Türkmenistanyň Kubogy — 2015: çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

0
623

Umumy hasaplamalar:

18 futbolça 25 pökgi: Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrynda geçirilýän şu ýylky ýaryşda çärýek finalyň ilkinji duşuşyklaryndan soň, derwezelere jemi 25 pökgi girizildi. Olar 18 futbolça degişlidir.

«Daşoguzdan» başga her kim öz paýyny aldy: Şu ýylky Kubok ýaryşynda garşydaş derwezä pökgi girizip görmedik ýeketäk topar «Daşoguzdyr».

 

"Ahal" 3 — 1 "Balkan"

Gollar:

0:1, Aleksandr Boliýan 32’

1:1, Orazmuhammet Işangulyýew 45’

2:1, Altymyrat Annadurdyýew 45+2     

3:1, Altymyrat Annadurdyýew 89’

 

«Ahal»: çärýek finalyň birinji duşuşygyndan soň, kubok ugrundaky ýaryşdan käbir sanlar:

— Türkmenistanyň Kubogynyň soňky eýesi bu ýaryşda jemi 41 duşuşyk geçirdi;

— «Ahal» geçiren duşuşyklarynyň 13-sinde ýeňiş gazandy, 20-sinde utuldy, 8 duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

— «Ahal» Kubok ýaryşlarynda garşydaşlarynyň derwezesine 50 pökgi geçirdi, öz derwezesine bolsa 64 pökgi goýbertdi.

— 2013 we 2014-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Kubogyndaky ilkinji duşuşygynda: «Ahalyň» hüjümçisi Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda geçiren ilkinji duşuşygynda iki gezek tapawutlandy.

Iki ýyldan bäri: «Ahal» Türkmenistanyň Kubogyna soňky iki ýyldan bäri ýeňiş bilen başlaýar. Topar geçen ýyl hem ýaryşa çärýek finaldan goşulyp, ilkinji duşuşykda «Daşoguzdan» 4:0 hasabynda üstün çykypdy.

«Balkan»: çärýek finalyň birinji duşuşygyndan soň, kubok ugrundaky ýaryşdan käbir sanlar:

— Bu duşuşyk «nebitçileriň» Kubok ýaryşlarynda geçirilen 101-nji duşuşygydyr.

— «Balkan» Kubok ugrundaky ýaryşlarda 57 gezek ýeňiş gazandy, 31 gezek utuldy. Toparyň geçiren 13 duşuşygy bolsa deňlik bilen tamamlandy.

— «Balkan» Kubok ýaryşlarynda garşydaşlarynyň derwezesine 197 pökgi geçirdi, öz derwezesine bolsa 116 pökgi goýbertdi.

«Ahal» Kubok ýaryşlarynda garşydaşlarynyň derwezesine 50 pökgi geçirdi, öz derwezesine bolsa 64 pökgi goýbertdi.

— Topar 2003, 2004, 2010 we 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.

Ýene geçen ýylky ýaly: «Balkan» geçen ýylam Kubok ýaryşyna çärýek finaldan gatnaşyp başlapdy. Geçen ýylam ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirip, onda-da ýeňlipdi. Ýöne toparyň geçen ýylda çärýek finaldaky garşydaşy «Aşgabatdy». Ýene bir tapawut: «Balkan» geçen ýyl çärýek finalyň birinji duşuşygynda pökgi geçirip bilmändi, ýöne özi bir gol goýberdipdi. Bu ýyl bolsa derwezesine 3 gol goýberdip, özi bolmanda bir jogap pökgüsini salmagy başardy.

 

HTTU 1 — 3 "Altyn Asyr"

Gollar:

0:1, Süleýman Muhadow 48’

0:2,  Süleýman Muhadow 59’

0:3, Umidjan Astanow 83’ (pen.)

1:3, Nurýagdy Muhammedow 89’

 

HTTU: çärýek finalyň birinji duşuşygyndan soň, kubok ugrundaky ýaryşdan käbir sanlar:

— Şu duşuşyk HTTU-nyň Kubok ýaryşlarynda geçiren 51-nji duşuşygydyr.

— HTTU Türkmenistanyň Kubogynda 19 gezek ýeňiş gazandy, 17 gezek utuldy. Toparyň 15 duşuşygy deňlik bilen tamamlandy.

— Türkmenistanyň Kubogyndaky pökgi gatnaşygy HTTU-nyň peýdasyna: 71 — 64.

— HTTU Türkmenistanyň Kubogyna 2006 we 2011-nji ýyllarda mynasyp boldy.

Ýene...

şol garşydaşlar: HTTU bilen «Altyn asyr» geçen ýyl hem çärýek finalda duşuşypdylar. Bir tapawudy, geçen ýyl birinji duşuşyk «Altyn asyryň» meýdanynda geçipdi.

şowsuz başlangyç: HTTU geçen ýyl hem çärýek finalyň ilkinji duşuşygynda utulypdy.

«Altyn asyr»: çärýek finalyň birinji duşuşygyndan soň, kubok ugrundaky ýaryşdan käbir sanlar:

— Geçen ýyl Kubok ýaryşyny çärýek finalda tamamlan soňky çempion bu ýaryşda jemi 30 gezek ýaşyl meýdana çykdy.

— «Aragatnaşykçylar» Kubok ýaryşynda 14 ýeňiş gazanyp, 6 gezek ýeňildi. Olar 10 duşuşygy deňlik bilen tamamladylar.

— «Altyn asyr» Türkmenistanyň Kubogynda jemi 62 pökgi geçirip, öz derwezesine 35 pökgi goýbertdi.

— «Altyn asyr» Türkmenistanyň Kubogyna 2009-njy ýylda mynasyp boldy.

Ýene başy şowly: «Altyn asyr» bu ýylam Kubok ýaryşyna şowly başlady. Geçen ýylkydan tapawutlykda, bu ýyl toparyň pökgi artykmaçlygy hem uly. Üstesine-de uly artykmaçlyk bilen gazanylan ýeňiş myhmançylykda geçirilen oýunda geldi.

Muhadow — her ýyl bir toparda: Süleýman Muhadow geçen ýyl hem Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ilkinji duşuşygynda tapawutlanmagy başardy. Ýöne geçen ýyl HTTU-nyň, bu ýyl «Altyn asyryň» düzüminde. Has täsin tarapy bolsa Süleýman geçen ýyl hem pökgini duşuşygyň ikinji ýarymynda (54-nji minutda) geçirdi.

 

"Hazyna" 3 — 2 "Aşgabat"

Gollar:

1:0, Guwanç Abylow 5’

2:0, Gurban Annaýew 16’

3:0, Didar Durdyýew 27’

3:1, Ruslan Kurbanow 60’ (pen.)

3:2, Pirmyrat Gazakow 80’

 

«Hazyna»: çärýek finalyň birinji duşuşygyndan soň, kubok ugrundaky ýaryşdan käbir sanlar:

— «Hazyna» Türkmenistanyň Kubogynda bary-ýogy 3 duşuşyk geçirdi. Şolaryň 2-sinde ýeňdi, birinde asgyn geldi.

— Topar Kubok ýaryşlaryna garşydaş derwezelere 6 pökgi geçirip, öz derwezesine-de şonda pökgi goýbertdi.

— «Hazyna» entek Türkmenistanyň futbol Kubogyna mynasyp bolup görenok.

«Aşgabat»: çärýek finalyň birinji duşuşygyndan soň, kubok ugrundaky ýaryşdan käbir sanlar:

— «Aşgabat» bu ýaryşda jemi 26 duşuşyk geçirdi;

— «Aşgabat» geçiren duşuşyklarynyň 10-synda ýeňiş gazandy, 12-sinde utuldy, 4 duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

— «Aşgabat» Kubok ýaryşlarynda garşydaşlarynyň derwezesine 28 pökgi geçirdi, öz derwezesine bolsa 32 pökgi goýbertdi.

— «Aşgabat» entek Türkmenistanyň futbol Kubogyna mynasyp bolup görenok.

Gol bolçulygy: Bu duşuşyk «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-iň» iň köp golly duşuşygy boldy.

Her kime birde: Bäş golly duşuşykda iki gezek tapawutlanyp bilen ýekeje futbolçy hem ýok.

Şu ýylky ýaryşyň ilkinji jerime urgusy: Ruslan Kurbanow «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-iň» ilkinji 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirdi.

Her ýyl bir toparda: Didar Durdyýew bilen Ruslan Kurbanow geçen ýylam çärýek finalyň birinji duşuşygynda tapawutlanypdylar. Ýöne Didar geçen ýyl «Altyn asyryň» düzüminde HTTU-nyň derwezesine pökgi geçiripdi.

 

Bellikler:

 1 — Çärýek finalyň bir duşuşygy 29-njy awgustda geçirilipdi:

"Şagadam" — "Energetik" 1:0 (1:0)

1:0, Hemra Amanmämmedow 53’

2 — Çärýek finalyň jogap duşuşyklary 19-njy sentýabrda geçiriler.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru