyň» peýdasyna.

 

«Altyn asyr» 1 — 0 HTTU (Iki duşuşygyň netijesi boýunça 4:1)

Gol:

1:0, Begenç Annagurbanow

 

Çempion «aryny» aldy: «Altyn asyr» geçen ýyl Kubok ýaryşy bilen çärýek finalda hoşlaşypdy. Ony ýaryşdan çykaran bolsa HTTU-dy. Bu ýyl «Altyn asyr» çärýek finalda HTTU-ny ýaryşdan çykardy.

«Altyn asyr» Kubok ýaryşlarynda: jemi 31 duşuşyk geçirdi, şolaryň 15-sinde ýeňiş gazanyp, 6 duşuşykda ýeňildi. 10 duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy. Garşydaşlarynyň derwezesine 63 pökgi geçiren «Altyn asyr» öz derwezesine 35 pökgi goýbertdi.

Deňlik 15, galanlary näçekä? Hawa, Kubok ýaryşyny bu ýyllykça jemlän HTTU geçiren duşuşyklarynyň 15-sinde deňlik hasap bilen oýnady. Umuman, HTTU Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 52 duşuşyk geçirip, şolaryň 19-synda ýeňiş gazandy, 18-sinde ýeňildi. Pökgi gatnaşyklary bolsa 71 — 65 — HTTU-nyň peýdasyna.

 

«Energetik» 2 — 2 «Şagadam» (Iki duşuşygyň netijesi boýunça 2:3)

Gollar:

0:1, Hydyr Ýakubow

1:1, Kerim Hojaberdiýew

1:2, Azat Garajaýew

2:2, Kerim Hojaberdiýew

 

«Energetik» ýaryşdan çykdy, ýöne: Türkmenistanyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan topar üçin gowy netije görkezen «Energetik» çärýek finaldan soň, Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de iň pökgi geçiren topar — 8 gol.

8 goluň 6-sy: Toparyň Kubok ýaryşynda geçiren gollarynyň 6-syna öz adyna ýazdyran Kerim Hojaberdiýew häzirlikçe bu ýaryşyň iň netijeli hüjümçisi. Kerim 6 duşuşykda 6 gol geçirdi. Onuň iň ýakyn bäsdeşi «Köpetdagdan» Hojalgurban Öwezowyň bolsa 3 goly bar. Kubok ýaryşyna çärýek finaldan gatnaşyp başlan toparlardan hiç bir oýunçy hem iki duşuşykda 3 gezek tapawutlanyp bilmedi.

Geçiren duşuşyklarynyň deň ýarynda ýeňiş gazandy: «Energetik» Türkmenistanyň Kubogyna gatnaşýan ilkinji ýylynda 6 duşuşyk geçirip ýetişdi we ýeňşiň, ýeňlişiň, deňligiň her haýsyndan «dadyp gördi». Topar 3 duşuşykda ýeňiş gazandy, 2-sinde ýeňildi, 1 duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy. Pökgi gatnaşygy 8 — 5 — «Energetigiň» peýdasyna.

 

«Aşgabat» 0 — 1 «Hazyna» (Iki duşuşygyň netijesi boýunça 2:3)

Gollar:    

0:1, Güýçmyrat Annagulyýew

 

«Hazyna» möwsümiň ýeňşini gazandy: Ýokary liga ilkinji gezek, Kubok ýaryşyna-da ikinji gezek gatnaşýan ýylyňda ýarym finala çenli baryp bilmek her bir topara başardýan sepgit däl. Ýokary ligada 8-nji orunda barýanam bolsa, Kubok ýaryşynda ýarym finala çykmak bilen «Hazyna» möwsümiň iň uly ýeňşini gazandy diýip bolar.

«Aşgabat» «Hazynany» ýeňip bilenok: Şu ýyl Ýokary ligada-da, Kubok ýaryşynda-da «Aşgabat» «Hazynadan» asgyn gelýär. Gaýtam topar «Hazyna» bilen geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde ýeňildi. Şolaryň hem 2-si «Aşgabadyň» öz meýdanynda geçirilen duşuşykdyr.

Ine, gowy netije: Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda jemi 4 duşuşyk geçiren «Hazyna» şolaryň 3-sinde ýeňiş gazanyp, diňe birinde ýeňildi.

Kubok ýaryşynyň şowsuz topary: Ýokary ligada gowy oýunlary görkezmegi başarýan hem bolsa, «Aşgabat» Kubok ýaryşlarynyň şowsuz toparlarynyň biri. Ol Kubok ugrundaky ýaryşda 27 duşuşyk geçirip, şolaryň diňe 10-synad ýeňiş gazandy, 13 gezek bolsa ýeňildi, 3 duşuşyk deňlikde tamamlandy.

 

Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de:

25-e ýetip barýar: Çärýek final duşuşyklaryndan soň tapawutlanan futbolçylaryň sany 24-e çykdy.

16 duşuşykda: Şu ýylky ýaryşda geçirilen 16 duşuşykda derwezelere 35 pökgi girdi.

Ýarym finalda: Kubok ýaryşynyň ýarym finalynda «Altyn asyr» bilen «Balkan», «Hazyna» bilen «Şagadam» duşuşar. Ýarym final duşuşyklary 24-nji hem-de 31-nji oktýabrda geçiriler.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru