Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 24-nji tapgyr, käbir sanlar, maglumatlar

0
5135

«Ahal» — HTTU

Tapgyryň ilkinji duşuşygy, belki, onuň iň esasy oýny däldir. Ýöne şu duşuşygyň netijesiniň ýaryş tertibiniň ýagdaýy bilen baglydygyny turuwbaşdan aýtmak ýerlikli bolar. Çünki ýer eýeleri ikinji, HTTU bolsa 6-njy orun üçin göreş alyp barýar. Utulyş «Ahalyň» üçünji orna ymykly düşmegine, HTTU-nyň bolsa 7-nji orna aşak gaçmagyna sebäp bolup biler.

Ýaryş tertibinden çen tutsaň, duşuşykda artykmaçlyk «Ahalyň» tarapynda ýaly görünse-de, iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen ilkinji duşuşygyň (şol duşuşykda hem «Ahal» ýer eýesidi) HTTU-nyň garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazanandygyny ýatdan çykarmaly däl. HTTU ikinji aýlawda öz meýdanynda hem bir pökgi tapawudy bilen ýeňildi. Jemi 5 golly duşuşykda HTTU «Ahalyň» derwezesine 2 pökgi girizmegi başarypdy.

«Ahal» bilen HTTU-nyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklarda Alymyrat Annadurdyýew («Ahal») bilen Nurýagdy Muhammedow (HTTU) iki gezek tapawutlanan futbolçylardyr.

Eger HTTU şu duşuşykda öz derwezesine ýekeje pökgi goýbertse, myhmançylykda 20 we ondan gol geçirden 4-nji topar bolar.

 

«Hazyna» — «Daşoguz»

Geçen tapgyrda «Şagadamdan» öz meýdanynda 2:3 hasabynda ýeňlip, Kubok ýaryşynyň çärýek finalynda-da «Aşgabady» edil şol hasap bilen ýeňen «ykdysadyýetçilere» bu gezek ýeňiş gazanmaga mümkinçilik bar. Öz meýdanynda, öz janköýerleriniň arasynda ajaýyp oýun görkezmegi başarýan «Hazyna» birinji aýlawda hem demirgazykdan gelen myhmanlaryny 4 gol bilen sylaglapdy. Geçen möwsümiň iň netijeli hüjümçileriniň biri, bu möwsümde bolsa biraz Guwanç Abylowyň kölegesinde galan Didar Durdyýew şol duşuşykda 3 gezek tapawutlanypdy.

Ýaryş tertibi «Daşoguzyň» şu möwsümde ýekeje ýeňiş gazanandygyny görkezýär. Ol ýeňşi-de haýsy topardan gazanandygy ýadyňyzdadyr-la! Elbetde, «Hazynany» ýeňipdi. Ikinji aýlawda. Şonuň üçin bu günki duşuşykda «Hazyna» juda bir arkaýynlaşmaga sebäp ýok. Üstesine-de «Hazyna» ýaryş tertibiniň 6-njy orny üçin dalaş edýän 3 toparyň biri.

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Didar Durdyýew şu ýyl geçirilen «Hazyna» — «Daşoguz» duşuşyklarynyň iň netijeli futbolçysy. Onuň 3 pökgüsi bar.

 

«Energetik» — «Aşgabat»

Geçen tapgyrda myhmançylykda «Balkandan» uly hasap bilen ýeňlen «energetikçiler» bu gezek «Aşgabadyň» myhmany. Olar enteg-ä «paýtagtlylary» ýeňip görenok. Hatda birinji aýlawda öz meýdanynda geçirilen duşuşykda-da asgyn geldiler. Toparyň iň netijeli futbolçysy Kerim Hojaberdiýew birinji ýarymyň ahyrynda hasaby deňläpdem welin, 71-nji minutda Berdi Şamyradow «Aşgabady» ýene-de öňe geçirip, ýeňşe sebäp bolupdy.

«Energetik» «Aşgabat» bilen ikinji aýlawda geçiren duşuşygynda has şowsuz çykyş etdi. Öz derwezesine 4 pökgi goýberden «energetikçiler» Begenç ýazberdiýewiň ýeketäk goly bilen jogap berip bilipdiler. Ýöne ol ýeterlik däl ahyryn!

Garaz, ýene-de «Energetik» «Aşgabady» kabul edýär. Topar, belki, bu gezek seresaplyk bilen oýnar. Her näme-de bolsa «Aşgabady» ýeňmek aňsat däl. Ýöne «Energetigiň» öz meýdanynda HTTU-ny ýeňip, «Ahaldyr» «Balkan» bilen hem deňe-deň oýnandygyny ýatdan çykarmalyň!

Şu ýylky «Energetik» — «Aşgabat» duşuşyklarynyň iň netijeli futbolçysy Berdi Şamyradow. Ol yzda galan iki duşuşykda «Energetigiň» derwezesinden 3 pökgi geçirdi. Berdiniň topardaşy Ruslan Kurbanow bolsa iki duşuşykda 2 gezek tapawutlanmagy başardy.

        

«Altyn asyr» — «Balkan»

Biziň hasaplamalarymyz «Balkanyň» şu möwsümde öz meýdanynda ýekeje gezek ýeňlendigini görkezýär. Ol duşuşykda hem «nebitçiler» «Altyn asyry» kabul edipdiler....

«Altyn asyr» — «Balkan» — tapgyryň duşuşygy. Ýaryş tertibiniň birinji hem-de ikinji orunlarynyň eýeleri duşuşýarlar. Belki, iň ýakyn garşydaşlaryndan 12 utuk öňe saýlanan «Altyn asyr» ýeňläýende-de hiç zat ýitirmän biler, ýöne utulyş ýaryş tertibiniň ikinji orny üçin «Ahal» bilen barlyşyksyz göreş alyp barýan «Balkana» howply.

Iki toparyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň ikisi hem «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlandy. Birinji aýlawda 61-nji minuda çenli deňlik bilen dowam edip gelýän duşuşygyň ykbalyny «Altyn asyrdan» Aelim Nurmyradowyň 11 metrlik jerime urgusy kesgitledi.

Ikinji aýlawdaky gudraty bolsa aklyňa sygdyrmagam kyn. Duşuşygyň 85-nji minudy... 1:0 — «Balkan» öňde! Janköýerler «nebitçileriň» bu gezek ýeňiş gazanjakdygyna ynanyp başladylar... Soň näme boldy?! 85-nji minut, Ahmet Ataýew 1:1, 90-njy minut, ýene Ahmet Ataýew 1:2, 90+7-nji minut Selim Nurmyradow 1:3. Şeýdip, ýene «Altyn asyr» ýeňiş gazandy.

Täsin tarapy Ýokary liganyň häzirlikçe iň netijeli hüjümçileri Myrat Ýagşyýew bilen Süleýman Muhadow bir-biregiň toparyna garşy entek gol geçirip görenok. Belki bu «sylaşyk» şu duşuşykda bozular!.. Ýöne isle Myrat geçirsin, isle Boliýan, isle Serdaraly ýa isle başga biri, tapawudy ýok, eger «Balkan» şu duşuşykda «Altyn asyryň» derwezesine ýekeje gol geçirip bilse, onda topar şu möwsümde myhmançylykda 20 we ondan kän pökgi geçiren 3-nji topar bolar.

 

«Şagadam» — «Merw»

Üçünji aýlawda öz futbolçylarynyň ýalňyşlygy bilen «Altyn asyrdan» ýeňildi diýäýmeseň, enteg-ä şowly çykyş edip gelýän «Şagadam» şu möwsümde «Merw» bilen bolan ilkinji duşuşygynda myhmanlary «öz gurçugy bilen awlapdy». «Merwde» ýetişen, «Merwde» kämilleşen Döwlet Baýramow «kenarlylaryň» şol duşuşykda ymykly ýeňiş gazanmagyna uly goşant goşupdy. Ýöne Döwlet Maryda geçirilen duşuşykda ildeşlerini «sylady», «sesini çykarmady». Futbolyň kadasy bu — gol geçirmeseň, geçirýärler. Hemişe-de soňky minutlarda bir zatlar tapýan Toýly Goçnazarow golsuz tamamlanyp barýan duşuşygyň 88-nji minudynda «Merwi» öňe çykardy. Şol golam duşuşygyň ykbalyny kesgitlemek üçin ýeterlik boldy.

Bu gezek ýene «Şagadam» kabul edýär. Artykmaçlyk ýene «kenarlylaryň» tarapynda ýaly görünýär. Eger biziň bujagaz çaklamamyz dogry çykaýsa, «Merwe» 6-njy orun ugrundaky göreşde ýeňliş garaşýar. Ýöne ýeňiş ýer eýelrine-de juda zerur. Tapgyrda «Energetigiň» myhmany boljak «Aşgabat» «Şagadamdan» bary-ýogy bir utuk yzda.

Eger duşuşyk «Merwiň» ýeňşi bilen tamamlansa, onda bu utulyş «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 270-nji gezek utulyşy bolar. «Şagadam» şu duşuşykda «Merwiň» derwezesine ýekeje gol geçirse, onda topar möwsümde 40 we ondan kän gol geçiren 4-nji topar bolar. «Merw» iň bolmanda bir gol geçirmegi başarsa, onda möwsümde myhmançylykda 10 we ondan kän gol geçiren 8-nji topar bolar.

 

24-nji tapgyryň duşuşyklaryna çenli ýaryş tertibi:

«Altyn asyr» 22/55
«Balkan» 22/43
«Ahal» 22/43
«Şagadam» 22/38
«Aşgabat» 22/37
HTTU 22/27
«Merw» 22/27
«Hazyna» 22/24
«Energetik» 22/12
«Daşoguz» 22/4

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации