Последние новости

Архив новостей

TÝL-2015: 23-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar

0
4186

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

20-den 5-e çenli: 23-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň, diňe şu möwsümde 2 futbolçy 20 we ondan kän, 4 futbolçy 15 we ondan kän, 9 futbolçy 10 we ondan kän, 26 futbolçy 5 we ondan kän gol geçirdi.

Ýaryş tertibine görä ýeňiş/ýeňliş: Tapgyrda ýaryş tertibinde ilkinji 5 orunda barýan toparlaryň ählisi ýeňiş gazandy, şonuň ýaly hem soňky 5-ligiň ählisi ýeňildi.

Kenarlar «daşlaşýar»: Indi birnäçe tapgyrdan bäri öňdebaryjy «Altyn asyr» ikinji orundaky toparlardan 12 utuk öňe saýlandy. Şu tapgyrda bolsa 5-nji we 6-njy orunlardaky toparlaryň arasyndaky tapawut has uzalyp, 10 utuga çenli ýetdi. Mundan soň çempionat 2-nji, 4-nji we 6-njy orunlary eýelemek ugrundaky göreş bilen dowam etse gerek.

Dört möwsümiň golçulary: Şu tapgyrdan soňra soňky dört möwsümde (2012-nji ýyldan bäri) Ýokary ligada 70 we ondan kän gol geçiren 1, 60 we ondan kän gol geçiren 3, 50 we ondan kän gol geçiren 5, 40 we ondan kän gol geçiren 9, 30 we ondan kän gol geçiren 12, 20 we ondan kän gol geçiren 24, 10 we ondan kän gol geçiren 55 futbolçy bar.

Goşalanlar goşa 10-luga ýetdi: Şu tapgyrdan soňra möwsümde bir duşuşykda iki gol geçirip bilen futbolçylaryň sany 20-ä ýetdi.

Tapgyr deňligi söýmedi: Tapgyrda geçirilen duşuşyklaryň biri hem deňlik hasap bilen tamamlanmady.

21 gol: Tapgyrda derwezelere 21 pökgi girdi. Bu bolsa şu möwsümde ikinji orundaky derejedir. 21-nji tapgyrda derwezelere 22 pökgi giripdi.

Penaltysyz 21 gol: 5 oýunda geçirilen şunça goluň ýekejesi hem 11 metrlik jerime urgusyndan däldir.

 

"Aşgabat" 3 - 1 "Daşoguz"

Gollar:

1-0, Berdi Şamyradow 4'

2-0, Berdi Şamyradow 7'

2-1, Hamza Alamow 22'

3-1, Berdi Şamyradow 61'.

Alamow möwsüme «girişdi»: «Daşoguzyň» düzümine üçünji aýlawda goşulan weteran hüjümçi Hamza Alamow şu möwsümde Ýokary ligadaky ilkinji pökgüsini geçirdi.

Şamyradow geçmişini ýatladýar: Şu duşuşykda möwsümdäki ilkinji het-trigini amala aşyran Berdi Şamyradow janköýerlerine bir mahalky ezberligini ýene bir ýola ýatlatdy.

«Aşgabadam» goşuldy: Şu tapgyrda derwezesine geçirden ýekeje golundan soň, «Aşgabat» şu möwsümde 20 we ondan kän gol geçirden toparlaryň sanawyna 9-njy bolup goşuldy. Indi 20 gol geçirtmedik ýeketäk topar «Altyn asyrdyr».

Şamyradow «Daşoguzy» söýýär: Muny halypa hüjümçiniň «Daşoguz» bilen geçirilen 3 duşuşykda 5 gezek tapawutlanmagy hem görkezýär.

 

"Hazyna" 2 - 3 "Şagadam"

Gollar:

0-1, Hemra Amanmämmedow 8'

0-2, Hydyr Ýakubow 10'

1-2, Guwanç Abylow 63'

2-2, Berdimyrat Rejebow

2-3, Azat Garajaýew

Rejebowyň ilkinji ädimi: Üçünji aýlawdan başlap, «Hazynanyň» düzüminde çykyş edip başlan  Berdimyrat Rejebow şu möwsümde ilkinji pökgüsini derwezeden geçirdi.

Goragçy hüjümçiler bilen deňe-deň: «Şagadamyň» ýaşy 30-dan agsa-da mynasyp oýun görkezýän goragçysy Azat Garajaýew şu möwsümdäki 5-nji goluny geçirdi. Goragçynyň gollarynyň sany indi Toýly Goçnazarow, Tirkiş Muhammetberdiýew ýaly hüjümçileriňki bilen deň.

Abylowdan täze sepgit: Şu tapgyrdaky goly bilen Guwanç Abylow 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada 40-njy goluny geçirdi. Tejribeli ýarym goragçy şol ýyldan bäri Ýokary ligada 40 we ondan kän gol geçiren futbolçylaryň sanawyna  9-njy bolup goşuldy.

Üstünlik entegem «Hazynada»: Möwsümde geçirilen 3 duşuşygyň netijesi boýunça «Hazyna» 6 — 5 «Şagadam».

Abylow «Şagadamy» boş goýberenok: «Hazynanyň» tejribeli ýarym goragçysy şu möwsümde «Şagadam» bilen geçirilen 3 duşuşykda hem tapawutlanan ýeketäk futbolçydyr.

 

"Merw" 0 - 1 "Ahal"

Gol:

0-1, Orazmuhammet Işangulyýew 38'

Diňe duşuşykda ýeketäk däl: «Ahaldan» Orazmuhammet Işangulyýewiň dürs ýerine ýetiren urgusy diňe bir duşuşykdaky ýeketäk gol däl. Bu pökgi biziň hasaplamalarymyza ady ilkinji gezek goşulýan Orazmuhammediň hem şu möwsümdäki ýeketäk goludyr.

Ýene şol tapawut: «Ahal» şu möwsümde «Merwiň» meýdanynda geçirilen 2 oýunda hem bir gol tapawudy bilen ýeňiş gazandy.

Umumy üstünlik «Ahalda»: Möwsümdäki 3 duşuşykdan soň «Merw» 3 — 5 «Ahal».

Titow — iň gowusy: «Ahalyň» ýaş hüjümçisi Mihail Titowyň şu möwsümde geçirilen «Merw» — «Ahal» duşuşyklarynda 2 goly bar.

 

HTTU 2 - 5 "Altyn asyr"

Gollar:

1-0, Döwletgeldi Marlyýew 19'

2-0, Pirmyrat Sultanow 21'

2-1, Süleýman Muhadow 28'

2-2, Ahmet Ataýew 30'

2-3, Umidjan Astanow 44'

2-3, Umidjan Astanow 87'

2-5, Süleýman Muhadow 90+3.

Iki gol üçin 2 minut ýeterlik: Duşuşykda iki toparyň hem ilkinji iki goly haýran edijidir. HTTU üçin hem, «Altyn asyr» üçin hem ilkinji iki goly geçirmek üçin iki minut ýeterlik boldy.

Ýokary ligada 340-njy oýun: Şu tapgyrda HTTU Ýokary ligadaky 340-njy duşuşygyny geçirdi.

«Altyn asyryň» täze sepgidi: Şu tapgyrda HTTU-nyň derwezesine 5 gol geçiren «Altyn asyr» futbol topary şu möwsümde 50 we ondan kän gol geçiren toparlaryň sanawyna ikinji bolup goşuldy.

Derwezelerde 7 gol: Bu duşuşyk möwsümdäki iň köp golly duşuşyklaryň sanawynda 3-nji orny eýeleýär. Ýöne duuşyk bu orny 10-njy tapgyrdaky «Şagadam» — «Daşoguz» duşuşygy bilen paýlaşmaly boldy. Ýadyňyzda bolsa, şol duşuşyk hem edil şu hasapda «Şagadamyň» ýeňşi bilen tamamlanypdy.

«Altyn asyr» myhmançylykda iň gowusy: Şu tapgyrda HTTU-nyň derwezesine geçiren 5 goly bilen «aragatnaşykçylar» möwsümde myhmançylykda iň köp gol geçiren topar boldy. «Altyn asyryň» diňe myhmançylykda geçiren gollarynyň sany 25-e deň. Bu sanawyň ikinji ornundaky «Şagadamyň» bolsa myhmançylykda 23 goly bar.

Diňe bu-da däl: Şu tapgyrda «Altyn asyr» myhmançylykdaky 10-njy ýeňşini gazandy. Möwsümde entek bu derejä ýeten topar ýok.

Döwletgeldi umytly başlady: HTTU-nyň düzümine üçünji aýlawda goşulan Döwletgeldi Marlyýew duşuşykda möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Ýene bir 10-lukçy: Duşuşykda HTTU-nyň ikinji golunyň awtory Pirmyrat Sultanow şu möwsümde 10 we ondan kän gol geçiren futbolçylaryň sanawyna dokuzynjy bolup goşuldy.

Sultanowyň ikinji ýubileýi: Şu gol Pirmyrat Sultanowyň 2012-nji ýyldan bäri Ýokary ligada derwezelere salan 30-njy goludyr. Ol 4 möwsümden bäri 30 gollularyň sanawyna 12-njilik bolup goşuldy.

Muhadow ikinji 10-lugy ikinji bolup doldurdy: Duşuşykda iki gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow şu möwsümde 20 we ondan kän gol geçiren ikinji futbolçy boldy. Bu ýaryşyň başyny 22 gol bilen «Balkandan» Myrat Ýagşyýew çekýär.

Ýedinji gezek dubl: Möwsümiň «dublçysy» Süleýman Muhadow bu üstünligini ýedinji gezek gaýtalady.

Umytjanam goşalady: Umytjan Astanow möwsümde ilkinji gezek bir duşuşykda 2 gol geçirdi.

Muhadow: 3 oýunda 4 gol: Süleýman Muhadow HTTU bilen geçirilen 3 duşuşykda 4 gezek tapawutlandy.

 

"Balkan" 4 - 0 "Energetik"

Gollar:

1-0, Myrat Ýagşyýew 15'

2-0, Aleksandr Boliýan 20'

3-0, Aleksandr Boliýan 55'

4-0, Myrat Ýagşyýew 90'.

Boliýan şeýdäýýär: Diňe şu möwsüme degişli 90 futbolçydan ybarat bolan iň netijeli oýunçylaryň sanawynda Ýokary liganyň şu möwsüminde geçiren bary-ýogy 4 duşuşygynda 26-njy ýere çenli beýgelen Aleksandr Boliýan 5-nji goluny geçirdi.

Boliýanyň ilkinji dubly: Şu möwsümde ýokary ligada 4 duşuşyk geçiren A.Boliýan ilkinji dublyny amala aşyrdy.

Myrat Ýagşyýew tükelledi: Şu wagta bir duşuşykda 3, 4, 5 gezek tapawutlanan hem bolsa, Myrat Ýagşyýewiň dublly tamamlanan duşuşygy ýokdy (diňe şu möwsüm göz öňünde tutulýar). Şu tapgyrda şol arzyly dubly amala aşyran Myrat Ýagşyýewe indi bir oýunda 6 gezek tapawutlanyp, rekordy täzeläýmek galýar.

Derwezä diwar örmeli: Ýogsam, «Energetigiň» şu möwsümde derwezesine geçirden gollarynyň sany 50-den geçdi.

Dört şowly ädim: «Nebitçiler» bassyr dördünji duşuşygynda ýeňiş gazandylar.

3 oýunda 5 gol: Ýokary liganyň häzirlikçe iň netijeli hüjümçisi Myrat Ýaşgşyýew «Energetik» bilen bolan 3 duşuşykda jemi 5 gezek tapawutlandy.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации